Türkmenistanda soňky iki ýylyň dowamynda döwlete degişli edara kärhanalaryň işgärlerini her ýylda iki gezek saglyk barlagyndan geçmeklige mejbur edilýändigi aýdylýar. Edil şu günki gün ýylyň ikinji ýarymy üçin, saglyk barlagyndan geçmekligiň talap edilýändigini edara gullukçylary mälim edýärler.
Ozalky ýyllar diňe jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň işgärleriniň, azyk söwdasy dükanlarynyň işgärleriniň her 6 aýdan saglyk barlagyndan geçmegi talap edilýärdi. Indi bu barlaglar döwlete degişli edara-kärhanalaryň ähli işgärlerine hem degişli bolup durýandygy aýdylýar. Mugallymlara, lukmanlara, çagalar baglarynyň işgärlerine, medeniýet işgärlerine, şeýle-de, edaralaryň ählisiniň işgärlerine, hatda ýükçi işçilere-de degişli edildi.
Adynyň efirde tutulmazlygyny soran, Parahat-7 etrapçasyna degişli 7-nji ýaşaýyş jaý müdirliginiň işgäriniň aýtmagyna görä, saglyk barlagyndan geçmedikleriň iş ýerinden hoşlaşmak talap edilýär. Onuň sözüne görä, soňky bir hepdäniň dowamynda müdirligiň başlygy işgärlere uly basyş edip, olaryň şu hepdäniň ahyrky gününe çenli saglyk barlagyndan geçmedik işgäriň işden kowuljakdygyny aýdypdyr.
“Elbetde, saglyk barlagyndan geçmek möhüm hem gowy zat, ýöne muňa ýagdaýymyz çatanok. Aýlyklarymyz wagtynda berlenok. Saglyk barlagyndan geçmek üçin, öňürti saglyk ätiýaçlyk pasportyňa bolanda 300-400 manat aralygynda pul tölemeli. Ýaşaýyş jaý müdirliklerinde işleýän işçileriň aglabasy welaýatlardan gelen migrantlar bolup, olaryň köpüsinde saglyk ätiýaçlyk pasportlary hem ýok. Şeýle ýagdaýda saglyk barlagyndan geçmegiň çykdajysy has hem artýar” diýip, ol işçi aýdýar.
Onuň sözüne görä, saglyk barlagyndan geçeniňde, rentgen barlagy, WIÇ spid barlagy, aýallar üçin ginekolog barlagy, gan-peşew barlaglary, ultrases barlagly ýaly çäreleri öz içine alýan barlaglar üçin birnäçe wagty hem sarp etmeli bolýarlar. Barlagdan geçjek köp bolansoň, hassahanalarda uly nobatlar emele gelýär. Nobatlarda durup wagtyny ýitirseler-de, iş ýerinde etmeli işlerini hem hökmany etmeli bolýandyklaryny olar aýdýarlar.
Saglyk barlaglaryndan geçmeklik döwlet tarapyndan ilatyň saglygy üçin edilýän alada diýip wagyz edilse-de, Işgärleriň pikirine görä, bu barlaglaryň maksady döwletiň boşan gaznasyna pul ýygnamak üçin edilýär. “Eger halka bolsun edilende, adamlar üçin amatlylyklar döredilerdi, hemmeleri bir wagtda medisina merkezine barmaga mejbur etmän, millete erkinlik berlerdi” diýip, bir gullukçy aýdýar.
Işgärler işe durjak bolanlarynda hem saglyk barlagyndan doly geçip, dokumentini düzetmese, işe kabul edilmeýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.
Çagaňy çagalar bagyna ýa mekdebe bermek ýa-da dynç alyş öýlerine ugratmak üçinem, ene-atalardan çagalaryny saglyk barlagyndan geçirmeklik talap edilýär. Şol wagtda-da çagalaryň hem saglyk barlaglaryndan geçmekleri tölegli bolup, ene-atalar hem wagt ýitirýändiklerini, hem köp çykdaja galýandyklaryny aýdýarlar.