Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Bu baradaky karara türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol goýdy.
Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) maglumatynda bu toparyň döredilmeginiň maksatlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, ýurduň arheologik hem-de medeni-taryhy ýadygärliklerini, medeni mirasyň we maddy gymmatlyklaryň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek” bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmegiň tertibini bir aý möhletde işläp taýýarlamak we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary bilen ylalaşyp tassyklamak tabşyryldy diýlip, resmi habarda bellenilýär.
Emma maglumatda bu halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin näçe maliýe serişdesiniň sarp ediljekdigi we onuň döwlet býujetine näçä düşjekdigi barada kelam söz aýdylmaýar.