Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köýtendaglylar çörek nobatyna gijeden durup başlaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň merkezindäki döwlete degişli çörek dükanlarynda çörek satylmaýar.

Öz adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan Köýtendag etrabynyň ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, bişirilýän çöregiň mukdary juda az bolanlygy sebäpli, soňky hepdelerde çörek dükanlaryna çörek getirilmän, ony çörek bişirilýän pekarnýada satuwa çykarýarlar.

“Ilat gijesi bilen çörek nobatyna durýar. Bişip ýetişen çöregi satuwa çykarýarlar. Bir ele bir buhanka çörek berilýär. Uly ýaly adamlara her gün bir ele bir buhanka çörek satylýar. Ertesi güni çagalara çörek satylýar. Uly ýaşly adamlar ýany bilen çagasyny alyp baryp, oňa hem bir buhanka çörek berilmegini sorasalar: “Çagalar erte gelmeli” diýlip, ejesiniň ýa kakasynyň ýany bilen gelen çaga çörek satylmaýar. Çagalara çörek satylmaly güni bolsa, çagasyny pekarnýa alyp gelen ene-atalara çörek berilmeýär. Geň düzgün” diýip, ilatyň bu girizilen düzgünden juda nägile bolýandygyny ýaşaýjy aýdýar.

Lebap welaýatynyň Köýtendag, Dostluk we Hojambaz etraplarynda şu ýyl bugdaý hasylynyň juda pes bolandygyny hem ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Bugdaý hasylynyň ýetişigi juda gözgyny ýagdaýda. Suw ýetmezçiligi, ýylyň gurak gelmegi sebäpli, bugdaýlaryň ýerden bir garyş saýlanyp oturan ýerleri juda kän boldy. Akar ýaplaryň sakasyna has golaý ýerlerde ekilen atyzlarda gowy hasyl ýetişen ýerler hem kän. Şol ýerlerden hem türkmen telewideniýesi üçin mahabatly gepleşikleri taýýarlaýarlar. Emma akar ýaplaryň aýagynda suw ýetmeýän ýerlerde bugdaýlaryň halys guran ýerleri hem kän boldy. Akar ýaplaryň sakasyndaky oňat hasyl berýän ýerler bolsa daýhan birleşikleriniň, geňeşligiň başlyklarynyň, agronomlaryň, brigadirleriň we beýleki emeldarlaryň öz ýerleri. Olar üçin suw hem ýeterlik bolýar, tehnikada, dökünem ýeterlik bolýar. Olar geregiçe gowy hasyl hem alýarlar. Emma ýönekeý daýhana suw hem ýetenok, dökünem ýetenok, tehnika-da berlenok. Şol sebäpli daýhanlar geregiçe hasyl hem alyp bilmän, ýylyň-ýylyna bergidar çykýarlar” diýip, ýaşaýjy aýdýar.

Bugdaý oragynyň başlanyp, ammarlara bugdaý hasylynyň baryp başlandygyna eýýäm iki hepdeden gowurak wagt bolan bolsa-da, ilatyň un-çörek meselesi ozalkysy ýaly kyn bolmagynda galýar.

“Adam başyna aýda berilýän 5 kilogram uny hem wagtynda alyp bilmän kösenýäris. Ol 5 kilogram unuň hem 4 kilogramyny türkmenistanyň özünde öndürilen birinji sortly undan berseler, bir kilogramyny ikinji sortly undan berýärler. Ikinji sortly un bolsa, kepekden enaýy däl. Ondadam ilat bir zat berilse kaýyl bolup alýarlar. Iýmäge ýaramsyz bolsada onuň bahasy hem birinji sortly unuň bahasyndan satylýar” diýip, ýaşaýjy sözüne goşýar.

XS
SM
MD
LG