Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“MTS-Türkmenistan” işläp başlaýar


MTS-iň işi togtadylmanka onuň ýurt boýunça 38 sany hyzmat ediş ofisi işleýärdi, 500-den gowrak dileri bardy.
MTS-iň işi togtadylmanka onuň ýurt boýunça 38 sany hyzmat ediş ofisi işleýärdi, 500-den gowrak dileri bardy.
20-nji awgustda ýurduň merkezi gazetleri “Türkmenistan” we ”Neýtralnyý Turkmenistan” gazetlerinde “MTS-Türkmenistan” hojalyk jemgyýetiniň ýurduň çäginde mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürläp başlaýandygy barada bildiriş çap edildi. Bildirişden çen tutlsa, ilkibaşda MTS kompaniýasynyň ozal müşderileri bolan adamlaryň SIM-kartlary herekete giriziljege meňzeýär.

Häzir MTS kompaniýasynyň hyzmat ediş ofisleri hem ýok diýen ýaly. Ýogsa, MTS-iň işi togtadylmanka onuň ýurt boýunça 38 sany hyzmat ediş ofisi işleýärdi, 500-den gowrak dileri bardy. Olar MTS-iň ekspres töleg kartlaryny satmak we pin-kodlary girizmek bilen hasaby doldurmak hyzmatlaryny amala aşyryp goşmaça gazanç edýärdiler.

Ýaňadan işläp başlajak MTS kompaniýasynyň täze müşderileriniň az bolmajagyny çaklasa bolar. Çünki bu kompaniýanyň işläp başlamagyna garaşan türkmenistanlylar az däl. Ýakyn wagtda MTS-iň müşderileri boljak türkmenistanlylary häzir bu kompaniýanyň hyzmatlarynyň bahalarynyň nähili boljakdygy gyzyklandyrýar.

2010-njy ýylyň ahyrynda işi togtadylan MTS kompaniýasynyň şol wagt öýjükli aragatnaşygynyň hili ýurt boýunça ýokary diýlip hasaplanýardy. Bu kompaniýanyň şol wagt berýän maglumatlaryna görä, MTS kompaniýasynyň hyzmat ediş gerimi Türkmenistanyň ilat ýaşaýan ýeriniň 80%-den gowragyny öz içine alýardy. 2010-njy ýylyň noýabrynda bolsa 3G tehnologiýasy arkaly hyzmatlaryny hödürläp başlapdy.

Bäsdeşlik

30-njy awgustda işläp başlajak MTS kompaniýasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň hiliniň nähili boljakdygy baradaky sowal hem türkmenistanlylary gyzyklandyrman duranok. “MTS-iň mobil aragatnaşygynyň hili häzirki monopolist “Altyn Asyryňkydan” gowudy. Elbetde, bu şertli deňeşdirme. Sebäbi MTS kompaniýasynyň argatnaşygynyň hili hem, daşary ýurtlaryň käbirlerindäki bilen deňeşdireniňde, o diýen ýokary däldi. Sebäbi, konkurensiýa ýokdy” diýip, aşgabatly internet ulanyjy Ahmet aýdýar.

MTS kompaniýasynyň işläp başlamagyna diňe bir ilat köpçüligi däl, eýsem “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy hem taýýarlyk görýär. Soňky bir aýyň içinde “Altyn Asyr” öýjükli kärhanasy birnäçe täze tarifleri girizdi. Şolaryň arasynda “Çäksiz jaňlar”, “Amatly” ýaly tarif planlaryny agzap geçse bolar. Şeýle-de, ”Altyn Asyr” goşmaça birnäçe hyzmatlary hem ýola goýdy.

Altyn Asyryň işindäki şu özgerişlerden çen tutup, MTS kompaniýasy işläp başlanyndan soň türkmen mobil aragatnaşyk bazarynda bu iki prowaýderiň arasynda güýçli konkurensiýanyň emele geljekdigini aýdýan ildeşlerimiz hem bar. Olaryň biri hem aşgabatly 35 ýaşly Azat.

“Elbetde, konkurensiýa gowy zat. Konkurensiýa prowaýderleri ýokary hilli elýeter hyzmatlary hödürlemäge mejbur edýär. Olaryň müşderilerine bolsa hyzmatlardan islänini saýlamaga mümkinçilik berýär” diýip, Azat aýdýar.

“MTS-Türkmenistan” hojalyk jemgyýeti häzire çenli ýurtda nähili hyzmatlary hem-de şol hyzmatlaryň bahalarynyň näderejede boljakdygy barada entäk giňişleýin habar ýaýradanok. Emma 21-nji awgustda merkezi gazetlerde çap edilen täze bildirişde bu kompaniýanyň 1-nji oktýabrdan täze tarif planlaryny hödürläp başlajakdygy hem-de olar baradaky maglumatlaryň “MTS-Türkmenistanyň” websaýtynda we metbugatda çap ediljekdigi barada habar berildi.
XS
SM
MD
LG