Türkiýede geçirilýän üstümizdäki prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi mundan ozalky prezidentlerinden has köp wezipe ygtyýarlyklara, şol sanda hem hökümetiň hem-de döwletiň ýolbaşçysy hökmünde höküm çykarmak hukugyna, şeýle-de parlamenti dargatmak hukugyna eýe bolar.
Wezipe başyndaky Rejep Taýýip Erdoganyň täzeden saýlanmagynyň öňüne geçmäge hyýallanyp, biri-birinden tapawutly partiýalar 24-nji iýunda geçirilýän parlament we prezidentlik saýlawlarynda bäsleşmek üçin täsin ýaranlyklarda jem bolýarlar.
Täzelikde döredilen “Millet” ýaranlygy prezidentlik wezipesine dünýewi oppozision partiýasy bolan Respublikan Halk Partiýasynyň (JHP) hödürlän dalaşgäri Muharrem Injäni goldaýar.
Bu ýaranlyk dünýewi sosial demokratlary, merkez-sag konserwatiwleri, milletçi konserwatiwleri we konserwatiw yslamçylary öz içine alýar.
“Millet” ýaranlygyndan mejlise dalaş edýän kandidatlar ýurduň kanun çykaryjy häkimiýetinde agdyklygy gazansalar, ýurtda 2017-nji ýylyň jedelli referendumynda tassyklanan konstitusion üýtgeşmeleri yza saramagy wada berýärler. Agzalýan üýtgeşmeler üstümizdäki saýlawlardan soň güýje girip, onuň netijesinde Türkiýede häkimiýet parlamentar sistemadan prezidentlik sistemasyna geçýär.
Prezidentiň wezipe ygtyýarlyklaryny giňeltmek bilen bir hatarda, agzalýan üýtgeşmeleriň netijesinde premýer ministriň wezipesi aradan aýrylýar, şol bir wagtyň özünde mundan ozal parlamentiň prezidentiň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmagyna garşy çykmagyna ýardam berýän gözegçilik mehanizmleri ýatyrylýar.
Erdoganyň Adalat we Galkynyş Partiýasy (AKP) we onuň körpe hyzmatdaşy bolan uzak-sag Milletçi Hereket Partiýasy (MHP) Erdoganyň hökmürowanlygyny mäkämlemek üçin Konsititusiýa girizilen üýtgeşmeleriň taslamasyny taýýarlap olary mejlisden geçirdiler. Köp sanly ekspertler Erdoganyň döwlet dolandyryşynyň barha awtoritar häsiýete eýe bolýandygyny aýdýarlar.
Oppozisiýanyň dalaşgäri – umyt uçguny
Soňky aýlarda ýurduň ykdysadyýetiniň ýaramazlaşmagy, Erdoganyň regiondaky kürtleriň garşysyna gitmegi we 2016-njy ýylda başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyndan soň onuň syýasy garşydaşlaryna zabun daramagy Erdoganyň abraýyna oňaýsyz täsir edýän ýaly.
Ýöne şonda-da, onuň öňümizdäki bäş ýyllyk möhlete prezidentlik wezipesine saýlanmaga uly mümkinçiligi bardyr öýdülýär.
Pikir soraşyklaryň netijelerine görä, saýlawlar adalatly geçirilen ýagdaýynda Erdogana birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak kyn bolar, şeýlelikde onuň 8-nji iýulda Injäniň garşysyna çykmak ähtimallgy ýokarydyr.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Ýakyn Gündogar institutynyň Türkiýäni öwrenmek boýunça bölüminiň direktory Gönül Toluň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “üstümizdäki saýlawlar Erdoganyň ýolbaşçylygynda awtoritarlyga tarap barýan Türkiýäni yza dolamakda belki-de iň soňky şans, ýa-da iň soňky çykalgadyr”.
Toluň pikirine görä, saýlawlar adalatly geçirilen ýagdaýynda, Injäniň ikinji tapgyrda Erdogany ýeňmek mümkinçiligi bar.
“Ýöne munuň hötdesinden gelmek üçin, Inje Türkiýäniň çar künjünde ýaşaýan kürt saýlawçylaryň göwüni almaly, mundanam has wajyby, ol Erdoganyň hökümete ýolbaşçylyk eden döwründe dini azatlyklara eýe bolan AKP-li dini konserwatiwleri, olaryň eýe bolan azatlyklaryndan mahrum bolmajakdygy dogrusynda, ynandyrmagy başarmaly” diýip, Tol aýtdy.
“Eger-de saýlawlar adalatly geçirilse, birinji tapgyrda Erdoganyň öňüni almak üçin oppozisiýanyň örän uly mümkinçiligi bar” diýip, düýbi Waşingtonda ýerleşýän Ikipartiýaly syýasy merkeziň analisti Nik Danfort Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Ikinji tapgyrda oppozisiýanyň ählisi Injäni goldap, sesler hem adalatly sanalan ýagdaýynda Inje hökmany suratda Erdogany ýeňer. Ýöne biz bu ýerde “eger-de” sözüni aýratyn nygtamaly bolýarys” diýip, Danfort aýtdy.
Kürtleriň sesi – parlamente gözegçiligiň kepili
“Bu aralykda, oppozisiýanyň parlamentde köplügi gazanyp bilmekleri üçin Halklaryň Demokratiki Partiýasynyň (HDP-niň) umumy sesleriň 10 göterimini gazanmagy zerur bolup durýar” diýip, Tol aýtdy.
Syýasy analistiň ynanjyna görä, ýagdaý şeýle bolan halatynda, AKP-niň we onuň ýaranlarynyň parlamentde agdyklygy gazanmagy tas mümkin däl diýen ýaly.
Danfort oppozisiýanyň Türkiýede 2017-nji ýylda geçirilen saýlawlarda bidüzgünçiklere ýol berlendigini beýan etmegi bilen, üstümizdäki saýlawlar boýunça-da degişli galplyklar babatynda aladalanma bildirilýändigini aýtdy. Geçen ýylky saýlawlarda 1.5 million galp sesiň ulanylandygy öňe sürlüpdi.
“Mundan ozal Türkiýede sesleriň sanalmagyndaky adalatsyzlyk boýunça bu dereje aladalanma bildirilmändi, hususan-da ýaşaýjylarynyň aglaba bölegi kürtlerden ybarat bolan günorta-gündogar regionlarda şeýle aladalar has köp göze ilýär” diýip, Danfort AÝ/AR-a gürrüň berdi.
“Parlamentde köplügi gazanmak üçin, Erdogan esasan kürtleriň goldaýan partiýasyny 10 %-den aşakda saklamaly bolar. Eger-de olar saýlawçylara basyş edip, ýa-da galp ýollar arkaly munuň hötdesinden gelmegi başarsalar, onda AKP arkaýyn parlamentde agdyklyga eýe bolar” diýip, Danfort belledi.
“Ses berişlik babatdaky galplyklar beýlede dursun, onsuzam 2018-nji ýylyň prezidentlik we parlament saýlaw kampaniýalary erkin we adalatly däl” diýip, Tol belledi.
Onuň pikirine görä, döwlet agdarylyşyk synanyşygyndan soň Erdoganyň ýurtda yglan eden “adatdan daşary ýagdaýy” medianyň işini çäklendirdi.
Bu ýagdaý kürt kampaniýaçylarynyň hem 10 %-den aşmak mümkinçiliklerine uly zarba urdy.
2015-nji ýylda mejlise saýlanan HDP-li kanun çykaryjylaryň 10-dan gowragy terror aýyplamalary esasynda tussag edildi. Bu çäreleri “Human Rights Watch” guramasy syýasy matlaply häsiýetlendirýär.
HDP-niň prezidentlik wezipesine hödürlän dalaşgäri Selahattin Demirtaş hem saýlaw kampaniýasyny türmedäki hüjresinden ýöredýär. Ol hem terror aýyplamalary esasynda sud edilmäge garaşýar. Halkara hukuk goraýjy toparlar bu aýyplamalary toslama häsiýetlendirýär.
Günorta-gündogar Türkiýede HDP-niň 50-den gowrak agzasy, olaryň pikir soraşyk geçirýän kömekçileri , şeýle-de bu partiýa egindeş guramanyň, ýagny Demokratiki Birlik Partiýasynyň (DTP-niň) ýokary derejeli agzalary 20-nji iýunda saklandy. Bu regionda esasan kürtler ýaşaýar.
Saýlaw resmileri günorta-gündogar Türkiýede saýlaw uçastoklarynyň ýerlerini çalyşdy. Kürt saýlawçylary onýyllyklaryň dowamynda degişli ýerlerde ses berip gelýärdiler.
HDP bu çärelere öz wekilleriniň parlamente saýlanmaklarynyň öňüni almak üçin edilýän tagalla hökmünde garaýar.
HDP-niň liderleri günorta-gündogar Türkiýede geçiriljek saýlawlarda bidüzgünçilikleriň we galplygyň gutulgysyzdygyny aýdýar.
Olar 10 % resmi sesi gazanmak üçin özlerine azyndan umumy sesiň 15 %-ni gazanmagyň zerurdygyny aýdýar.
Saýlawlardan soň
“Eger-de Erdogan prezidentlik saýlawlarynda ýeňiji bolup, hökümet başyndaky partiýa parlamentde köplügi elden giderse, onda-da parlament Erdogana gözegçilikde belli bir derejede rol oýnap biler” diýip, Tol belleýär.
“Ýöne oppozisiýa parlamente gözegçiligi ele geçiräýen ýagdaýynda-da türk demokratiýasyny öňki kaddyna getirip, öz funksiýasyny ýerine ýetirýän demokratiki sistema eýe bolmak örän kyn bolar” diýip, Tol aýdýar.
“Türk demokratiýasy üçin iň gowusy oppozisiýanyň hem parlamentde köplüge eýe bolmagy hem-de prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanmagydyr” diýip, Tol belleýär.
Ýöne ýagdaý şeýle bolaýan halatynda-da, “Millet” ýaranlygyny emele getirýän partiýalaryň Erdogana we AKP-ä garşy çykmakdan daşgary meselelerde birek-birege garşy gitmekleri, bu ýaranlygyň Türkiýäni ýeke adamdan halas etmek üçin berk durup, agzybir hereket edip etmejekdikleri dogrusynda soraglary döredýär.