Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Amul-Hazara" taýýarlyk sebäpli ýollar baglandy, býujet işgärleri Türkmenabadyň köçelerini ýuwýarlar


Türkmenabat. Arhiw suraty
Türkmenabat. Arhiw suraty

Türkmenistanda geçirilýän mundan öňki köpçülik çärelerinde bolşy ýaly, 9-16-njy sentýabr aralygynda geçirljek “Amul-Hazar” awtorallisine görülýän taýýarlyk işleri hem ýerli ýaşaýajylaryň gündelik durmuşynda bir topar emeli kynçylygyň döremegine sebäp bolýar.

Azatlyk radiosyna anna güni giçlik gelip gowşan maglumata görä, “Amul-Hazar” rallisine görülýän taýýarlyk sebäpli häzir Lebap welaýatynyň paýtagtynda awtomobil hereketi doly diýen ýaly togtadyldy we adamlary mejbury arassaçylyk işlerine çekmek, ýolundan gaýtarmak dowam edýär.

Bu habar döwlet baştutanynyň anna güni hökümet maslahatyny geçirip, beýleki çäreler bilen bir hatarda, "Amul-Hazar 2018" halkara awtorallisini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini bellän wagtyna gabat geldi.

“Şäherdäki býujet işgärleriniň ählisi diýen ýaly ellerine bedre alyp, köçeleriň asfaltlaryny ýörite himiki serişdeler bilen, öýüň poluny ýuwan ýaly, yhlasly ýuwýarlar” diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berdi.

Aýdylmagyna görä, welaýat merkezine golaý ýerlerde hem abadançylyk işleri “doly güýjünde” alnyp barylýar.

“Türkmenabada barýan awtomobilleriň barysy saklanyp, yzyna gaýtarylýar, şähere gatnap işleýän adamlar, keselhanada ýatan näsagyň yzyndan barmak ýa-da saglyk ýagdaýlary sebäpli şähere gitmek zerurlygy çykan raýatlar bu ýagdaýdan örän nägile bolýarlar” diýip, Azatlyk radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Bu ýagdaýyň sebäbi Türkmenabada “Amul-Hazar” rallisi bilen baglylykda ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegi bilen düşündirilýär.

Dilden berlen görkezmä laýyklykda, ýurt içindäki awia gatnawlarynda hem, emeldarlardan beýleki ýönekeý raýatlar babatynda hereket azatlygynyňçäklendirilmegi tabşyryldy diýip, Azatlygyň çeşmesi bilen anonim şertde gürleşen resmi aýtdy. “Adamlara barjak ýa gitjek ýerine ýaryş geçenden soň gitmek maslahat berilýär” diýip, çeşme aýtdy.

Şeýle-de, çeşmäniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we beýleki ýokary derejeli myhmanlaryň geçjek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gowaça meýdanlarynda “gyssagly defelýasiýa işleri geçirilýär”; gögerip oturan gowaçalaryň şahalaryna goşmaça, emeli we ak-patrak bolup açylan gozalar ýelmenýär.

“Daşdan görseň, ak patrak bolup açylan gozalary görüp, gözüň dokunýar. Olar edil tebigy ýaly, “Bäh, bu ýyl pagta gowy bolupdyr” diýeniňi duýman galýarsyň” diýip, şaýatlar gürrüň berýärler.

“Amul-Hazar” rallisi sebäpli Daşoguz-Aşgabat, Aşgabat-Mary-Lebap magistral ýollary şu gün iki tarapdan hem, gatnawyň häli görnüşi üçin ýbapyld” diýip, Azatlygyň çeşmesiniň anna güni iberen maglumatynda aýdylýar.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, “Amaul-Hazar” rallisinde türkmen prezidenti Berdimuhamedowyň hem bäsleşige goşulmagyna garaşylýar. Türkmen telewideniýesi Berdimuhamedowa bu ýaryşa gatnaşmak üçin sowgat berlen sport maşyny, ol maşynyň prezident tarapyndan täzeden gurnalyşy we synag edilişi, ogly Serdar bilen Garagumda türgenleşik geçýän Berdimuhamedowy çägä batan maşynyny “ugurtapyjylyk bilen”, tekerleriniň aşagyna guran ösümlik şahalaryny düşäp çykaryşy, şeýle-de prezidente berlen sürüjilik şahadatnamasy we beýlekiler hakynda ýörite gepleşikler tapgyryny efire berdi.

TDH-nyň habarlarynda yzygiderli nygtalmagyna görä, prezident Berdimuhamedow beýleki dürli talantlarynyň daşyndan häzirki zaman awtomobillerine ussatlarça erk edip bilmegi bilen hem tapawutlanýar we muny birnäçe gezek iş ýüzünde, ýaryşlarda subut etdi.

Şu aralykda türkmen mediasy Aşgabadyň howa menziline Pariž-Aşgabat ugry boýunça uly delegasiýanyň gelendigini habar berdi.

"Olaryň düzüminde “Amul-Hazar 2018” awtorallini bilelikde guraýjy fransuz kompaniýasynyň wekilleri, hatarynda Beýik Britaniýadan, Çehiýa Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan meşhur sürüjiler bolan ýaryşa gatnaşyjylar hem-de bu ýaryşlary beýan etjek žurnalistler — umuman, 117 adam bar" diýip, TDH habar berýär.

XS
SM
MD
LG