Halkara walýuta fondunyň “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş perspektiwalary” atly soňky ýaýradan hasabatynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 2019-njy ýylda 5.6 % bolar diýip çak edilýär. Bu görkeziji 2018-nji ýylda 6.2 göterime barabar bolupdy.
Bu maglumat bilen ilteşikli TDH-nyň aýrybaşga habarynda, 1 – 5-nji oktýabr aralygynda Halkara walýuta fondunyň işçi toparynyň Aşgabada sapar edendigi habar berilýär.
Resmi metbugata görä, bütindünýä pul gaznasynyň resmileri türkmen ykdysadyýetiniň häzirki depginini “durnukly” häsiýetlendirip, golaýda ýatyrylan ýeňillikleri döwlet serişdelerini tygşytlamakda oňyn ädim hökmünde makullapdyr.
Şu ýylyň 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynda Türkmenistanda elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň we duzuň ýeňillikli üpjünçiligi ýatyryldy. Ýeňillikleriň ýatyrylmagy 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
Gaznanyň wekilleri saparyň netijeleri barada guramanyň websahypasynda heniz resmi beýanat ýaýratmady.
Türkmenistanda şu wagta çenli jemi içerki önümiň iň ýokary derejesi 2011-nji ýylda hasaba alnyp, şonda ýurduň ykdysady ösüş depgini 14.7 prosente barabar bolupdy. Onýyllygyň başynda uglewodorod önümleriniň, ýangyjyň we Türkmenistanyň daşary ýurtlara eksport edýän beýleki çig mal serişdeleriniň global bazarlardaky bahasy gymmatlapdy.
Türkmen ykdysadyýeti esasan ýurduň ýangyç-energetika pudagyna bil baglaýar.
Türkmenistan iri halkara energiýa eksportynda häzirki wagtda ýeke-täk müşderi hökmünde Hytaýa garaşly galýar.
Halkara walýuta fondunyň soňky hasabatyna görä, ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgini onýyllygyň başyndan häzirki güne çenli yzygiderli haýallapdyr. Şeýle-de, halkara hasabatyň sahypalarynda bu görkezijiniň 2023-nji ýylda 5.7 prosente barabar boljakdygy çak edilýär.
Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň pese gaçmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň gowşaýandygyny alamatlandyrýar; sebäbi, ykdysatçylaryň aýtmagyna görä, jemi içerki önümiň göwrümini görkezýän sanlar ýurtlaryň ykdysady ösüş depginini ölçemekde ulanylýar.
Synçylar Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky ýaly guramalaryň Türkmenistan babatda çap edýän statistiki maglumatlaryny türkmen hökümetiniň berýän statistiki görkezijileri esasynda taýýarlaýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistan soňky ýyllarda ýiti ykdysady ysgynsyzlygy başdan geçirip gelýär. Bu ýagdaýy belli bir derejede Halkara walýuta fondunyň çap eden sanlaryndan hem görmek bolýar.
2014-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini goşa sifrli sandan ýeke sifrli sana düşdi. Şonda ýurduň ykdysady ösüş depgini 10.4 göterim diýlip hasaba alnan bolsa, soňky dört ýylyň dowamynda ýurduň jemi içerki önüminiň göwrümi 6.5 göterimden aňry aşyp bilmedi.
Şeýle sanlaryň fonunda 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň merkezi banky bir dollaryň manada bolan resmi gatnaşygyna üýtgeşiklik girizdi. 2009-njy ýylda türkmen manadynyň denominirlenmegi bilen 2.85 manat diýlip kesgitlenen 1 amerikan dollarynyň bahasy 2015-nji ýyldan başlap 3.50 manat möçberinde kesgitlenildi. 2015-nji ýylda ýurtda benziniň bahasy 60 % gymmatladyldy.
Şondan bäri Türkmenistanda manadyň walýuta bolan gatnaşygyny resmi derejede durnukly saklap gelýär. Soňky bir ýylyň dowamynda häkimiýetler ýurtda walýuta söwdasyna goşmaça gözegçilik çärelerini girizdi. Munuň bilen baglylykda, ýurduň içinde walýutanyň gara bazary döredi. Häzirki wagtda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky bahasy 20 manat töwereklerinde saklanyp galýar.
Ykdysadyýeti esasan ýangyç-energetika pudagyna garaşly Türkmenistan 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Orsýet, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýran bilen aradaky gaz söwdasyny togtatmaga mejbur boldy.
Dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri we habarçylary ilatyň agyr şertlerde ýaşaýandygyny, bazarlarda esasy iýmit önümleriniň, şol sanda unuň, çöregiň, towuk etiniň we şuňa meňzeş beýleki harytlaryň gytçylygynyň we gymmatçylygynyň ýiti duýulýandygyny habar berýärler.
Resmi maglumatlara görä ýurduň bugdaý harmanyna 1 milliondan gowrak galla hasylynyň tabşyrylandygy aýdylýan Türkmenistanda soňky bir aýyň dowamynda un gytçylygy barada yzygiderli maglumatlar peýda boldy.
Azatlyk Radiosyna 4-nji oktýabrda gelip gowşan wideoda ýurduň demirgazygynda ýerleşýän etraplaryň birindäki un, çörek satylýan dükanyň öňünde dörän ýüzlerçe adamlyk nobat görkezilýär. Ondan ozal sentýabryň ortasynda Azatlyga gelip gowşan başga bir wideoda çörek nobatyna garaşýan adamlaryň dükanyň jogapkär işgärine bildirýän nägileligi görkezilýär.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri we ýokary wezipeli türkmen resmileri gowşaýan ykdysadyýetiň alamatlaryny tassyklamaýar.