Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

London Moskwada içalyçylykda aýyplanan Wilanyň ykbalyna çuňňur alada bildirýär


Pol Wilan (çepde) bilen Maria Butinanyň ýanaşyk goýlan suratlary
Pol Wilan (çepde) bilen Maria Butinanyň ýanaşyk goýlan suratlary

Moskwa amerikan hem britan raýaty Pol Wilany (Paul Whelan) içalyçylyk aýyplamalarynda aýyplap tussag edeninden soň, britan häkimiýetleri Orsýeti “diplomatiki küşt oýnuny “oýnamak meselesinde seresaplylyga çagyrdy.

"Biz adamlaryň diplomatiki küşt oýnunda ulanylmagy bilen ylalaşmaýarys... Biziň ählimiz onuň özi we maşgalasy barada örän alada edýäris,” diýip, Britaniýanyň daşary işler sekretary Jeremy Hant (Hunt) 4-nji ýanwarda BBC bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy 31-nji dekabrda Pol Wilany, ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň ozalky esgerini, hamala Moskwada içalyçylyk bilen meşgullanmakda aýyplap, tussag etdi.

Onuň tussag edilmegi Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklaryň bir topar mesele üstünde, şol sanda Orsýstiň Sirýadaky we Ukrainadaky uruşlarda oýnaýan roly, onuň Birleşen Ştatlardaky we beýleki ýerlerdäki saýlawlara gatyşmasy diýilýänler, Birtaniýada iki tarapa işlän agentiň zäherlenmegi bilen bagly dartgynlaşan wagtyna gabat geldi.

"Biz Pol Wilan babatda örän alada galýarys, biz konsullyk ýardamyny teklip etdik” diýip, Hant aýtdy. “Bu işiň başyny ABŞ çekýär, sebäbi ol hem britan, hem ABŞ raýaty” diýiň, daşary işler sekretary sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowanyň maglumatyna görä, britan resmileri Wilan bilen konsullyk gatnaşygy üçin ýüz tutdylar.

“Interfax” habar agentligi rus häkimiýetleriniň 3-nji ýanwarda Wilana garşy resmi aýyp bildirendiklerini aýdýar.

Wilanyň aklawçysy Wladimir Žerebenkow bu aýyplamalar hakynda hiç zat diýmedi, emma onuň tussag edilen şertlerinde azyndan 28-nji fewrala çenli Moskwadaky deslapky tussaghanada saklanmagynyň mümkindigini belledi.

Žerebenkow 3-nji ýanwarda iki aýlyk tussagda saklamagyň deregine, öz müşderisiniň girew astynda azatlyga goýberilmegini sorady.

ABŞ-nyň Döwlet departamaneti Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki ilçisi Jon Hantsmanyň (Huntsman) 2-nji ýanwarda Moskwadaky tussaghana Wilany görmäge barandygyny we onuň maşgalasy bilen telefonda gürleşendigini aýtdy.

Wilanyň maşgalasy onuň içaly bolandygyny ret etdi we Moskwa toýa gelendigini nygtady. Şeýle-de, maşgalasy Wilanyň sesini soňky gezek 28-nji dekabrda eşidendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleriniň ozalky agzasy bolan Wilan Miçigan ştatynda ýaşaýar we BorgWagnerde, Birleşen Ştatlarda ýerleşýän awtomobil şaýlaryny we böleklerini öndürýän zawodda global howpsuzlyk direktory bolup işleýär.

Wilan orsýetli Marina Butina ABŞ sudunda Kreml üçin agent bolup hereket edendigini boýun alanyndan birnäçe hepde soň tussag edildi.

Kreml Butinanyň rus agenti bolandygyny ret etdi we onuň azat edilmegini gazanmak maksady bilen sosial-media kampaniýasyny gurnady.

Orsýet, beýleki ýurtlar bilen söwdalaşmak maksady bilen, mundan öňki ýyllardahem daşary ýurtlulary tussag edipdi.

XS
SM
MD
LG