Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çelekende bäş daşoguzly işçi bir öýüň maşgalabaşysy ‘araga’ gidende öý bikesini pyçaklap, gyzyny zorlapdyr


Türkmenabatda polisiýa işgärlerinden ybarat üýşmeleň (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenabatda polisiýa işgärlerinden ybarat üýşmeleň (Illýustrasiýa suraty)

Mundan bir hepde ozal, Balkan welaýatynyň Hazar (öňki Çeleken – red.) şäherinde bäş sany gurluşykçy kämillik ýaşyna ýetmedik 17 ýaşly bir gyzy zorlap, onuň ejesini pyçaklap öldüripdir. Häzirki wagtda polisiýa gulluklary jenaýata baş goşandygy aýdylýanlaryň ikisini tapyp, güman edilýänleriň beýleki üçüsini gözleýär.

Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky ýagdaýlardan habarly çeşmesi polisiýa gulluklarynyň işgärine salgylanyp 25-nji iýulda habar berdi.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, jenaýatda güman edilýänleriň Daşoguz welaýatyndan Hazar şäherine hususy jaýlary rejeleýiş, ýagny “remont” etmäge gelen gurluşykçylardygy aýdylýar.

Çeşme daşoguzly işçileriň Hazar şäherindäki bir hojalyk bilen olaryň jaýyny rejelemek üçin dilden şertnama baglaşandygyny habar berdi.

“[Gürrüňi gidýän] gurluşykçylar remont edýän jaýlarynyň maşgalabaşysy, [ýagny öldürilen aýalyň adamsy] bilen oturyp spirtli içgi içýär. Içgi gutarandan soň, olar pul çykaryşyp, öý eýesini arak almaga ugradýar. Maşgalabaşy hususy dükanlarda arak satmak gadagan edilensoň, öýden orta hasap bilen 1.5 kilometr aradaşlykda ýerleşýän döwlet dükanyna arak almaga gidýär” diýip, çeşme aýty.

Ol gürrüňe dowam edip, “maşgalabaşy öýden çykan badyna, yzda galan işçiler öýüň 17 ýaşly gyzyny çola otaga çekip başlaýar. Muny gören öý bikesi, gyzyny halas etmek üçin olaryň arasyna düşýär. Päli bozukar (Jenaýatda güman edilýänler – red.) öý bikesini şol ýerde pyçaklap öldürýär. Soňra, bäş daşoguzly işçiniň hemmesi 17 ýaşyň içindäki gyz bilen jynsy gatnaşyga girýär ” diýdi.

“Öý eýesi gelmänkä-de işçiler dargaýar. Ol olaryň kimdiginem bilenok, bir bilýän zady: olaryň daşoguzdan gelen oglanlardygy, hem-de olaryň atlary. Öý eýesi şol [maglumatlar] boýunça polisiýa ýüz tutýar. Onuň aýaly pyçaklanyp öldürildi, merhum [boldy], gyzy bolsa, bäş adam zorlansoň özüne gelmän ýatyr” diýip, çeşme aýtdy.

“Polisiýa işgärleri soňky 2-3 günüň dowamynda geçiren gözleg işleriniň netijesinde gyzy zorlandyr diýip, güman edilýän [ýagny, öý bikesini pyçaklandyr diýilýän] iki adamy tutýarlar, bäş adamyň üçüsini häzirem ele salyp bilenoklar. Olar yzyna, Daşoguza dolanypmy, ýa-da bolmasa şäheriň başga ýerlerinde bukulýarlarmy, ol belli däl” diýip, çeşme belledi.

“Zorlanan gyzyň ýagdaýy gaty erbet. Çelekeniň (häzirki Hazar – red.) keselhanasynyň lukmanlary özleriniň güýjüniň ýetmejekdigini, hem-de zerur bolan däri-dermanyň ýokdugyny nazara alyp, [hassany] Çeleken şäherinden 130 kilometr daşlykda ýerleşýän Balkanabadyň keselhanasyna getiripdirler. Aýtmaklaryna görä, şol gyz özüne gelenmişin, ýöne arasynda ýene-de huşuny ýitirýär diýýärler” diýip, çeşme belledi.

Azatlyk Radiosy bu jenaýat işi boýunça maglumat almak üçin Hazar şäheriniň polisiýa departamenti bilen, ýa-da Hazar, hem-de Balkanabat şäherleriniň hassahanalary bilen habarlaşyp bilmedi.

Çeşme ýerli ilata salgylanyp şeýle jenaýatçylykly hadysalaryň şäherde seýrek-de bolsa gaýtalanyp durýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda edilýän jenaýatlaryň sany boýunça statistiki maglumatlar elýeterli däl.

Şeýle maglumatlar barada ýurduň media serişdelerinde-de dil ýarylmaýar.

Azatlyk Radiosy mundan ozal, maý aýynda Türkmenabat şäheriniň 7-nji mekdebinde ýokary klas okuwçylaryň arasynda bolan pyçaklaşmada öldürilen okuwçy barada habar berdi.

Şeýle-de, Azatlyk Türkmenabat şäherinde talaňçylyk edýän mekdep okuwçylaryndan ybarat "garakçylar" barada aprel aýynda habar berdi.

Ýerli synçylar şeýle jenaýatlaryň ýurtdaky ykdysady krizisiň sosial krizise öwrülýändiginiň alamatlarydygyny belleýär.

Jemgyýeti öwrenijiler diýdimzor režimleriň basyşy astynda ýaşaýan jemgyýetlerde adaty raýatlaryň köplenç halatda jenaýatdan çetde durmaga meýilli bolýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG