Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa Oýunlarynda türkmen pälwany doping sebäpli çetleşdirildi


Aziýa Oýunlarynda türkmenistanly pälwan gazagystanly sporstmen bilen göreşýär.
Aziýa Oýunlarynda türkmenistanly pälwan gazagystanly sporstmen bilen göreşýär.

Türkmenistanly erkin göreş boýunça sportsmen Indoneziýada geçýän Tomusky ХVIII Aziýa Oýunlarynda doping, ýagny gadagan edilen kuwwatlandyryjy testini geçip bilmedik ilkinji türgen boldy. Bu barada Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi mälim etdi.

57 kilogram agram boýunça çykyş eden 24 ýaşly Nazarow Rüstem, doping testini geçip bilmäninden soň, oýunlaryň deslapky çärýek-finalyndan çetleşdirildi. Ol özüniň hindistanly Sandeep Tomar bilen geçiren ilkinji duşuşygynda ýeňlişe sezewar bolupdy.

“Onuň test üçin 17-nji awgustda alnan peşewinden furosemide serişdesi tapyldy. Bu madda WADA tarapyndan gadagan edilen serişdeleriň sanawynda geçýär” diýip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi maglumat berdi.

Soňky ýyllarda türkmen sportsmenleriniň halkara ýaryşlarynda doping sebäpli oýunlardan çetleşdirilýändigi barada maglumatlar gowuşýar.

2016-njy ýylda Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ençeme gezek çempiony, agyr atletika boýunça halkara derejesindäki ussat Umurbek Bazarbaýew 2015-nji ýylda ABŞ-da geçen dünýä çempionatynda doping ulanandygy sebäpli, dört ýyl möhlet bilen diskwalifisirlenipdi, ýagny halkara sport ýaryşlaryndan çetleşdirilipdi.

Şeýle-de, 2013-nji ýylda gysga aralyk boýunça türkmenistanly ýüwrük Ýelena Rýabowa, gadagan edilen kuwwatlandyryjy sebäpli, Moskwada geçen halkara ýaryşyndan öýüne ugradylypdy.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosy geçen sentýabrda Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen pälwanlarynyň azyndan dördüsinden dopingiň tapylandygy, şeýle-de olaryň netijeleriniň ýatyrylyp, medallarynyň alnyp, käbirleriniň bolsa uzak ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi barada maglumat beripdi.

Türkmenistanyň prezidenti türgenleriň halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary almagy ugrunda resmilere dowamly basyş edýär. Gurbanguly Berdimuhamedow Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçen Tomusky Olimpiýa oýunlaryndan soň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Kakabaý Seýidowa “ýurduň türgenlerini halkara ýaryşlaryna taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerinde goýberen kemçilikleri” diýen kesgitleme bilen berk käýinç beripdi we gysga wagtdan soň wezipesinden boşadypdy. Türkmenistan Rio oýunlaryna 9 türgen ýollady we olaryň hiç biri medal gazanmady.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň Aşgabat-2017 oýunlarynda türkmen pälwanlarynyň doping ulanandygy baradaky maglumatlaryndan soň, ýurduň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Toýly Kömekow, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy Sapardurdy Toýlyýew öz eýeleýän wezipelerinden boşadylypdy. Emma, şol pursat munuň bilen türkmen pälwanlaryndan bikanun kuwwatlandyryjylaryň tapylmagynyň arasynda nähilidir bir arabaglanyşygyň bardygyny anyklamak başartmady.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden tapawutlylykda, Olimpiýa oýunlarynda häzire çenli hiç bir medal gazanyp bilmedi.

Bu aralykda, Türkmenistan öz sportsmenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini bada-bat habar berse-de, türkmen atletleriniň doping ulanmakda güman edilendigi baradaky habarlary ile ýetirmekden, näme üçindir, saklanýar.

Tomusky ХVIII Aziýa oýunlary 18-nji awgust-2-nji sentýabr aralygynda Indoneziýanyň Jakarta we Palembang şäherlerinde geçip, oňa 45 döwletden 17 müň töweregi sportsmen gatnaşýar.

Türkmenistanyň bu oýunlarda häzire çenli iki: agyr atletika boýunça kümüş we greko-rim göreşi boýunça bürünç medallary bar. Beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinde, ýagny Gazagystanda 28 medal, Özbegistanda 20 medal, Gyrgyzystanda 9 medal bar.

XS
SM
MD
LG