Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylaryna käýinç paýlady.
Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň maglumatyna görä, 7-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda türkmen prezidenti ilki nebit-gaz pudagynda bolan “ösüş sanlary” we TOPH-yň gurluşygynyň “meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy” baradaky hasabaty diňledi.
“Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnama 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemek baradaky meýilnama 103, 6 göterim, tebigy gazy eksport etmegiň meýilnamasy 101,1 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ...maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 120,4 göterime deň boldy” diýlip, habarda aýdylýar.
Türkmen lideri bu “ösüş sanlaryny” diňläninden soňra nebit-gaz ulgamynyň işindäki – o diýen aýdyňlaşdyrylmaýan – kemçilikler barada gürrüň edip, wise-premýer Myratgeldi Meredowa pudagy mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, nebit we gazhimiýa önümlerini çykarmak boýunça täze önümçilikleri döretmäge “degişli görkezmeleri” berdi.
Resmi mediada bu görkezmeleriň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylman, Berdimuhamedowyň nebit-gaz pudagyna jogap berýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýewe, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýewe, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin diýip, berk käýinç yglan edendigi mälim edildi.
Döwlet baştutany bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmegi, ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işlemegini ýola goýmak boýunça “gysga möhletde anyk çäreleri görmegi” berk talap etdi we hususan-da TOPH taslamasynyň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Berdimuhamedowyň TOPH taslamasynyň gurluşygy barada bu tabşyrygy bermegine edil häzirki pursat nämäniň sebäp bolandygy barada anyk maglumat berilmeýär.
Emma türkmen lideriniň bu tabşyrygy, mundan alty aý gowrak öň düýbi tutulan TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyna heniz hem girişilmeýän mahalyna, şeýle-de Pakistanyň täze premýer-ministriniň özleriniň Eýran bilen has ýakyn energiýa hyzmatdaşlygyna isleglidigi barada çykyş etmeginiň we Hindistanyň gazyň nyrhyna täzeden garalmagyny teklip etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Umumy uzynlygy 1814 kilometr bolan TOPH gaz geçirijisi arkaly ýylda 33 milliard türkmen gazyny akdyrmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagt gazyň eksporty boýunça diňe bir alyja, Hytaýa garaşly bolmagynda galýan Türkmenistan bu taslama ýurduň energiýa eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin möhüm çäre hökmünde seredýär.
Türkmenistan bu gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda girişip, onuň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. Şu ýylyň 23-nji fewralynda geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna girişilýändigi yglan edilip, dört ýurduň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda onuň düýbi tutuldy.
Emma aradan alty aýdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, heniz bu gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna girişilmedi. Geçen hepde, has takygy 5-nji sentýabrda owgan resmileri gaz geçirijiniň gurluşygyna bir aýyň dowamynda girişiljekdigini ýene bir gezek tekrarladylar.
TOPH bilen bagly ýagdaýlary ýakyndan synlaýan ekspertler howpsuzlyk şertlerini nazara alyp, ortaça 800 kilometri Owganystanyň üstünden geçmeli bu proýektiň üstünlikli boljagyna köplenç şübhe bildirýärler.
Mundanam başga, ýakynda Pakistanyň täze saýlanan premýer-ministri Imran Han ýurduň eýran gazyny import etmek işini çaltlandyrjagyny syzdyrdy.
25-nji awgustda Imran Han TOPH taslamasyny göz öňünde tutup: “Bu taslama amala aşyrylan ýagdaýynda-da”, Yslamabadyň Eýrandan energiýa üpjünçiligine zerurlyk duýjakdygyny aýtdy. “Täze hökümet Eýrandan energiýa import etmek üçin elinde baryny gaýgyrmaz” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de, geçen aý Hindistan TOPH bilen baglylykda gazyň bahasyna täzeden garamagy sorady. Hindi häkimiýetleri 2013-nji ýylda TOPH-dan akdyryljak gazyň bahasy boýunça dört ýurduň resmileriniň arasynda gelnen nyrh töleginiň Hindistanyň häzirki wagt gaz öndürijilerinden satyn alýan bahasynyň iki esseden gowragyna barabardygyny mälim etdiler.
Galyberse-de, Türkmenistan umumy bahasy 8-10 milliard amerikan dollary möçberindedigi aýdylýan TOPH proýektiniň 85%-ni öz hasabyna maliýeleşdirjekdigini yglan etdi. Emma häzir agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanyň bu taslamany maliýeleşdirmekde hem kynçylyklara duçar bolýandygy aýdylýar. Soňky üç ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistan ençeme ýurdy TOPH taslamasyna goşulmaga çagyrdy.