Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp NATO-nyň iki günlük sammitiniň öňünden gapma-garşylykly pikirleri öňe sürdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen. Brýussel, 11-nji iýul, 2018
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen. Brýussel, 11-nji iýul, 2018

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO-nyň Brýusselde geçýän iki günlük sammitiniň öňünden Birleşen Şatatlar tarapyndan Orsýetden goralmagyna garaşylýan Gremaniýanyň Moskwa bilen milliardlarça dollarlyk gaz geçiriji ylalaşygyny baglaşmagyny tankytlap, gapma-garşylykly pikirleri aýtdy.

Ýaranlygyň 11-nji iýulda açylan sammitinde Tramp NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen ertirlik nahary wagtynda şeýle diýdi: “Moskwa bilen baglaşylan “Demirgazyk akym – 2” ýaly tebigy gaz ylalaşygyna garaşly bolansoň,Germaniýa durşuna Orsýetiň kontrollygynda” we “Orsýet tarapyndan ýesir alnan”.

“Biz Germaniýany goraýarys. Biz Fransiýany goraýarys. Biz hemmeleri goraýarys” diýip, Tramp aýtdy we munuň öz ýurdy üçin “örän adalatsyzlykdygyny” belledi.“Bu biziň salgyt töleýjilerimiz babatda örän adalatsyzlyk bolýar” diýip, ol aýtdy.

Tramp NATO-ny “Demirgazyk akym -2” meselesine, Orsýetden Polşa, Ukraina ýaly ýurtlardan sowa, Germaniýanyň demirgazyk-gündogar Baltika kenarlaryna gaz getirjek proýekte seretmäge çagyrdy. Bu geçirijiniň Orsýetiň Germaniýa göni iberýän gazynyň möçberini iki esse köpeltmegine garaşylýar.

Waşington we käbir ýewropa ýurtlary bu proýekte garşy çykýar, olar bu geçirijiniň Moskwa Günbatar Ýewropanyň üstünden has köp tutar berjekdigini duýdurýarlar.

Stoltenberg Trampyň tankydyna garşy çykyp, NATO-nyň agzasy bolup durýan 29 ýurduň pikir dürlüliklerine garamazdan bilelikde işleşmäge ukyplydyklaryny aýtdy we Orsýetden Germaniýa çekiljek gaz geçirijisiniň NATO ýaranlarynyň razylaşyp bilmejek bir meselesidigini belledi.

"Meniň pikirimçe, Iki Jahan urşy we Sowuk uruş bize aýrylykda däl-de, eýsem bile bolan ýagdaýymyzda güýçli bolýandygymyzy öwretdi” diýip, Stoltenberg Trampa aýtdy.

Trampyň NATO ýaranlaryna harby çykdajylaryny artdyrmaklary üçin yzygiderli basyş etmegi netijesinde, bu sammitiň ýaranlygyň soňky ýyllardaky iň kyn ýygnanyşyklarynyň biri bolmagyna garaşylýar.

Tramp bu duşuşygyň öňünden ýaranlygyň agzalaryny goranyşa sarp edýän harajatlarynyň möçberleri babatda gaýta-gaýta tankyt etdi.

Tramp 10-njy iýulda Waşingtondan ugranda çap eden tiwtter postlarynda we žurnalistlere beren düşündirişlerinde NATO-nyň beýleki 28 agzasynyň Birleşen Ştatlaryňýaranlyk üçin harçlan harajatlarynyň “öwezini dolmaklaryny” hem teklip etdi.

Şeýle-de ol haýsy ýurtlaryň ýaranlygyň goranyş inwestisiýasy wadasyny ýerine ýetirýändigi, haýsylarynyň bu meselede kelte gaýdýandygy babatda azaşdyryjy beýanatlaryny gaýtalady. Mälim bolşy ýaly, agza döwletleriň her biriniň öz jemi içerki önüminiň 2 prosentini goranyş maksatlaryna gönükdirmegine garaşylýar.

Häzirki tendensiýalar esasynda NATO bu garaşylýan talaby agza döwletleriň 15 sanysynyň 2024-nji ýylda ýerine ýetirip biljekdigini çaklaýar.

NATO-nyň baş edarasynyň aýtmagyna görä, ýaranlyköz umumy goranyş harajatlaryny 2018-nji ýylda 3.8prosent artdyrmak ýolunda we şu ýylyň aýagyna çenli agza döwletleriň jemi sekiz sanysynyň 2 prosent belgisine ýetmegine, ýagny jemi içerki önüminiň 2 göterimini goranyşa harçlamagyna garaşylýar.

Stoltenberg 11-nji iýuldaky ertirlik mahalyndaky duşuşykda,öz gezeginde,Trampyň NATO ýurtlaryny goranyş harajatlaryny artdyrmaga itekläp bitiren hyzmatyny belledi, ýagny ýewropa ýurtlary bilen Kanadanyň “häzirden 2024-nji ýyla çenli goranyşa goşmaça 266 milliard dollar” harçlamaklaryna garaşylýandygyny aýtdy.

Tramp sammitiň açylyş ertirligine gelende, “olar men sebäpli geçen ýyl 40 milliard çemesi dollar ýygnadylar. Onsoň men baş sekretar Trampy gowy görýändir diýip pikir edýärin. Onuň ýeke özüniň bolmagy mümkin, emma bu maňa ýeterlik” diýip, amerikan prezidenti aýtdy.

Trampyň ýaranlyk babatdaky tankydy NATO-nyň esasy garşydaşy bolan Orsýet babatdaky ýyly sözleri bilen düýpden gapma-garşy geldi.

Tramp NATO duşuşygyndan we Britaniýa saparynda soň, 16-njy iýulda rus prezident Wladimir Putin bilen duşuşmaly.

Haçanda žurnalist Putin “dostmy ýa duşman?” diýip soranda, Tramp: “Men muny häzir hakykatdan-da aýdyp bilmeýärin” diýdi.

“Meniň bilşimçe, ol bäsdeş” diýip, Tramp aýtdy. “Meniň pikirimçe, Orsýet bilen oňuşmak, Hytaý bilen oňuşmak gowy zat.”

XS
SM
MD
LG