Daşoguz welaýatynyň un zawodyna degişli çörek dükanlarynyň öňündäki çörek nobatlary, görnüşinden, adatdan daşary “tolgunyşykly” häsiýete eýe bolup başlady. Anna güni Azatlyk şeýle dükanlaryň öňünde bolan “çörek galmagaly” barada habar beripdi. Bu gün şuňa meňzeş nobatlaryň birinde düşürilen wideo ýazgy gelip gowuşdy. Wideo şenbe güni, 15-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň un zawodyna degişli çörek dükanlarynyň biriniň öňünde düşürildi. Ony Azatlygyň Türkmenistandaky anonim çeşmeleriniň biri wakanyň çörek nobatynda bolandygyny aýdyp redaksiýa ýollady.
Görnüşinden, wideoda azyk dükanynyň öňünde nobata garaşýan adamlaryň hataryndan bir adam dükanyň jogapkär işgäridigi aňylýan bir zenan maşgala nägilelik bildirýär.
Wideoda nobata garaşýan bir erkek adam bilen dükanyň jogapkär işgäriniň arasyndaky söhbetdeşlik görkezilýär.
Görnüşinden, adamlar azyk haryt satylýan dükanyň öňünde nobata garaşýar. Ýöne dükanyň jogapkär işgäri garaşýanlaryň azyk satyn almak boýunça edýän talaplaryny kanagatlandyryp bilmeýän çemeli. Nobata garaşýan bir adam bu ýagdaýa igenýär.
Wideodan mälim bolşuna görä, ol dükanyň jogapkär işgäriniň adamlaryň haryt talaplaryny kanagatlandyrmazdan näme sebäpden köpçüligiň öňünde durandygy bilen kinaýaly gyzyklanýar. Dükanyň işgäri kinaýaly ýüzlenmä, görnüşinden, kinaýa bilen jogap berýär – özüni sergi eksponatyna deňeýär.
Soňra ol adam dükanyň başlygy bilen duşuşmaga isleg bildirýär. Dükanyň işgäri başlygyň günortanlyk edinmäge gidendigini aýdýar. Olaryň arasynda şeýle dialog bolup geçýär:
Erkek adam: “Sen ‘wystawka’ (sergi – Red.) üçin durmyň bärde?”
Zenan maşgala: “Hawa ‘wystawkada’ durun”
Erkek adam: Bar onda, başlygyňy çagyr şutaýa?
Zenan maşgala: Başlygym ýok. Obeda gitdi.
Dialogyň mazmunyndan çen tutulsa, ýygnanan jemende günortanlykdan geçip, nobata garaşýar; öz gezeginde, dükanyň başlygy bolsa, görnüşinden, günortanlyk edinmäge gidipdir.
Nobata duran adamlar dükanyň başlygynyň gelerine garaşýar, ýöne, görnüşinden, başlyk geler ýerde gelmedik çemeli.
Soňra nägilelik bildirýän adam, başlygyň günortanlyk naharyny taşlap ýygnanlar bilen duşuşmagyny talap edýär, hem-de dükanyň işgäriniň gürrüňdeşlik äheňini tankyt edýär, oňa halkyň öňünde durandygyny ýatladýar.
Öz gezeginde, dükanyň işgäri bolsa, çörek nobatyna garaşýanlaryň hatarynda ýagdaýa igenýän adamyň “özüni görkezip durandygyna” ynanýandygyny mälim edýär, hem-de şondan başga hiç kimiň sesiniň çykmaýandygyna monça bolýan äheňde, beýleki ýygnanan ümsüm jemendäni sesi çykýana mysal görkezýär. Gürrüň şeýle dowam edýär:
Zenan maşgala: Başlygym ýok. Obeda (günortanlyk edinmäge – Red.) gitdi.
Erkek adam: Obedinden gelsin şutaýa. Beýdip gürleme, sen halkyň öňünde dursyň! Bir adam üçin duraňog-a!
Zenan maşgala: Beýdip, özüňi görkezip durma!
Erkek adam: Özümi görkezip duramok men!
Zenan maşgala: Sizden başga...
Dükanyň işgäriniň “Sizden başga...” diýýän ýerinde wideo tamamlanýar.
14-nji sentýabrda Azatlygyň habarçysy Daşoguz welaýatynyň un zawodyna degişli çörek dükanynyň öňünde dörän nobatda bolan ýakalaşyk barada habar beripdi.
Onuň sözlerine görä, çörek nobatynda garaşýan adamlar birek-biregi paýyş sözler bilen kemsidip, “Il ýaşulysy” adyny alan dört sany gartaşan ýaşulynyň çöregi binobat satyn almak synanyşygyny yza serpikdirdi.
Habarçynyň aýtmagyna görä, ýygnananlar aksakgallary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklara “sebäpkär bolmakda” aýyplady.
Welaýatda dowam edýän soňky un ýetmezçiligi ýurduň bugdaý meýdanlaryndan galla hasylynyň ýygnalmagynyň yzýanyna gabat gelýär.
Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär.
Ýurduň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media serişdeleri dowam edýän krizisi asla agzamaýar, tersine azyk bolçulygynyň dowam edýändigini nygtaýar.
Döwlet resmileri ykdysady kynçylyklary tassyklamaýar.