Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 'öwülýän we bogulýan' senetçi bolan halyçylara gowy durmuşy wada berdi


Aşgabatdaky haly bazary. 1994.
Aşgabatdaky haly bazary. 1994.

Türkmenistanyň prezidenti pagtaçylykda dowam edýän mejbury zähmetiň ýazgarylmagynyň fonunda ýurduň dokma senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur çäreleriň görüljekdigini söz berdi, emma pagta we dokma senagatyndaky problemalary agzmady.

Ýerli synçylar türkmen halyçylarynyň "öwülýän we bogulýan" senetçiler bolandygyny, pagtaçylygyň bolsa, oba ilatynyň garyp düşmegine we döwürden yza galmagyna, ýerleriň şorlamagyna sebäp bolandygyny belleýärler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezekki "gowy ýaşaýayş" wadasyny Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli çap etdiren ýüzlenmesinde gaýtalady, şol bir wagtda-da ol türkmen pagtasynyň mejbury zähmet netijesinde ýygylýandygy baradaky tankydy eşitmezlige saldy.

27-nji maýda Aşgabatda “Dünýä nusgalykdyr türkmen dokmasy” diýen at bilen dokma we haly önümleriniň halkara sergisi, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisi öz işine başlady diýip, TDH habar berýär.

Adatça bolşy ýaly, döwlet eýeçiligindäki metbugatda ýurduň dokma senagatyna ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilýändigi we iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen täze dokma toplumlarynyň, haly kärhanalarynyň gurulýandygy nygtalýar, halyçylar barada öwgüli sözler aýdylýar, emma olaryň problemalary agzalmaýar.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň dokma senagatynyň işgärleriniň güni Birleşen Ştatlaryň türkmen pagtasynyň we türkmen pagtasyndan öndürilen önümleriň amerikan topragyna getirilmegini gadagan eden wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen pagtasynyň we pagta önümleriniň ABŞ-a getirilmeginiň gadagan edilmegi Türkmenistanyň oba hojalygynda, hususan-da pagtaçylykda giňden ulanylýandygy aýdylýan mejbury zähmet bilen bagly.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýekti we hukuk goraýjylaryň global koalisiýasyndan durýan “Pagta kompaniýasy” 23-nji maýda metbugat üçin beýanat çap edip, amerikan häkimiýetleriniň türkmen pagtasy barada gelen kararyny gutlady.

Bu kampaniýanyň agzalary özleriniň pagta önümçiliginde çaga zähmetini we mejbury zähmetiň ulanylmagyny köki-damary bilen köwläp aýyrmagy maksat edinýändiklerini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, ýerli synçylaryň bellemegine görä, Türkmenistanda mejbury zähmetiň soňuna çykmak üçin ABŞ häkimiýetleriniň türkmen pagtasy babatda gelen karary asla ýeterlik däl.

Gündogar” saýtynyň baş redaktory Baýram Şyhmyradowyň ABŞ-nyň Söwda departamentiniň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, Birleşen Ştatlar soňky on ýylda bary-ýogy 184 million dollarlyk türkmen pagtasyny we pagta önümlerini satyn aldy, bu şol wagt içindäkitürkmen eksportynyň 0,2 prosentini düzýär.

Eger aýratyn pagta we gaýtadan işlenen pagta önümleri babatda alnanda, Türkmenistan soňky 10 ýylda bu ugurdaky harytlaryň 5,3 milliard dollarlygy satdy we ol serişdäniň diňe 3,5 prosenti ABŞ-a düşýär diýip, Şyhmyradow ýazýar we türkmen pagtasynyň esasy alyjylarynyň Türkiýe (80 prosentden gowrak), Russiýa we Pakistan ýaly ýurtlardygyny belleýär.

Türkmenistan pagtaçylyk sowet ýyllarynda, Moskwadan berilýän real däl pagta planlaryny doldurmak talaby astynda mejbury zähmete öwrüldi we gowaça ekişinden başlap, pagta doly ýygnalýança çagalary, aýal-gyzlary agyr şertlerde işletmek kadaly bir zada öwrüldi diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Türkmenistan garaşsyz ýurt bolansoň çaga zähmetiniň ulanylmagyna garşy kanun kabul etdi, emma pagtaçylykdaky mejbury zähmet saklanyp galdy we her ýyl häkimiýetleriň meýdandaky hasyly ýygnamak üçin býujet işgärlerini zor bilen pagta sürýändigi, özi pagta çykyp bilmedik adamlaryň ýerine pagtaçy tutýandygy barada maglumatlar ýaýraýar.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşýän ýerli synçylar, ýokary bilimli agronomlar Türkmenistanyň oba hojalygynda sowet döwründäki dolandyryşyň we korrupsiýanyň tas dolulygyna saklanyp galandygyny, daýhanlaryň real däl pagta planynyň üstesine real bolmadyk bugdaý planyny hem dolmaga mejbur edilýändigini, bu mejburlygyň daýhanlary we ýurdy ýyl-ýyldan garyp düşürýändigini aýdýarlar.

Mundanam başga, Azatlyk radiosynyň ýerli çeşmeleri soňky ýyllarda kärendesine ýer alyp, oba hojalyk önümlerini öndürmek isleýän adamlaryň barha azalýandygyny, sebäbi döwletiň satyn alyş nyrhlarynyň kän üýtemeýändigini, durmuşyň bolsa onlarça esse gymmatlandygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG