Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Waşingtondaky rus 'agentine' garşy jenaýat işini gozgaýar


Maria Butina
Maria Butina

ABŞ-nyň uly žýurisi Orsýetiň gizlin agenti bolup, amerikan syýasatçylary bilen baglanyşyk gurmakda aýyplanan aýala garşy jenaýat işini gozgady, rus resmileri bu işi ýazgaryp çykyş etdiler.

ABŞ-nyň uly žýurisi 17-nji iýul güni giçlik Waşingtondaky Amerikan uniwersitetiniň studenti, Orsýetiň ýarag hukuklary toparyny esaslandyryjy, 29 ýaşyndaky Maria Butina garşy dildüwşükde we rus hökümetiniň agenti hökmünde hereket etmekde günä bildirdi.

Butina bildirilen günä jenaýat aýyplamalary bolup, 10 ýyla çenli türme tussaglyny nazarda tutýar, emma oňa içalyçylykda ýa-da Orsýetiň aňtaw gullugynyň agzasy hökmünde günä bildirilmedi.

Butina 15-nji iýulda tussag edildi we 18-nji iýulda Waşingtonda ABŞ sudunyň diňlenişigine getiriler diýip, Adalat departamenti aýtdy.

ABŞ prokurorlary Butinany Orsýetiň Merkezi bankyndaky ýokary derejeli emeldaryň ugrukdyrmasy boýunça amerikan syýasatçylary we syýasy guramalary bilen gatnaşyklary sazlamakda aýyplady. Gürrüňi edilýän resmi golaýda rus prezidenti Wladimir Putin bilen gatnaşyklary sebäpli ABŞ-nyň Gazna departmanetiniň sanksiýasyna sezewar boldy.

Sud ýazgylarynda bu resminiň ady agzalmaýar, emma Butina özüniň feýsbuk sahypasyndaky suratlaryň birnäçesinde Orsýetiň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary, aprelde Gazna departamentiniň sanksiýasyna uçran Aleksandr Torşin bilen bile görünýär.

Metbugat habarlarynda Butinanyň Torşin üçin işleýändigi aýdylýar, emma ol bu iş boýunça jemgyýetçilige açyk bir zat aýtmady.

Butinanyň aklawçysy Robert Driskol (Driscoll) onuň rus agenti däldigini aýdýar, Orsýetiň “Interfax” habar gullugy 17-nji iýulda Butinanyň ýoldasyna salgylanyp, ony syýasat ylmyny öwrenýän student hökmünde hasiýetlendirdi, Marianyň içaly bolmagyň däl, Orsýete dolanyp barmagyň pikirini edýändigini aýtdy.

Rus syýasy “eksperti” Andreý Kolýadin geçen ýyl özüniň Butinany Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen berlen Milli doga-dileg ertirligi mahalynda hakyna terjimeçi tutandygyny aýtdy. Ýyllyk ertirlik nahary çäresine ABŞ-nyň öňdebaryjy konserwatiw syýasatçylary geldi.

Kolýadiniň “Interfax” bilen söhbetdeşligi ABŞ-nyň Butina baradaky aýyplamalarynyň biri – onuň rus bähbitlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amerikan kanun çykaryjylary we adminstrasiýa resmileri bilen duşuşyklary gurnamak bilen meşgullanýandygy tassyklanýana meňzeýär.

"Ol örän gujurly adam we bir topar ideýasy bar. Duşuşyklaryň ählisinde ol biziň “Gowy uruşdan ýaramaz parahatçylyk” gowy diýen pikirimizi gyzgyn goldady” diýip, Kolýadin “Interfax” bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

"Bu ideýalar ABŞ kongresmenleri we prezident adminstrasiýasynyň käbir agzalary bilen bolan duşuşyklarda ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşyldy... Onsoň biz Orsýetiň halkara arenasynda hasaba alynmak zerurlygy we gowusy onuň bilen dostlukly gatnaşykda bolmak barada maslahat etdik” diýip, ol aýtdy.

Adalat departamentiniň şikaýatynda Butinanyňady aýdylmadyk iki sany amerikan raýaty bilen işleşendigi we onuň Moskwadaky başlygynyň amerikan syýasatyna täsir ýetirmäge synanyşandygy, Milli atyjylyk birleşigine, ABŞ-nyň kuwwatly ýarag hukuklary guramasyna sümülmäge we ABŞ syýsatçylary bilen aragatnaşygyň “yzky kanallary” liniýasyny gurmaga çalşandygy aýdylýar.

Döwlet dumasynyň deputaty, ozal Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugyna, aňtaw edarasyna ýolbaşçylyk eden Nikolaý Kowalýow Butina garşy gozalan jenaýat işi bilen baglylykda Birleşen Ştatlaryň hukuk goraýjy gulluklarynyňözüni aýyplap çykyş etdi.

Ol bu aýyplamanyň Trampyň 16-njy iýulda Putin bilen duşuşýan wagtynda yglan edilmeginiň aňyrsynda iki lideriň Orsýet-ABŞ gatnaşyklaryny gowulandyrmak ugrunda edýän tagallalarynygowşatmak niýetiniň ýatandygyny öňe sürdi.

"ABŞ-nyň howpsuzlyk gulluklary bu günki gün, syýasata garyşmak bilen, öz prezidentleriniň garşysyna işleýärler” diýip, Kowalýow rus habar gulluklaryna aýtdy.

"ABŞ hem, Angliýa ýaly, orsýetlileriň barmagy üçin howply ýurda öwrülýär, sebäbi ol ýerde islendik adam islendik zatda aýyplanyp biler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky Adam hukuklary geňeşiniň başlygy Mihail Fedotow hem Butinanyň tussag edilmegini ýazgardy. “Interfax” habar gullugynyň ýazmagyna görä, Fedotow bu çäräniň Putin-Tramp sammitini gowşatmak üçin gurnalandygyny we “ýaramaz görelde” bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG