Türkmenistanda "Amul-Hazar" rallisiniň jemleri jemlendi, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Ginnesiň güwänamasy gowşuryldy.
Türkmen telewideniýesi 15-nji sentýabrda prezident Berdimuhamedowyň “Awazadaky” sport merkezine gelip, dürli maşklary ýerine ýetirendigini we “Amul-Hazar”awtorallisiniň jemleniş dabaralaryna gatnaşandygyny habar berdi.
Adat bolşy ýaly, döwlet baştutany “Arkadaga şöhrat” diýen şygara gyrygýan mähellä ýüzlenip, “Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde dünýäde giňden tanalýandygyny” nygtady we ýaryşa gatnaşyjylaryň “öz başarnyklaryny görkezip, bu ýoly ýeňiş bilen tamamlandyklaryny” aýtdy.
“Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň baş direktory Žan-Lui Şlesser öz çykyşynda türkmen toparlarynyň dört dereje boýunça çykyş edip, baýrakly orunlary eýelenädiklerini belledi.
Awtomobil ýaryşynyň jemlenmegine bagyşlanan dabarada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşi hem çykyş etdi. Ol Berdimuhamedowa ýüzlenip, onuň ýene-de bir üstünlik gazanandygyny habar berdi.
“Men bu gün uly hormat bilen yzky aýaklarynyň üstünde 10 metr aralygy iň çalt geçen atyň rekordy bilen hormatly jenap prezidenti we tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Subaşi aýtdy. Soňra ol prezidente onuň Akhan atly atynyň goýan rekordyny resmi taýdan ykrar edýän güwänamany gowşurdy.
Ýaryşda ýeňiji bolanlara baýraklar gowşurylandan soň baýramçylyk konserti boldy.