Türkmenistanda dermanlaryň gymmatlamagy dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň döwlet dermanhanalaryndaky bahalary öwrenip, olary 2018-nji ýylyň başyndaky nyrhlar bilen deňeşdirdi.
Onuň sözlerine görä, ýylyň başyndan bäri dermanlar azyndan iki esse gymmatlapdyr.
"Ýanwar we oktýabr aýlarynyň aralygynda Aşgabadyň döwlet dermanhanalaryndaky bahalar duýarlykly gymmatlady. Meselem, ampuladaky 'Kawinton' dermanynyň bahasy 65-den 113 manada çenli galdy. 'Nistatin' 6 manatdan 12 manada ýetdi, 'Pirasetam' 3-den 12 manada çenli gymmatlady" diýip, habarçymyz aýtdy we "C" witamininiň dörtden gezekden aşa gymmatlandygyny belledi.
Derman gymmatçylygy sanjym dermanlaryna has duýarlykly derejede täsir ýetirdi. Habarçymyzyň sözlerine görä, sanjym üçin käbir dermanlar 3-4 esse gymmatlapdyr.
"Meselem, beýniniň işleýşini gowulandyrýan 'Winposetin' dermany 45 manat boldy, öň ol 9-10 manada durýardy. ATF dermany 14 manatdan 46 manada ýetdi. "Sifalizin" dermanyň bir çüýşesi üç esse gymmatlap 9 manada ýetdi. sanjym üçin suwuklygyň 250 millilitri 3.6 manatdan 10 manada ýetdi. Bu satuw kwitansiýalarda görkezilen nyrhlar" diýip, habarçymyz aýtdy.
Habarçymyz Aşgabadyň döwlet dermanhanalarynda bolçulygyň öňem göz ilmändigini, emma indi dermanlaryň görnüşleriniň has azalandygyny belledi. Döwlet dermanhanalaryna garanda hususy dermanhanalarynda has köp derman satylýar, emma bahalary esli ýokary.
Şu ýylyň bahar we tomus aýlarynda ýurduň hususy dermanhanalarynda bahalaryň birnäçe esse ýokarlanandygy habar berlipdi.
"Adamlar daşary ýurtlara gidenlerinde, bu ýerde örän gymmat ýa-da asla satylmaýan dermanlary getirmäge çalyşýarlar. Gümrükçileriň berýän ilkinji sowaly 'derman alyp barýarsyňyzmy?' diýlip, berilýär. Olar ähli zatdan bahana gözleýärler, hatda dermanlaryň bir bölegini ümsüm özlerine alyp bilýärler. Meniň tanyşlarymyň getiren "Korwalol" dermanlarynyň ýarysyny alyp galdylar. Närazy bolsaň ählisini alyp galýarlar" diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly zenan aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary dermanlaryň gymmatlamagy bilen ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň gowşandygyny we munuň bilen bir wagtda "gara bazaryň dörändigini we möhleti geçen dermanlaryň söwdasynyň möwjändigini habar berýärler.
Sentýabr aýynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary, hususan-da Daşoguzda möhleti geçen dermanlaryň söwdasynyň giň ýaýradandygyny habar beripdi.
Türkmenistanly synçylaryň pikirine görä, bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli köpler olary satyn alyp bilmeýär, netijede dermanhanalarda möhleti geçen dermanlar köpelýär.
"Häzir derman serişdeleriniň tas 90% ýurduň daşyndan getirilýär we olar örän gymmat bolýar. Geçmän galan dermanlary olary getirýänlere yzyna gaýtaryp bolmaýar" diýip, Azatlygyň söhbetdeşleriniň biri belledi, onuň sözlerine görä, satylýan möhleti geçen dermanlaryň arasynda esasan gymmatbaha önümler, şol sanda gan damarynyň içinden ulanylýan dermanlar göze ilýär.
Türkmenistanda dermanlaryň gymmatlamagynyň we gytalmagynyň fonunda ýurduň häkimiýetleri tebiplere garşy yzygiderli göreş alyp barýarlar, şeýle-de, ilata derman hökmünde çaý içmegi maslahat berýärler.
Golaýda Saglyk ministrligi milli metbugatda çap eden bildirişinde ilata prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň derman ösümlikleri" atly kitabynda "ylmy esasda häsiýetlendirilen" ösümlikleri çaý edip içmegi maslahat berdi.
Hususan-da, it burun, narpyz, çopantelpek, buýan köki ýaly ösümlikleriň peýdasy bellenýär. Türkmen prezidentiniň derman ösümlikleri hakyndaky on tomluk eserinden başga-da çaý barada "Çaý melhem we ylham" atly ýörite kitaby bar.
Şeýle-de, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümeti sagdyn durmuşyň propagandasyny edýär we ilkinji nobatda sport maşklaryna hem-de çilimkeşlige garşy göreşe üns berýär. Ýurduň ilaty köpçülikleýin sport çärelerine yzygiderli çekilýär, saglyk aýlary, tigirli ýörişler we iş orunlarynda gimnastika geçirilýär. Türkmen hökümeti 2025-nji ýyla çenli ýurdy çilimden doly azat etmegi planlaşdyrýar.