Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň portretini ‘depelän okuwçylar jezalandyryldy’


Türkmen prezidentiniň portretini tigirde göterip barýan bir oglan. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Türkmen prezidentiniň portretini tigirde göterip barýan bir oglan. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Daşoguzda mekdep okuwçylarynyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretini depeläninden soňra tussag edilendigi baradaky maglumatlaryň fonunda, sebitde howpsuzlyk gulluklary hojalyklara aýlanyp, Berdimuhamedowyň suraty ýerleşdirilen gazetleriň hajathana kagyzy hökmünde ulanylyp-ulanylmaýandygyny barlap başladylar.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz ençeme çeşmesiniň tassyklamagyna görä, geçen ýylyň aýagynda ýurduň demirgazyk welaýatynda, iň azyndan iki ýagdaýda, ençeme okuwçy prezident Berdimuhamedowyň portretini ‘zaýalandygy’ sebäpli, tussag astyna alnypdyr.

Welaýatyň merkezi Daşoguz şäheriniň 45-nji mekdebinde okuwçylar klasda oýnan mahaly, prezident Berdimuhamedowyň portretini gaçyryp, ony depeläpdirler. Boldumsaz etrabynyň 4-nji mekdebinde bolsa, okuwçylar prezidentiň portretine flamasterler bilen Berdimuhamedowyň ýüzüne murt we sakgal çekipdirler.

Azatlyk Radiosynyň bir çeşmesi 10-a golaý okuwçynyň polisiýa edarasyna äkidilip, soňy bilen olara “tertip-düzgüni bozmak”, “ýakalaşmak”, “mekdep emlägini zaýalamak” aýyplamalarynyň bildirilip, okuwçylaryň ençemesiniň türme tussaglygyna hem höküm edilendigini aýtdy.

“Okuwçylary ýörite Aşgabatdan gelip sud etdiler. Olaryň iň azyndan dördüsine 3-5 ýyl aralygynda türme tussaglygy berildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlardan habarly çemesi gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty häzirlikçe beýleki çeşmelerine tassykladyp bilmedi.

Şol bir wagtda, Daşogzuň resmileri we agzalan mekdepleriň wekilleri beýan edilenleri ne tassykladylar, ne-de inkär etdiler, umuman, degişli emeldarlar Azatlyk Radiosyna nähilidir bir maglumat bermekden ýüz öwürdiler.

Mundanam başga, Daşogzyň Görogly etrabyndaky mekdepleriň biriniň direktorynyň hajathanasyndan prezidentiň suraty ýerleşdirilen gazetler tapylandan soň, ol eýeleýän wezipesinden boşadylyp, munuň yzy bilen sebitdäki hojalyklaryň hajathanalary hem duýdansyz barlanyp başlandy.

“Mekdep direktoryny ‘wezipe borçlaryny başarmaýar’ diýen aýyplama bilen işinden boşatdylar. Mundan soň, howpsuzlyk gulluklary býujet işgärleriniň hojalyk öýlerine duýdansyz girip, olaryň hajathanalaryny barlap başladylar. Eger-de ol ýerde prezidentiň suraty ýerleşdirilen gazetler tapylaýsa, onda öý eýelerine garşy çäre görülýär. Men 10-a golaý döwlet işgäriniň şu sebäpli wezipesinden boşadylandygyny bilýärin” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky bir çeşmesi gürrüň berdi.

Şeýle-de, Daşogzyň etraplaryndaky bilim edaralary mugallymlary ýygnap, abuna ýazylan gazetlerinden “Arkadagyň” suratlaryny kesip, ýörite alboma ýerleşdirmeklerini talap edip başlapdyrlar. Emeldarlar bu albomlaryň ýylyň ahyrynda barlanjakdygyny hem duýdurypdyrlar.

Galyberse-de, prezidentiň portreti bilen baglylykda jezalandyrylan okuwçylaryň ýagdaýynda hem bolşy ýaly, sebitiň degişli resmileri bu mesele boýunça-da nähilidir bir maglumat bermekden saklandylar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistanda prezidentiň portretleri adatça her ýyl saýlanyp alnan täze şygar esasynda täzelenýär.

Bu ýyly türkmenistanlylar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky kitaplarynyň biriniň ady – “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygary astynda geçirýär.

Şygarlaryň täzelenmegi ýurtda alnyp barylýan döwlet propagandasynyň çäginde, aýdaly, durmuşyň täzelenmegi we adamlaryň ýyl-ýyldan gowy ýaşamaklary, döwlet baştutanyň ýurtdaky täzelikler we özgerişlikler bilen aýakdaş gitmegi hökmünde düşündirilýär.

Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşen häzirki we öňki resmileriň birnäçesiniň düşündirmegine görä, bu ýurtda emele gelen durgunlykdan we ýagdaýyň umytsyzlygyndan ünsi sowmak, şonuň bilen bir wagtda hökümetiň adamlaryň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda hakykatdan hem alada edýändigini görkezmek ýa-da şeýle pikir döretmek üçin edilýär.

XS
SM
MD
LG