TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji oktýabrda karara gol çekip, ýurtda bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrdy.
Bu karara gol çekilmegi ýurtda pagta möwsüminiň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.
Ýöne resminamada täze bahalaryň 2019-njy ýylyň hasylyna degişlidigi bellenilýär.
Galyberse-de, pagtanyň we bugdaýyň nyrhlarynyň ýokarlandyrylýandygy barada resmi karar kabul edilýändigine garamazdan, ýurduň hökümeti onuň jikme-jikligi barada, iň azyndan bahalaryň näçe prosent ýokarlandyrylýandygy hakynda Türkmenistanyň kärendeçi daýhanlaryna maglumat bermeýär.
Azatlygyň ýurt içindäki çeşmesi daýhanlaryň arasynda pagtanyň döwlet tarapyndan kesgitlenen täze nyrhlary boýunça anyk sanlaryň aýdylýandygyny habar berdi. Çeşme pagtanyň 1 tonnasynyň täze nyrhy barada takyk sanlar bilen maglumat berdi. Ol pagtanyň 1 tonnasynyň döwlet satyn alyş nyrhynyň 1 müň 400 manat, bugdaýyň döwlet satyn alyş bahasynyň 30 % ýokarlandyryljakdygy barada gürrüň edilýändigini habar berdi. Ýöne Azatlyk bu maglumatlary ikinji çeşmä tassykladyp bilmeýär. Resmiler hem täze nyrhlar boýunça anyk sanlar bilen çykyş etmeýär.
Azatlyk bilen atlandyrylmazlyk şertinde söhbetdeş bolan ikinji çeşmämiz, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylýandygy barada kararyň kabul edilmegi bilen, il arasynda unuň we tekstil önümleriniň döwlet nyrhlarynyň hem üstümizdäki aýlarda ýokarlanýandygy barada habarlaryň ýaýraýandygyny aýtdy.
Häzirki wagtda döwlet pagtanyň 1 tonnasy üçin kärendeçilere 1 müň 100 manat, bugdaýyň 1 tonnasyna 400 manat töleg töleýär.
Ýatladyp geçsek, 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň 1-nji mejlisinde prezident Berdimuhamedow ýurduň oba-hojalyk pudagy bilen bagly täze teklipleri hödürledi.
Hödürlenen 10 maddalyk teklibiň hatarynda, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, kärendeçilere bölünip berlen ýerleriň 70 prosentine gowaça we bugdaý ekilmegi, galan 30 prosentine beýleki oba-hojalyk ekinleriň ekilmegi, “düşewüntsiz daýhanlar birleşikleriň” ekerançylyk ýerlerini ellerinden alyp, olaryň has öndürijilikli işlejekdigi aýdylýan öndürijilere 99 ýyl möhlet bilen berilmegi ýaly meseleleri gozgady.
Prezident geçen ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýurduň obasenagat ulgamynda alnyp barylýan işler bilen bagly öz nägileligini beýan etdi.
Şol bir wagtyň özünde ol ýurtda kärendeçi daýhanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini, olaryň tohum, dökün, tehnika we beýleki zerurlyklar bilen doly üpjün edilýändigini öňe sürýär. Ýurt baştutany geçirilýän maslahatlarda hökümetiň ýurtda azyk howpsuzlygyny döretmek barada tagalla edýändigini aýdýar.
Ýöne Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ençeme ýerli ýaşaýjy azyk ýetmezçiliginden, aýratyn-da un, çörek, ösümlik ýagy, şeker, towuk eti we beýleki gündelik harytlaryň gytçylygyndan şikaýat edýärler. 4-nji oktýabrda Azatlyga gelip gowşan täze wideoda un we çörek satyn almak üçin ýurduň demirgazygynda ýerleşýän etraplaryň birindäki döwlet dükanynyň öňünde garaşýan ýüzlerçe adamlyk nobat görkezilýär.
Ýerli ýaşaýjylar nobatlara güýç gulluklarynyň gözegçilik edip başlandygyny gürrüň berýärler.
Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýär.
Ýöne hökümet resmileri, şol sanda döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar serişdeleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklardan söz açmaýar.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty käbir halkara guramalaryň Türkmenistanda gazanyldy diýilýän ykdysady ösüşleri ykrar edýändigini öňe sürýär.
Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugy, düýn 7-nji oktýabrda çap eden maglumatynda ýaňy-ýakynda Türkmenistana sapar eden Halkara walýuta fondunyň işçi toparynyň ýurduň ykdysadyýetindäki ösüşleri ykrar edýändigini öňe sürdi.
Halkara pul gaznasynyň işçi topary 1-nji oktýabr – 5-nji oktýabr aralygynda Türkmenistana sapar etdi.
Fondyň işçi topary saparyň netijeleri barada heniz resmi beýanat ýaýratmady.