Türkmenistan 21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi belledi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gün mynasybetli çap edilen gutlagynda “Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşleriniň täze belentliklerini üpjün ederis” diýilýär.
Şeýle-de, Aşgabatda saglyk işgärleriniň gününe gabat iki günlük sergi maslahat açyldy we oňa regionyň ýurtlarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşýandygy habar berilýär.
Emma Türkmenistanyň saglyk pudagynda amala aşyrylýandygy aýdylýan özgertmelere garamazdan, türkmen raýatlarynyň barha kän “saglyk syýahatlaryna”, daşary ýurtlaryň lukmanlaryna ýüz tutmaga ýykgyn edýändigi habar berilýär.
Bu ýagdaýyň sebäbi, Türkmenistandaky hassahanalarda gymmatbaha saglyk enjamlarynyň bardygyna garamazdan, “işini gowy bilýän başarnykly lukmanlaryň azlygy, diplomyny okaman, pula satyn alan wraçlaryň bolsa känligi” bilen düşünidirlýär.
Şu aralykda Türkiýäniň "saglyk turizmi“ barada çap edýän hasabatlarynda ýurtda saglygyna seretdirýän daşary ýurtlularyň arasynda türkmenistanly migrantlaryň sanynyň barha köpelýändigi bellenilýär.
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri“ gepleşiginiň bu günki sanyny daşary ýurtlarda saglygyny bejertmäge mejbur galýan türkmenistanly migrantlaryň ykballaryna gönükdirýär.
Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.