Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak metbugaty Türkmenistanyň “Türk geňeşine” agza bolmak ähtimallygyny gozgaýar


"Türk geňeşine" gatnaşýan prezidentler meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň portretiniň öňünde surata düşýärler
"Türk geňeşine" gatnaşýan prezidentler meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň portretiniň öňünde surata düşýärler

Ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň “Türki dillerde gepleýän döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine – Türk geňeşine” agza bolmagy mümkin, diýip Gazagystanyň “Habar 24” neşiri maglumat berýär.

Bu barada türkmen resmileri, ýa-da Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri heniz gürrüň gozgamady.

Şu gün Gyrgyzystanyň Çolpon Ata şäherinde “Türk geňeşiniň” VI sammiti geçirildi; geňeşe Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew we Gyrgyzystanyň prezidenti Soorenbek Jeenbekow gatnaşdy. Nobatdaky sammite Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Wengriýanyň prezidenti Wiktor Orban “hormatly myhman” hökmünde gatnaşdy.

Sammitden ozal käbir habar serişdeleri bu saparky duşuşyga Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem "hormatly myhman" hökmünde gatnaşjakdygyny habar beripdi. Ýöne ol sammite-de, ondan bir gün ozal, 2-nji sentýabrda geçirilen Bütindünýä Çarwadarlyk oýunlaryna-da gatnaşmady.

Geňeşiň 6-njy sammiti Gyrgyzystanyň Çolpon Ata şäherinde geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlaryna gabat getirilipdir. Bu oýunlara Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşýar diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Gazagystanyň metbugaty bu gurama Türkmenistan bilen bir hatarda Demirgazyk Kipr respublikasynyň hem agzalygynyň ähtimallygyna ünsi çekýär.

“Türk geňeşi” 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanyň Nahçiwan şäherinde dört ýurduň; Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň “Nahçiwan ylalaşygyna” gol çekmegi bilen esaslandyryldy.

Ondan ozal türki halklar dürli medeni, edebi hem ynsanperwerlik guramalar diýlip häsiýetlendirilen bileleşikleriň binýadynda hyzmatdaşlyga ymtyldy.

Ýöne synçylar garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen häkimiýetleriniň şeýle mazmunly halkara arkalaşyklardan “bitaraplyk” statusyna esaslanyp çetde durandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy 90-njy ýyllarda türki halklaryň arasynda edebiýat ugry boýunça hyzmatdaşlyga esaslanýan bileleşikleriň düýbüniň tutulmagynda işjeň rol alan türkmen edebiýatçysy, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Ol “Türk geňeşi” ýaly türki dillerde gepleşýän halklaryň gatnaşmagynda döredilýän guramalardan, şeýle-de post-sowet giňişligindäki beýleki käbir halkara arkalaşyklardan Türkmenistanyň özüni üzňeleşdirmegini “türkmen tarapynyň keseli” diýip häsiýetlendirdi.

“Türkmenistanyň bir keseli – öňler Orta Aziýa derejesinde, ýa-da türki dilli edebiýat boýunça köp sanly guramalar döredildi, Türkmenistan şolara türkmen ýazyjylarynyň gatnaşmagyna doly garşy çykdy, şol zatlary bitaraplyk statusynyň kölegesine bukulyp etdi” diýip, Bugaýew belledi.

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadoly” habar gullugynyň maglumatlaryna görä, 3-nji sentýabrda geňeşiň 6-njy sammitinde eden çykyşynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan iki meseläni, ýagny geňeşe agza döwletleriň arasyndaky söwdanyň ýerli pulda amala aşyrylmagyna üns bermegi teklip edýändigini, hem-de türk hökümetiniň “gülençi” diýip günäleýän türk mekdeplerine garşy göreşmek meselelerini gozgapdyr.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew sammitde eden çykyşynda öz ýurdunyň uly hoşallyk bilen geňeşe agza bolmaga isleg bildirýändigini aýtdy.

“Biz bu gurama agza bolmaga taýýar, hem-de muňa örän şat. Biz özbek şäheri Hywany “Türk geňeşiniň” paýtagty hökmünde teklip edýäris” diýip, Mirziýoýewň sözleri habar gulluklarynyň maglumatlarynda getirildi.

Özbek lideri Daşkendiň guramanyň çäginde söwda we ykdysadyýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyga üns berjekdigini nygtady.

Öý eýesi Jeenbekow sammitde eden çykyşynda Özbegistanyň topara goşulmagyny makullaýandyklaryny belledi.​

Apreliň aýagynda Erdoganyň Daşkende amala aşyran resmi saparynda Mirziýoýew öz ýurdunyň “Türk geňeşine” agza bolmaga isleg bildirýändigini mälim edipdi.

Bu saparky duşuşyga Wengriýanyň prezidenti Wiktor Orban hem gatnaşýar.

Geçen asyrlaryň dowamynda köp sanly dilçiler, şol sanda wenger alymy A. Wamberi türki diller bilen wenger diliniň arasyndaky taryhy gatnaşyga we arabaglanyşyga ünsi çekip geldi.

“Türk geňeşiniň” ştab-kwartirasy Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG