Rus sudy Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna, hamala Orsýetiň kanunyny ýerine ýetirmändigi, ýagny hökümetiň habar serişdelerini “daşary ýurt agentleri” diýip tagmalamak düzgünlerini berjaý etmändigi üçin jerime saldy.
Moskwa sudy 5-nji iýulda, sudýa kompaniýanyň aklawçysynyň diňlenişigi soňa goýmak talabyny ret edeninden soň, AÝ/AR-a 100 müň rubl ($1,600) jerime tölemegi buýurdy.
AÝ/AR öz kanuny mümkinçiliklerini seljerýändigini aýtdy.
Ahyr netijede bu iş AÝ/AR-a we onuň işgärlerine garşy jenaýat aýyplamalaryna iterip, onuň bu ýurtdaky işine howp salyp biler.
AÝ/AR-nyň aklawçylary kompaniýanyň ýuridiki esasdaky ygtyýarlyklaryny goradylar we hasabatyň haçan berilmelidigi barada aýdyňlygyň ýokdugygyny aýtdylar.
AÝ/AR-nyň prezidenti Tomas Kent rus sudunda AÝ/AR-syna garşy aýyp bildirilmeginiň we derhal höküm çykarylmagynyň “kompaniýanyň işine päsgel bermek we jemgyýetçilikde onuň rus işgärlerine şübhe döretmek üçin görülýän rus çäreleriniň kesgin güýçlendirilmegi” bolandygyny aýtdy.
AÝ/AR ABŞ kongresiniň goldawynda işleýär.
Bu höküm Orsýetiň Adalat ministrliginiň AÝ/AR-ny, Amerikanyň sesini (AS) we beýleki birnäçe habar gullugyny “daşary ýurt agenti” diýip tagmalamagynyň sekiz aý soňundan çykaryldy.
Bu kesgitleme prezident Wladimir Putin tarapyndan noýabrda gol çekilen we hökümete daşary ýurtdan maliýe goldawyny alýan habar serişdelerini tagmalamaga rugsat beren kanuna esaslanýar.
Bu kanun günbatar hökümetleri we hukuk goraýjy aktiwistler tarapyndan berk tankyda sezewar boldy.
Kent bu kanunyň turuwbaşdan we tutuşlygyna syýasy äheňli bolup görünýändigini aýtdy.