Lebap welaýatynyň Dänew, Çärjew, Farap etraplarynda we merkezi Türkmenabat şäherinde kerpijiň bahasy 300% çemesi ýokarlandy. Mundan bir aý öň her müň kerpiç üçin 100 manat soralan bolsa, häzir bu 400 manada çenli ýokarlandy.
“Geçen aýyň başlarynda [her müň] kerpijiň bahasy 100 manatdan 120 manada galdy. Soňky hepdeleriň dowamynda bolsa, ol birden 400 manada çenli ýokarlandy. Bu ýagdaýa diňe meniň ýaşaýan Dänew etrabymda däl, eýse welaýatyň beýleki sebitlerinde hem duş gelse bolýar” diýip, 30 ýaşlaryndaky Zakir (ady üýtgedilen – red.) Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Zakir ozalky ýyllarda-da, adatça, gyş möwsüminiň golaýlamagy bilen kerpijiň bahasynyň 20-30 manat töwereginde gymmatlandygyny, emma bu derejä çenli hiç haçan ýetmändigini aýtdy.
“Men Türkiýede 3 ýyl işläp geldim we birneme pul edindim. Şu gyşa çenli jaý galdyrmagy niýet edinip, ahyrsoňy gurluşyga girişdim. Häzir jaýy tamamlamak üçin 50 müň töweregi kerpiç gerek bolup dur. Emma, häzirki nyrhlar güýç ýeterden has ýokary. Gurluşygy ýarpy ýolunda bes etmeli boldum.” diýip, işsizlikden hem kösenýändigini aýdýan Zakir belledi.
Onuň sözlerine görä, welaýat boýunça kerpijiň nyrhlarynyň ýokarlanmagy sebäpli başga-da ýüzlerçe hojalyk gurluşyklaryny togtatmaly bolupdyrlar; käbir maşgalalar bolsa, has irki ýyllarda bolşy ýaly, kerpijiň ornuna laý ulanyp başlapdyrlar.
Bu aralykda, Lebapdaky hususy kerpiç zawodlarynyň jogapkär işgärleri, gazyň doly tölegli hasaba geçýändigi sebäpli, bahalary alaçsyz galdyrmaly bolandyklaryny aýdýarlar.
“Bizde başga ýol galmady. Eger-de, kerpijiň bahasyny galdyrmasak, biz öz zyýanymyza işlemeli bolýarys. Söwdanyň hem ozalkysy ýaly bolmajakdygyna düşünýäris. Biz bärde öz günämizi görmeýäris. Bu hökümet gazy tölegli hasaba geçirýär. Biz diňe öňünden gaçyp, işlerimizi dowam etdirjek bolýarys” diýip, Farab etrabyndaky kerpiç zawodlarynyň biriniň atlandyrylmasyzlygyny soran bir jogapkär işgäri aýtdy.
Ýatlatsak, şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň prezidenti, ilatyň durmuş şertleriniň gowulanandygyny aýdyp, ilata 25 ýylyň dowamynda mugt berlen gazy, suwy we togy doly tölegli etmek kararyny yglan edipdi.
Galyberse-de, Lebapda kerpiç bilen birlikde, beýleki gurluşyk harytlarynyň bahalary hem ýokarlanmagyny dowam etdirýär.
Geçen aý Türkmenistanyň Senagat ministrligine degişli “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän käbir dükanlarynda sementiň tapdyrmaýandygy barada maglumatlar gowuşypdy.
Gurluşyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagyny ýurduň beýleki künjeklerinde-de, hususanda Daşoguzda hem synlasa bolýar.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, gurluşyk harytlarynyň gymmatlamagy, ýurtda beýleki serişdeleriň, şol sanda azyk harytlarynyň bahalarynyň hem yzygiderli ýokarlanýan döwrüne gabat geldi. Türkmenistan häzir agyr ykdysady kynçylygy başdan geçirýär.
Degişli resmiler ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde öňe sürülýän maglumatlary tassyklap, ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler.