Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat bölüminde işleýänleriň hak-hukuklaryndan doly peýdalanyp bilmeýändigi we mundan nägile bolanlaryň köpelýändigi öňe sürülýär. Aýdylşyna görä, munuň sebäbi: parahorluk we garyndaşparazlyk.
Lebap welaýatynyň içeri işler ulgamynyň dürli bölümlerinde wezipeli käbir polisiýa işgärleri Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen bu ugurda howpsuzlyk sebäpli anonim ýagdaýda gürrüňdeş boldy. Olar, polisiýa işgärleriniň arasynda ýokardan edilýän basyşlara, parahorluga we garyndaşparazlyga garşy barha möwjeýän nägileligiň olaryň işini taşlamagyna çenli baryp ýetýändigini aýdýar.
Owal polisiýa edarasynyň jenaýat we gözleg agtaryş bölüminde işlän, käbir düşünişmezlikler sebäpli olara nägilelik bildirip, işini taşlandygyny aýdan 45 ýaşyndaky bir polisiýa işgäri, kanunalaýyk işlenmegine köplenç welaýat prokuraturanyň we milli howpsuzluk gullugynyň resmileriniň basyş edip päsgelçilik döredýändigini öňe sürýär.
“Käbir jenaýatlaryň üsti açylan mahaly olar derrew onuň ýapylmagy üçin basyş edýärler we haýbat atýarlar. Hamana, olaryň öz ilteşigi bar ýaly. Olaryň diýenini edip jenaýat işini ýapmasaň öz wezipäňi taşlamaly bolýarsyň. Meniň özüm hut şeýle sebäpden işimden boşadyldym” diýip, polisiýa işgäri gürrüň berdi.
Häzir welaýat içeri işler gullugynyň hatarynda işläp ýören 42 ýaşyndaky polisiýa işgäri bolsa, köp kärdeşiniň döwletiň özlerine berýän dynç alyş, umumy ýaşaýyş jaýy ýaly haklaryndan peýdalandyrylmaýandygyny bildirýär.
"Iň bärkisi ýyllyk dynç alyş hakymyz 28 gün gün bolsa, bize şol 3-4 gün kemeldilip berilýär. Dynç alyşda mahalyň, adatdan daşary diýilmejek ýönekeýje bir waka bolsa derrew yzyňa çagyrýarlar. Meselem, birden welaýata prezident gelýän bolsa mejbury ýagdaýda bir hepde ýa-da 10-15 gün owaldan wezipä çagyrylyp, onuň haky tölenmeýär. Döwlet tarapyndan işleýän ýeriňde berilýän umumy ýaşaýyş jaýyndan peýdalanjak bolsaň, öz adyňa ýa-da maşga agzalaryň adyna ýazga alynan mal-emläk bolmaly däl. Ýöne hiç hili maly-emlägi bolmaýan polisiýa işgärlerine hem 3-4 ýyllap nobatda durandygyna garamazdan, umumy ýaşaýyş jaýynyň berilmeýän pursadyna köp duş gelinýär. Polisiýa edarasynyň ýolbaşçylarynyň köpüsi hem öz jaýlaryny kireýine berip, içeri işler ministrligine degişli umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýarlar. Birden umumy ýaşaýyş jaýynda orun tapylsa, şonuň üçin owaly bilen 150 dollar para bermeli. Umumy ýaşaýyş jaýlarynyň aýlyk tölegi bolsa 180 manat” diýip, polisiýa işgäri sözleriniň üstüni şeýle ýetirýär:
“Jaý satyn almak üçin nobata ýazylanlara ýylda 3-4 sany jaý boşaýar. Sebäbi polisiýa işgärleriniň işleýän ýerleri 4-5 ýyldan kada görä üýtgäp durýar. Emma polisiýa işgärlerine berilmeli jaýlar emeldarlaryň dogan-garyndaşlaryna ýa-da tanyşlaryna berilýär. Ondan soň olar jaýlary kireýine berýärler. Jaý satyn almak isleýänleriň nobatyna ýazylmak üçin 500 dollar para bermeli. Şeýlelik-de, ýönekeý polisiýa işgärleri döwletiň özüne berýän hemaýatlaryndan hiç hili peýdalanyp bilenok” diýip, polisiýa işgäri gürrüň berdi.
Ýeri gelende bellemeli bolsa, köçede garawulçylyk edýän ýönekeý polisiýa işgäriniň aýlygy 1700-1800 manat, “uçastkowoý” diýilýän ýörite bellenen ýerlere seredýänleriň aýlygy 2000 manat. Derňewçiler 2200-2300 manat aýlyk alýarlar. Oba ýerlerinden şäher, şäherçe we etrap merkezlerine geçýänleriň aýlygy 200-300 manat ýokarlanýar. Welaýat merkezinde işleýänleriň aýlygy eýeleýän wezipesine görä 5000 manata baryp ýetýär.
Sözi jemlesek, Lebap welaýatynda polisiýa işgärleriniň nägilelik bildirýän ýagdaýlary barada degişli resmileriň garaýşyny öwrenmek Azatlyk Radiosyna başartmady.