Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmengaz” Eýrany gaz dawasy bilen bagly Halkara arbitraž suduna berdi


"Türkmengaz" döwlet konserniniň resmi nyşany
"Türkmengaz" döwlet konserniniň resmi nyşany

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda iki ýyla çeken gaz dawasy indi resmi ýagdaýda Halkara arbitraž suduna geçirildi, hem-de üstümizdäki iki ýylyň dowamynda kazyýetiň höküm çykarmagyna garaşylýar diýip, Eýranyň “Mehr” täzelikler gullugy 15-nji awgustda habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, “Türkmengazyň” resmileri Eýran bilen aradaky gaz dawada ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijesiz bolandygyny aýdyp, bu mesele boýunça Halkara arbitraž suduna arza bilen ýüz tutandyklaryny resmi ýagdaýda yglan etdiler.

Indi Eýran bu mesele bilen bagly özünde bar bolan subutnamalary hem-de beýleki degişli resminamalary halkara kazyýete geçirmeli bolar, diýip “Mehr” habar berýär.

Metbugatda çap edilen maglumatda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň direktory Hamid Reza Arakiniň sözlerine salgylanylyp, taraplaryň öz ýuristlerini tutandygy, kazyýetiň kararynyň iki ýylyň dowamynda çykaryljakdygy mälim edilýär.

Eýranly energiýa resmisi taraplaryň kazyýetiň kararyna razy bolmalydygyny sözüniň üstüne goşupdyr.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz galmagaly soňky iki ýyldan bäri dowam edýär. Şeýle-de, geçen iki ýylyň dowamynda Eýran birnäçe gezek Türkmenistana kazyýet haýbatyny atyp geldi.

2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Eýrana akdyrýan tebigy gazyny birden kesmegi bilen iki ýurduň arasyndaky energiýa gatnaşyklary gowşady. Aşgabat Tährandan 2007-2008-nji ýyllaryň gyşynda ulanan türkmen gazy üçin 1.8 milliard dollarlyk algysyny soraýar, Eýran bolsa aýazly gyşda goňşusynyň gazyň bahasyny ylalaşykda kesgitlenen nyrhdan dokuz esse gymmatladandygyny öňe sürýär.

2017-nji ýylyň maý aýynda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Araki üç mesele boýunça, ýagny “gazyň bahasy”, “gazyň gyşda birden kesilmegi bilen onuň Eýrana ýetiren zyýany” we “türkmen gazynyň hili” boýunça Türkmenistany Halkara arbitraž suduna berjekdigini aýtdy.

Geçen döwrüň dowamynda Eýranyň Türkmenistany Halkara kazyýete berip bermändigi barada anyk maglumat göze ilmedi.

Hatda Arakiniň Eýranyň Türkmenistany suda bermäge taýýarlyk görýändigini mälim etmeginden alty aý geçenden soň, ol 2017-nji ýylyň noýabr aýynda, işi kazyýete geçirmezden gepleşik arkaly düşünişmek isleýändiklerini mälim etdi.

2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-ne türkmen prezidentiniň geçiren hökümet maslahatynda, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky “gaz gepleşiklerine” salgylanyp “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Eýran yslam respublikasynyň Milli gaz kompaniýasy bilen baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklara we şertnama laýyklykda, türkmen tebigy gazynyň Eýrana ozal ugradylan möçberlerine töleg boýunça Türkmenistanyň ägirt uly mukdarda algysynyň bardygyny aýtdy.

Maslahatyň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Arçaýew “Eýran tarapynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda, meseläni çözmek boýunça belli ylalaşyga gelinmedi. Bu meseläniň özara kabul ederlikli oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen eýranly hyzmatdaşlar Halkara arbitraž suduna ýüzlenmegi teklip edýärler” diýip çykyş etdi.

Türkmen prezidenti şonda “Türkmengazyň” ýolbaşçysyna Eýranyň Halkara arbitraž suduna ýüzlenmek baradaky teklibini goldamak we munuň üçin degişli resminamalary taýýarlamak babatda “anyk tabşyryklary” beripdi.

Indi “Mehr” gullugynyň soňky habarlaryndan çen tutulsa, “Türkmengaz” dekabrdaky tabşyryklary berjaý edip, gazyň tölegleri bilen baglylykda Eýrany suda berýär.

Halkara arbitraž sudy höküm çykarýança, üstümizdäki iki ýylyň dowamynda Türkmenistandan Eýrana gaz eksport edilmez diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmen metbugatynda, Türkmenistanyň hökümetiniň döwletiň energiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda tagalla edýändigi aýdylýar.Ýöne Türkmenistan özüniň gaz söwdasynda 2016-njy ýylda Orsýeti 2017-nji ýylda Eýrany ýitirenden soň, häzirki wagtda ýeke-täk alyjy hökmünde gaz eksportynda Hytaýa garaşly galdy.

XS
SM
MD
LG