12-nji awgustda Gazagystanyň port şäheri Aktauda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň döwlet baştutanlarynyň arasynda bolan duşuşykda tebigy serişdelere baý bolan Kaspi deňziniň kanuny durumy boýunça täze konwensiýa gol çekildi, emma eýran tarapynyň goşmaça duşuşyklaryň zerurdygyny aýtmagy bilen, deňziň baýlyklarynyň bäş goňşynyň arasynda nähili paýlaşyljagy aýdyň bolman galýar.
Belki-de şu meseläni çözmek umydy bilen, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow indiki Kaspi sammitini Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.
Hazarýaka döwletleriniň arasynda indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän dawalaryň esasynda deňzi boýunça täze araçäkleri kesgitlemek hem-de onuň baýlyklaryny bölüşmek meselesi ýatyr.
Şol bir wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjan deňizdäki birnäçe ýangyç gorlarynyň üstünde oňşup bilmän gelýär, Eýran bolsa serhetleriň kesgitlenmegi meselesinde öz pozisiýasynda galmagyny dowam etdirýär.
Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan Hazaryň durumynyň kesgitlenmegi bilen deňziň düýbünden geçiriji gurmak mümkinçilikleriniň açylmagyna, kanuny päsgelçilikleriň aradan aýrylmagyna we öz tebigy gazyny ýewropa bazarlaryna çykarmaklyga bil baglaýar.
Emma muňa garamazdan, döwlet baştutanlary dokumente gol çekmezlerinden öň sözlän sözlerinde täze baglaşylýan şertnamanyň detallaryny, ýagny onuň öňden gelýän dawalara nähili çözgüt tapandygyny açyk aýtmadylar.
Rus prezidenti Wladimir Putin Kaspi deňziniň kanuny durumynyň kesgitlenmegi “ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejelere galdyrmaga, dürli ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge şert döredýär” diýdi.
Emma Putiniň eýranly kärdeşi Hassan Rohani biraz başgaça pikirde, ol Kaspi deňziniň düýbündäki nebit-gaz baýlyklaryny bölüşmek üçin kenarýaka döwletleriniň arasynda goşmaça ylalaşyklaryň baglaşylmagynyň zerur boljakdygyny aýtdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikiriçe, prezident Rohaniniň bu sözleri Eýranyň Kaspiniň bölüşilmegi meselesindäki pozisiýasynyň tasdan üýtgewsiz galandygyny, şol bir wagtda-da Tähranyň täze gol çekilen konwensiýadan kanagatlanmaýandygyny görkezýär.
“Kaspi sammitine gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy ösdürmek, deňziň ekologiýa goragyny üpjün etmek, başga ýurtlaryň harbylaryny Kaspi deňzine goýbermezlik ýaly esasy meselelerde ylalaşdylar, ýöne iň esasy problemalara, serhetler we deňziň baýlyklaryny nähili paýlaşmalydygy baradaky meselelere gezek gelende welin, taraplar doly bir pikire gelip bilmedige meňzeýär” diýip, Brýus Panniýer telefonda aýtdy.
Ekspertiň bellemegine görä, konwensiýa gol çekendigine garamazdan, Eýranyň prezidenti heniz serhetleri kesgitlemek, deňziň baýlyklaryny bölüşmek, deňziň tebigatyny goramak meselelerinde has kän gepleşilmegini isleýär. Bu, ekspertiň pikiriçe, Eýran üçin 20 ýyldan gowrak geçirilen gepleşikleriň ýeterlik bolmandygyny, ýangy bu ýurduň Kazaryň nebit-gaz paýlyklaryny paýlaşmaga o diýen taýýar däldigini çaklmaga esas berýär.
Ikinji tarapdan, Rohani Kaspi deňzine başga ýurtlaryň harbylaryny goýbermezlik barada gürrüň edende, gönüläp aýtmadygam bolsa, Gazagystan bilen Birleşen Ştatlaryň Aktau portuny ulanyp, Kaspi deňzi arkaly harby ýükleri gatnatmak mümkinçiliklerine hem gyýa garaýana meňzeýär, sebäbi bu ýerde şundan başga harby ýük geçirjek bolýan ýurt ýok diýip, Panniýer aýtdy.
“Megerem şunuň üçin, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir Kaspi sammitiniň Aşgabatda geçirilmegini teklip etdi, belki-de olara çyndanam ýene bir sammit geçirmek we düşünişmek zerur bolup durýar ” diýip, Panniýer Aktaudan telefon arkaly beren maglumatynda aýtdy.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň sözlän sözünde aýdylmagyna görä, taraplaryň konwensiýanyň düzgünilerini ýerine ýetirmek üçin “daşary işler ministrlikleriniň çäginde yzygider bäş taraply geňeşleri geçirmek boýunça ýörite mehanizm” döretmek pikirne geldiler.
Bäş döwletiň daşary işler ministrleri Aktauda sammitiň öňünden, döwlet baştutanlarynyň ýokary derejede geçirjek duşuşugynyň gün tertibini kesgitlemek üçin 11-nji awgustda taýýarlyk duşuşygyny geçirdiler.
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, ministrler bu duşuşykda konwensiýa gol çekilenden soň, alnyp barylýan işleri eglemän dowam etdirmek barada ýörite ylalaşyk baglaşandyklaryny aýtdy.
"[Döwletleriň] daşary işler ministrleri gazanylan hyzmatdaşlygyň derejesinden kanagatlanma bildirdiler we konwensiýa gol çekilenden soň Kaspi deňzi babatynda geljekde edilmeli işler boýunça ylalaşyga geldiler” diýip, RF-nyň DIM-i ýurtlaryň ministrler derejesinde geçiren duşuşygyndan soň aýtdy.
Kreml bu sammit barada habar berip, 10-njy awgustda çap eden beýanatynda bäş döwletiň arasyndaky gepleşikleriň şu günki derejesine gelmegi üçin ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň gerek bolandygyny belledi.
1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, daşy gur ýer bilen gurşalan deňziň kenarynda ozalky iki döwlete – Sowet Soýuzy bilen Eýrana derek bäş döwlet peýda bolaly bäri, Kaspi deňzi deňizmi ýa köl diýen temadaky çekişmeler dowam edýär.
Eger ol deňiz diýlip kesgitlense, onuň ýakasyndaky bäş ýurt araçäklerini garşydaş kenardaky goňşulary bilen aralykdaky suwuň ortasyndan çekmeli, eger-de ol köl diýip kesgitlense, bu deňziň serişdeleriniň bäş kenarýaka ýurduň arasynda deň bölüşilmeli boljakdygyny aňladýar.
Bu ýerde bahasy trillionlap dollara durýan serişdeler, deňziň düýbünde bardygy anyklanan we mümkin bolan uglewodorod gorlary, 50 milliard barrel çemesindäki nebit we 9 trillion kub metre golaý tebigy gaz barada gürrüň gidýär.