Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň öňünden mekdepleri bezemek, dabara-şowhun üçin okuwçylardan we mugallymlardan pul ýygnalýar. Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen aşgabatly mugallymlar her ýyl özleriniň iki aýyň aýlygyna barabar pullarynyň şeýle çärelere gidýändigini aýdýarlar.
Bu maglumaty Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy hem tassyk etdi. Onuň sözlerine görä, welaýatyň mekdepleriniň tas ählisinde, birinji klasdan 11-nji klasa çenli aralykdaky okuwçylaryň ählisinden “köýen lampalary çalşyrmak, döwlen şkaflary we partlary abatlamak üçin” pul ýygnalýar.
Okuwçylardan we mugallymlardan pul ýygnamak kampaniýasy Aşgabatda şu hepdäniň başynda başlandy.
“Bu pullar mekdepleri garaşsyzlyk güni mynasybetli bezemek, toý-şowhun, baýramçylyk alamatyny berýän şarlary, reňki suratlary we başga zatlary asmak, aýdym-saz çykyşlaryny gurnamak üçin ýygnalýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly mugallym Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Aýdylmagyna görä, mekdeplerde baýramçylyk günlerinde konsert programmalaryny taýýarlamak, toý-şowhun görnüşini güýçlendirmek üçin ýörite ses gataldyjy enjamlar prokata alynýar.
“Bu çäreler üçin häzir okuwçy başyna 5 manatdan, mugallym başyna 15 manatdan pul ýygnalýar, bu pullar mekdebiň müdirine ýa müdiriň orunbasaryn berilýär we soň olara dabara-şowhun üçin zerur bolan zatlar satyn alynýar” diýip, aşgabatly mugallym aýtdy.
Ýöne bu aýdylýan sözler bilen ylalaşmaýan mugallymlar hem bar.
Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ikinji mugallym “dabara-şowhun üçin gerekli zatlaryň her ýyl täzeden satyn alynmaýandygyny, ýagny olaryň çäreden soň ýygnalyp, geljek ýyl üçin saklanylýandygyny we birnäçe ýyllap ulanylýandygyny” aýdýar. “Baýramçylyk bezegleri üçin gerek zatlaryň köpüsiniň mekdepde bardygyna we täze bezegleriň satyn alynmýandygyna garamazdan, her ýyl olar üçin täzeden pul ýygnalýar,mundan köp mugallym nägile, emma olar pikirlerini daşyna çykarmakdan gorkýarlar” diýip, Aşgabadyň etegindäki mekdepleriň biriniň mugallymy aýtdy.
Şeýle-de ol mugallymlaryň baýramçylyk günlerinde öýlerinde, çagalarynyň arasynda bolman, mekdepde nobatçylyk çekmäge mejbur edilmeklerinden nägile bolýandyklaryny sözüne goşdy.
Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysynyň maglumatyna görä,her mekdepde ortaça 500-den 1000 töweregi lampa, 50 töweregi köçe yşyklandyryjy “prožektor” satyn alyp, garaşsyzlyk baýramyna çenli mekdebiň içindäki we daşyndaky çyralaryň ählisiniň ýanmalydygy barada welaýat resmileri tarapyndan berkgörkezme berildi.
“Mundan öňki ýyllarda lampalary mekdepleriň tehniki işgärleri öz pullaryna satyn alýardy, emma indi lampalar we prožektorlar ençeme esse gymmatlady, şu sebäpden welaýat resmileri hem tehniki işgärlerden, hem okuwçylardan pul ýygnamagy tabşyrdy” diýip,Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen bilim resmisi aýtdy.
Daşoguzdaky mekdeplerde lampa üçin ýygnalýan pullaryň möçberi dürli-dürli bolup, mekdepde okaýan okuwçylaryň sany köp bolsa, okuwçylardan ýygnalýan pullaryň möçberiniň peselýändigi, mekdepde okuwçy sany az bolsa, puluň möçberiniň ýokary galýandygy aýdylýar.
“Bazarda köçe ýagtyldyjy prožektorlaryň iň arzany 200 manatdan başlanýar, içerki lampalar 30 manatdan” diýip, Daşoguz şäheriniň 1-nji mekdebiniň işgäri (ady redaksiýada bar) Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
“Boldumsaz etrabynyň 10, 16, 21, 31, 35-nji mekdeplerinde işleýän işgärler, bu mekdeplerde okaýan okuwçylaryň ene-atalary hem bu maglumaty tassyklady, meniň öz ýaşaýan ýerimiň töweregindäki mekdeplerde hem okuwçylardan mekdep abatlamak çäreleri üçin pul ýygnalýar” diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi aýtdy.
Şeýle-de ol welaýatyň mekdeplerinde birinji klas okuwçylaryna wada berlen netbuklaryň heniz hem berilmändigini sözüne goşdy.
Mekdep we baýramçylyk üçin pul ýygnamak kampaniýasy ýurtda durmuşyň barha gymmatlaýan, aýlyga ýaşaýan raýatlaryň darygýan wagtynda geçirilýär.