Orsýetde bilim alýan türkmen talyplary özleriniň türkmen banklaryndan alan VISA kartlary bilen bagly kösençlikleriň dowam edýändigini habar berýärler.
Efirde adynyň atlandyrylmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen Orsýetden habarlaşan türkmenistanly bir talyp özüniň kartyndan alyp bilýän pulunyň juda çäklidigini gürrüň berdi. Üstesine, ol talyplaryň plastik kartlaryny bankomat “ýuwudan” halatynda özleriniň juda çykgynsyz ýagdaýlara duçar bolýandygyny, şeýle ýagdaýlarda türkmen banklarynyň örän çylşyrymly çykalgalary maslahat berýändigini aýtdy.
“Iýun aýynda bank kartymdan her günde 100 rubl (1.6 dollar) töwereginde pul alyp bilýärdim. Düýn kartymdan peýdalanmak üçin ony bankomata salanymda, kartym bankomatda saklanyp galdy. Bankomatyň ekranynda “Bankyňyza ýüz tutuň!” diýen ýazgy peýda boldy. Men [Türkmenistandaky] bankyň gyssagly ýagdaýlar üçin niýetlenen telefon belgisine jaň edip, bu hadysa barada kömek soradym” diýip, talyp gürrüň berdi.
“Bankyň jogapkär işgäri bu ýagdaý boýunça özüniň gynanýandygyny, ýöne bankomatyň daşary ýurtda ýerleşýändigi sebäpli karty diňe petikläp, onuň täzesini bankdan çykardyp almalydygymy aýtdy. Ony türkmen bankyndan täzeden çykardyp almak üçin köp wagt gerek bolýar” diýip, talyp belledi.
Onuň sözlerine görä Türkmenistandan Western Union arkaly aýda 100 dollar ugradyp bolýar. Ýöne bankda bu ulgam arkaly her aý pul ugratmak üçin niýetlenen orunlaryň örän çäklidigini aýdyp, talyp sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlyk Radiosyna düýn gelip gowşan beýleki bir hatda-da daşary ýurtda okaýan talyplaryň bank kartlary bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary agzalýar. Onuň mazmunynda Türkmenistanyň prezidentine ýüzlenilip, bank kartlary boýunça dowam edýän çäklendirmeleriň aradan aýrylmagy haýyş edilýär.
“Hormatly prezidentimiz! Häzirki wagtda daşary ýurtda okaýan talyp oglan-gyzlar çykalgasyz ýagdaýlara sezewar boldy. Bank kartymyzda pullarymyz jemlenip dur, ýöne ony alyp bilmänsoň, ne pulumyz bar sowmaga, ne-de iýmitimiz bar iýmäge” diýip, daşary ýurtda okaýan türkmen talyplarynyň adyndan çykyş edilýändigi öňe sürülýän hatda aýdylýar.
“Kartymyzdan ýekeje-de teňňe çekip bilemizok. Ýat ýurtlarda aç-hor, ile göz bolup kösenýäris. Dükanlara girmäge ýüzümiz galmady. Bank kartlarymyz arkaly ne töleg geçirip bolýar, ne-de nagt pul çekip bolýar. Ýaşaýyş jaýymyzyň tölegleri entek tölenmedi...Aýdyň, men şu ýagdaýda näme etmeli?!” diýip, hatyň mazmunynda aýdylýar.
Şeýle-de onuň mazmunynda kynçylyklaryň wagtlaýyndygy, ýöne kynçylyk döwründe resmileriň ýagdaýa düşünip talyplara goldaw bermelidigi barada gürrüň edilýär, şondan soň sanlyja ýyldan talyplaryň ýurda dolanyp watana ak ýürekden halal hyzmat etjekdikleri barada wadalar berilýär.
“Kömek ediň, sizden başgasyna gep täsir etmeýär bu ýurtda!” diýip, talyplaryň adyndan ýazylandygy aýdylýan hatyň awtorlary türkmen prezidentine ýollan hatyny jemleýär.
Soňky bir ýylyň dowamynda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň türkmen banklaryndan alan kartlary bilen bagly kösençlikleri dogrusynda Azatlyk Radiosyna yzly-yzyna jaň edilip hat ýollanýar. Azatlyk agzalýan hatlaryň, edilýän jaňlaryň mazmuny bilen okyjydyr diňleýjilerini tanyşdyryp gelýär.
Mysal üçin iýunyň ortasynda Täjigistanda okaýan türkmen talyplary öz kartlaryndaky maliýe serişdelerini ne nagtlaşdyryp bilýändiklerini, ne-de beýleki bank amallaryny amala aşyryp bilýändiklerini aýdyp Azatlyk bilen habarlaşypdy.
Azatlyk Radiosy bilen Orsýetiň Saratow regionyndan habarlaşan türkmenistanly student türkmen VISA we Mastercard plastik kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp ýa-da nagt däl hasaplaşyklar üçin ulanyp bolmaýandygyny we munuň bilen bagly studentleriň umumy ýaşaýyş jaýyndan kowulmak, ýatmaga ýer tapmazlyk ýaly dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny gürrüň berdi.
Şol sanda Ukrainada, Belarusda, Tatarstanda we şuňa meňzeş beýleki ýurtlarda okaýan türkmen talyplary hem özleriniň bank kartlary bilen bagly maliýe kynçylyklaryny ýurduň häkimiýetlerine eşitdirmek arzuwy bilen Azatlyga hat ýollady.
Görnüşinden, türkmen resmileri öňe sürülýän ýagdaýlar barada çykalga hödürlemäni gelýär.
Adatça, tomus paslynda talyplar dynç alşa Türkmenistana gidýär.