Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýük ulaglaryň türkmen serhedinden geçip bilmezligi Täjigistanyň alýuminiý önümçiligine täsir ýetirýär


Täjigistanyň alýuminiý öndüriji TALKO kärhanasy, Tursunzade şäheri
Täjigistanyň alýuminiý öndüriji TALKO kärhanasy, Tursunzade şäheri

Türkmenistanyň serhet geçelgelerinde Täjigistanyň alýuminiý öndüriji TALKO döwlet kärhanasynyň ýüklerini daşaýan ulaglar geçip bilmän galýar.

29-njy sentýabrda Täjigistanyň transport kompaniýasyndaky çeşmäniň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, bir aýa golaý wagt bäri TALKO atly döwlet kärhanasy öz ýüklerini Türkmenistanyň territoriýasyndan geçirmek mümkinçiliginden doly mahrum bolupdyr.

Häzirki wagtda TALKO kompaniýasynyň ýolbaşçylary öz önümleriniň eksporty we alýuminiý önümçiligi üçin zerur çig-malyň importy üçin alternatiw ýollaryň gözleginde hereket edýärler.

"Maňa mälim bolşuna görä, TALKO Azerbaýjandan Täjigistana boksiti Gazagystanyň Hazar deňzindäki portlarynyň birinden geçirmek boýunça gepleşik geçirýär" diýip, çeşme aýtdy.

Boksit aluminiý önümçiligi üçin esasy magdan we möhüm senagat serişdesi hasaplanýar.

Şeýle-de, TALKO öz önümçiligi üçin Türkmenistanyň özünden nebit koksyny satyn alýar.

"Täjigistanyň alýuminiý kompaniýasy" atly döwlet kärhanasynyň özünde bu dörän ýagdaýy häzirlikçe kommentirlemeýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de GDA guramasynyň ýollar boýunça hökümetara geňeşiniň müdirliginiň başlygy Buri Karimowyň 29-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, Türkmenistanyň serhetlerinde ýük ulaglaryň geçip bilmän galmagyna degişli mesele ýakyn günlerde Daşkentde geçirilen konferensiýada gozgalypdyr. Onuň sözlerine görä, bu problema barada Täjigistanyň we Türkiýäniň wekilleri çykyş edipdir.

Buri Karimow
Buri Karimow

Bu konferensiýanyň yzýany Türkmenistanyň häkimiýetleri Täjigistana ýük alyp barýan türkiýeli ulaglaryň serhetden geçmegine rugsat beripdir, emma Täjigistanyň transport kompaniýalarynyň eýeçiligindäki ulaglar serhet geçelgelerinde heniz saklanyp galýarlar.

Mundan öň Täjigistanyň Transport ministrligi ýük ulaglaryň sürüjilerine alternatiw marşrutlardan peýdalanmagy maslahat berip, başda Bakuwa baryp, soň Hazar deňziniň üstünden Gazagystanyň Aktaudaky portyna we yzýany Gazagystanyň hem Özbegistanyň territoriýasyndan geçip, Täjigistana aşmagy maslahat beripdi.

Transport ministrligindäki çeşme Täjigistanyň hökümetiniň Azerbaýjandan öz ýükleriniň tranziti üçin salgytlary peseltmegi sorandygyny mälim etdi.

Türkmen serhetçileri awgust aýynyň aýagyndan bäri Täjigistanyň ýük daşaýjylarynyň ulaglaryny öz territoriýasyna salmaýarlar. Türkmen-eýran serhedinden geçip bilmän galýan ýük ulaglaryň sürüjileri özleriniň Türkmenistanyň giňişligine goýberilmezliginiň sebäplerini bilmeýändigini aýdýarlar.

2-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolan iki sany sürüji özleriniň Lýutfabad-Artyk geçelgesinde bir hepdeden gowrak wagt bäri galýandygyny gürrüň berdiler.

"Bize sebäplerini aýtmaýarlar. Biz Türkiýeden ýük daşaýarys - bu ýurtdan ýolumyz Eýrany kesip geçýär, soň Türkmenistany, ol ýerden bolsa Özbegistanyň üstünden Täjigistana aşýarys" diýip, sürüjileriň biri aýtdy.

Türkmen-özbek serhedindäki geçelge
Türkmen-özbek serhedindäki geçelge

Azatlyk Radiosyna jaň eden sürüjiler türkmen-eýran serhedindäki beýleki geçelgelerde-de şuňa meňzeş ýagdaýyň dowam edýändigini aýtdylar. "Sarahs serhet geçelgesinde Täjigistanyň Türkiýeden satyn alan ýolagçy awtobuslary hem dur. Olary hem geçirmediler" diýip, sürüjileriň biri aýtdy.

Yzýany resmi Aşgabat Türkmenistanyň üstünden tranzit bilen Täjigistana barýan ýük ulaglaryň howpsuzlyk sebäpli türkmen serhedinde saklanýandygyny aýtdy. Bu barada türkmen tarapynyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligine ugradan resmi hatynda aýdylýar. Bu düşündirişiň nämäni aňladýandygyny henize çenli nämälim galýar.

XS
SM
MD
LG