Orsýetiň MTS kompaniýasy türkmen hökümetini suda berdi. Bu kompaniýanyň türkmen hökümetini suda bermek boýunça arzasy Inwestision dawalary durnuklaşdyrmak boýunça halkara merkezinde 5-nji oktýabrda hasaba alyndy.
MTS-iň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Ýelena Kohanowskaýa Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:
—Biz, dogrudanam, inwestision talap arzamyz bilen ýüzlendik. Häzirki wagtda biziň arzamyz eýýäm hasaba alyndy. Emma şunuň bilen birlikde biz türkmen tarapy bilen gepleşikleri hem alyp barýarys. Biz mundan ozal alyp baran we yzygiderli häsiýete eýe bolan gepleşiklerimizi dowam etdirýäris. Suda ýüzlenmegimize garamazdan, bu gepleşikleriň belli bir netije berjegine umyt baglaýarys.
Orsýetiň MTS kompaniýasy 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň aragatnaşyk bazarynda mobil hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça 2005-nji ýyldan bäri amala aşyran işini duruzdy. MTS bilen hyzmatdaşlygyny bes eden Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öz kararyny MTS bilen şertnamasynyň möhletiniň dolmagy bilen düşündiripdi.
Çekilen zyýan
MTS-iň resmisi Ýelena Kohanowskaýa halkara sudunyň çykarjak kararynyň kompaniýanyň peýdasyna bolmagynyň mümkinçilikleri barada aýtmakdan saklandy. Ol kompaniýanyň Türkmenistandaky işini duruzmakdan çeken zyýanynyň möçberini hem mälim etmedi:
—Bu sanyň türkmen hökümetine garşy gozgan inwestision talap arzamyzda görkezilenligini aýdyp biljek. Bellemeli zat, kompaniýamyz Türkmenistanda öz işini togtatmagyndan çeken zyýanynyň belli bir bölegini ýylyň dowamyndaky çykdajylarymyzyň hasabyna ýazyp, aradan aýyrdy. Biziň arzamyzda görkezilen zyýanymyzyň möçberi ýörite agentligiň geçiren barlaglary netijesinde kesgitlendi.
Şu ýylyň başynda MTS Türkmenistandan çekilmek bilen 600 million dollar zyýan çekýänligini yglan edipdi. MTS Türkmenistandan çykyp gaýdany bäri ýurtda mobil aragatnaşygynyň hiliniň ýaramazlaşandygy hem habar berilýär. Ýurduň ýaşaýjylary ýeke-täk mobil operatory “Altyn Asyryň” hyzmatlaryndan nägilelik bildirýärler.
Orsýetiň MTS kompaniýasynyň suda ýüzlenmegine türkmen tarapynyň reaksiýasyny Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginden anyklap bolmady. Türkmenistanyň habar serişdelerinde-de bu tema agzalmaýar.
2010-njy ýylyň dekabr aýynda MTS bilen tükmen hökümetiniň arasynda dawa tutaşaly bäri türkmen metbugaty diňe Daşary işler ministrliginiň bu temadan ýaýradan resmi beýannamasyny çap etmek bilen oňdy.