14-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň un zawodyna degişli çörek dükanynyň öňünde dörän nobatda ýakalaşyk boldy. Çöregiň nobatyna garaşýan adamlar birek-biregi paýyş sözler bilen kemsitdi. Adamlar “Il ýaşulysy” adyny alan käbir gartaşan ýaşulylariň çöregi binobat satyn almak synanyşygyny yza serpikdirdi. Ýygnananlar olary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklara “sebäpkär bolmakda” aýyplady. Bular barada Azatlygyň welaýatdaky habarçysy has giňişleýin maglumat berýär.
“Çörek kösençligi dowam edýär. Şu gün Daşoguz welaýatynyň un zawodyna degişli çörek dükanynyň öňünde çöregiň nobatyna garaşýan adamlar her ele ikiden satylýan çöregi öňürti almak üçin, bir-birini hapa sözler bilen kemsitdiler, ýakalaşdylar” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň maglumatlaryna görä, döwletiň “Il ýaşulysy” ady bilen sylaglan käbir gartaşan aksakgallary çöregi binobat satyn almakçy bolanda nobata garaşýan gazaply jemendäniň “ýiti reaksiýasyna” duçar bolýar.
“Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, dört sany Türkmenistanyň “Il ýaşulysy” çöregi nobatsyz almakçy bolanda adamlar garrylaryň üstüne gygyrdy. Olara: “Siz ýurdy ýykyp, adamlaryň çörege zar bolmagyna sebäp bolduňyz. Siz iliň ýaşulysy däl, siz öz garnyňyzyň ýaşulysy” diýip, olaryň üstüne topulyp, kowup goýberdiler” diýip, Azatlygyň habarçysy wakanyň şaýatlaryna salgylandy.
Azatlyk gürrüňi edilýän ýaşulylaryň anyk şahsyýetini anyklap, olara bu wakany tassykladyp bilmedi.
Synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanda garaşsyzlyk döwründe “Ýaşuly” instituty döwlet dolandyrylyşynda möhüm gural hökmünde ulanyldy.
Ýurduň durmuşyndaky aýratyn ähmiýetli kararlar geçen ýyla çenli “Ýaşulylar maslahaty” atlandyrylýan “halk geňeşinde” “biragyzdan” kabul edilip güýje girizilýärdi. “Ýaşulylar maslahatyna” döwlet emeldarlary bilen bir hatarda halkyň içinden saýlanyp seçilen köplenç ak, ýa-da çal sakgally gartaşan adamlar gatnaşdyrylýardy.
Bu tejribäni garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow teklip edip durmuşa geçiripdi. Onuň döwründe bu geňeşe “Halk Maslahaty” diýilýärdi.
2017-nji ýylyň oktýabr aýynda “Ýaşulylar maslahatynyň” ady täzeden “Halk Maslahaty” diýlip üýtgedildi. Iň soňky geňeşde gazyň, suwuň we toguň mugt üpjünçiligi ýatyryldy.
Daşoguzly habarçy gürrüňe dowam edip, welaýatyň ýiti çörek ýetmezçiliginiň üstüni açdy.
“Halk kösenýär. Un umuman ýok. Halk aç” diýip, habarçy belledi.
Welaýatda dowam edýän soňky un ýetmezçiligi ýurduň bugdaý meýdanlaryndan galla hasylynyň ýygnalmagynyň yzýanyna gabat gelýär.
Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär.
Azatlygyň habarçylary iýun aýynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda çöregiň pasport boýunça satylýandygy barada habar beripdi.
Ýurduň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media serişdeleri dowam edýän krizisi asla agzamaýar, tersine azyk bolçulygynyň dowam edýändigini nygtaýar.
Döwlet resmileri hem ykdysady kynçylyklary tassyklamaýar.
Geçirilýän hökümet maslahatlarynda dürli-dürli sanlar ösüş görkezijileri diýlip halka ýetirilýär. Käbir halkara aň-düşünje guramalarynyň syýasy bilermenleri Türkmenistanyň ýaýradýan resmi görkezijilerine şübheli çemeleşýär.