Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýeliler Erdoganyň häkimiýetden ýapyşmagyny synaga salýan saýlawlarda ses berýärler


Ses berýän aýal. Stambul, 24-nji iýun, 2018.
Ses berýän aýal. Stambul, 24-nji iýun, 2018.

Türkiýede prezident Rejep Taýyp Erdoganyň 15 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän barha ýokarlanýan awtoritar dolandyryşyny synaga salýan prezident we parlament saýlawlary üçin ses berişlik başlandy.

Ozal bölünen oppozisiýa partiýalary, öz sözleri bilen aýdylanda, Erdoganyň “bir adamly dolandyryşa” tarap ýörişini togtamak üçin, gowuşgunsyz hem bolsa, bir bileleşige jemlendiler.

Erdogan aprelde, öz häkimiýetini has berkitmek üçin, prezident we parlament saýlawlarynyň 24-nji iýunda, ozalky planlaşdyrylyşyndan 17 aý öň geçiriljekdigini yglan etdi.

2017-nji ýylda geçirilen gapma-garşylykly referendumdan soň tassyklanan konstitusiýa düzedişleri astynda Türkiýe parlament dolandyryşyndan prezident sistemasyna geçýär.

Bu geljekki prezidente has giňeldilen ygtyýarlyklaryň berilmegini, premýer-ministriň wezipesiniň ýatyrylmagyny, parlamente prezidentiň öz ygtyýarlyklaryny nädogry ulanmgynyň garşysyna durmaga kömek etjek köp barlag we deňagramlylyk çäreleriniň ýok edilmegini aňladýar.

Bu özgerişler saýlawlardan soň güýje girer. Emma muňa garamazdan, Erdogan we onuň dolandyryjy partiýasy başda garaşylyşyndan has berk bäsleşik bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.

Pikir soramalary ses berişligiň 8-nji iýulda ikinji tapgyrdaky bäsleşige hem getirip biljekdigini we Adalat we galkynyş partiýasynyň (AKP) 16 ýyldan soň öz parlament köplügini ýitirmek ähtimallygynyň bardygyny görkezýär.

Erdoganyň baş bäsdeşi esasy oppozisiýa partiýasynyň – Jemhuriýet halk partiýasynyň (JHP), dünýewi toparyň lideri Muharrem Inçe bolup durýar.

JHP-nyň liderini täze döredilen Milli ýaranlyk hem goldaýar, olaryň hatarynda dünýewi sosial demokratlar, şol sanda merkez-sagçy konserwatiwler, milletçi liberal konserwatiwler, şeýle-de konserwatiw yslamçylar bar.

Milli ýaranlygyň parlament dalaşgärleri, eger parlamentde köplügi gazanyp bilseler, Erdogan tarapyndan goldanylýan we 2017-nji ýyldaky gapma-garşylykly referendumda zordan tassyklanan konstitusiýa düzedişlerini yzyna serpikdirmäge synanmagy wada berdiler.

Saýlawyň öňüsyrasynda ýüzlerçe müň adam Maltepe kenarynda, Stambulyň Aziýa tarapynda Inçäniň soňky saýlaw çykyşyny diňlemäge toplandy we munuň soňy Izmirde, Ankarada we beýleki ýerlerde köpçülikleýin ýygnanyşyklara ýazdy.

Öz sözleri bilen aýdylanda, Erdoganyň “bir adamly dolandyryşyny” soňlamagy wada beren ozalky fizika mugallymy bu ýygnanayşyklara 5 million adamyň çekilendigini aýtdy, emma resmi hasaplamalar eleýterli bolmady.

Inçe märekä ýüzlenip, eger-de özi ýeňse, “munuň diňe Inçäniň ýeňşi bolmajakdygyny, 80 million adamyň ýeňşi boljakdygyny, Türkiýäniň ýeňjekdigini” aýtdy.

23-nji iýunda Stambulda bäş ýygnanyşyk geçiren Erdogan goldawçylaryny saýlaw uçastokalrynda hüşgär bolmaga çagyrdy.

Erdogan ilki premýer-ministr bolup, 2014-nji ýyldan bäri bolsa prezident hökmünde türk syýasatynda 15 ýyldan gowrak wagt bäri agalyk edýär. Ol ilatyň uly bölegi tarapyndan goldanylyp gelýär.

Selahattin Demirtas, tussag edilen türk-kürt syýasatçysy hem kürtlere tarapdar Halk demokratik partiýasynyň kandidaty bolup durýar. Ol öz saýlaw kampaniýasyny türmeden, 2016-njy ýylyň noýabryndan bäri saklanylýan ýerinden alyp bardy. Demirtas kürt jeňçileri bilen gatnaşykda aýyplanyp, suda garaşýar we özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Kürtler Türkiýänň 78 million ilatynyň 18 prosente golýayny düzýär we esasan gündogar sebitlerde ýaşaýar. Olaryň parlament saýlawlarynyň netijeleri barada karar çykarylanda esasy roly oýnamagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG