Jons Hopkins uniwersitetiniň professory Stiw Henki 23-nji iýulda Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesiniň 124 % bolandygyny aýtdy. Onuň soňky hasaplamalaryna görä, Türkmenistan inflýasiýanyň derejesi boýunça dünýäde Wenezuelladan, Eýrandan we Sudandan soň dördünji ýerde durýar. Henki mundan ozal 1-nji iýunda bu görkezijini 294 % diýip, ony dünýäde ikinji iň ýokary inflýasiýa häsiýetlendiripdi.
Inflýasiýanyň özi näme? Onuň ýokary bolmagy nämäni alamatlandyrýar? Bu tema boýunça Azatlygyň özüne beren soraglaryna türkmen ykdysadyýetçisi Hudaýberdi Orazow jogap berdi.
“Aýdaly, ýurduň içindäki düýnki bahalary, hyzmatlaryň [töleglerini] geçen ýyl bilen deňeşdirenimizde, ikisiniň bahalary, tarifleri geçen ýylky bilen deňeşdireniňde näçe ösen bolsa, ynha şoňa inflýasiýa diýilýär. Eger-de bu peselse, oňa deflýasiýa” diýilýär, diýip ykdysadyýetçi belledi.
Ol manadyň güýjüniň peselip, adamlar belli bir mukdardaky maliýe serişdesine näçe az haryt alýan bolsa, muňa inflýasiýa diýilýändigini düşündirdi.
“Geçen ýylky bilen deňeşdireniňde, näçe [manadyň] güýji peselse, näçe az haryt adam alyp bilse, şoňa, şonuň aratapawudyna inflýasiýa diýip aýdylýar” diýip, Orazow belledi.
Türkmen ykdysadyýetçisi gürrüňe dowam edip, infliýasiýanyň sebäplerini mysallar arkaly düşündirmäge synanyşdy.
“Inflýasiýa, eger-de mysal üçin aýdaly, puluň hümmeti gaçsa, adamlar geçen ýylky bilen deňeşdireniňde 100 manada haryt az alyp bilse, şonda inflýasiýa diýilýär. Inflýasiýanyň sebäbi [barada aýdylanda], eger-de, mysal üçin, adamlar geçen ýyl alan aýlygyna şu ýyl az haryt alyp bilýär, ýa-da az hyzmata töläp bilýär. Şonuň üçin ýurtda inflýasiýa döreýär” diýip, ykdysadyýetçi belledi.
Resmi metbugatyň habarlaryna görä, türkmen hökümeti ýurtda býujet işgärleriniň aýlyklaryny, talyp haklaryny, pensiýalary, hem-de beýleki döwlet kömek pullaryny her ýyl 10 % ýokarlandyrýar. Ýöne munuň bilen bir hatarda ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlygyň habarçylaryna berýän gürrüňlerinde, ýurtda aýlyklaryň ýokarlanmagy bilen, bahalaryň dessine galmak bilen bolýandygyny aýdýar.
Halkara synçylar Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini nygtaýar. Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Merkezi Aziýa – Kawkaz institutynyň gaýybana ylmy barlagçysy, şol bir wagtda “The Jamestown” aň-düşünje guramasynyň analisti Jon Dali golaýda guramanyň saýtynda çap eden makalasynda: “Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär” diýip, ýazdy.
Halkara pul gaznasynyň ekspertleri mart aýynda Türkmenistana eden saparlaryndan soň çap eden beýanatynda, ýurduň resmi statistiki maglumatlaryna salgylanyp, 2017-nji ýylda Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesiniň 8 %-e ýetendigini mälim etdi.
Iýun aýynda Azatlyk Radiosynyň professor Henki bilen geçiren söhbetdeşliginde ol Türkmenistandaky inflýasiýanyň derejesini haýsy metodologiýany ulanmak arkaly hasaplaýandygyny gürrüň beripdi:
“Men bu görkezijileri ýokary ýygylykda gaýtalanýan sanlary, ýagny gündelik sanlary yzarlamak arkaly hasaplaýaryn. [Ykdysadyýet ylmyndaky] Satyn alyş ukyby boýunça teoriýany ulanmak arkaly, daşary ýurt walýutasynyň bahasyndaky üýtgeşmeleri ulanyp, ýurtdaky inflýasiýanyň derejesini hasaplamak mümkin. Sebäbi “gara bazaryň” nyrhy ýurtdaky hakyky ýagdaýy açyp görkezýär. “Gara bazaryň” görkezijileri örän aç-açandyr” diýip, ol belledi.
Bu mowzuk Türkmenistanyň resmi köpçülikleýin maglumat serişdelerinde agzalmaýar.