Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewi 15-nji maýdaky sil başagaýlaygyndan soň ikinji gezek tankyt etdi. Emma synçylar Aşgabadyň sil meselesiniň käýinç bilen düzederden has çökderdigini belleýärler.
Durdylyýewe mundan öň Aşgabady “gapyl basan” silden iki gün soň, 17-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda goranmak ministri we beýleki birnäçe resmi bilen bilelikde, käýinç yglan edilipdi. Şeýle-de şol gün goranmak ministriniň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça orunbasary Röwşen Orazmämmedow wezipesinden boşadyldy.
Soňky on ýylda geçirilýän hökümet maslahatlarynda Aşgabady abadanlaşdyrmak, ony dünýäniň iň bir gözel we ýaşaýjylar hem myhmanlar üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek hakynda yzygiderli gürrüň edilýär, köçeleri abadanlaşdyrmak, ofis we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin millionlarça dollar harçlanýar.
Ýöne indi, 15-nji maýda gelen silden we prezidentiň öz egindeşlerine beren käýinjinden görnüşine görä, Aşgabadyň inženerçilik-tehniki düzümleriniň işi talaby ödemeýär we gurlan gymmatbaha desgalaryň tebigy hadysalara näderejede taýýardygy gaýtadan gözden geçirilmeli.
Şol bir wagtda türkmen telewideniýesi, adatça bolşy ýaly, Durdylyýew bilen Berdimuhumedowyň arasynda“Berkarar” söwda merkeziniň we ýaşaýayş jaýlarynyň ýerzeminlerini suwdan dolduransilden bäri bolan gürrüňleri kesip ýa teswirläp berýär we hakykatda şäher gurluşygynda goýberilen kemçilikler zerarly näçe zyýan çekilendigi, ol zyýanyň öwezini dolmak üçin indi anyk nähili çäreleriň görüljekdigi aýdyň bolman galýar.
Bellemeli ýeri, sil suwundan ýetendigi çaklanylýan zyýan ýurduň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän, milli walýutanyň barha kän hümmetini gaçyrýan we azyk, senagat harytlarynyň yzygiderli gymmatlaýan wagtyna gabat geldi.
Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen synçylar we ozalky aşgabatly Nurmuhammet Hanamow Aşgabadyň inženerçilik-tehniki düzümleriniň işi ýa-da paýtagtyň sil gelmegi, ýer yranmasy, güýçli ýel, harasat turmagy ýaly tebigy hadysalara taýýarlygy meslesinde hakykatda şäher häkimi bilen prezidentiň özüniň hem deň jogapkärdigini, sebäbi onuň desgalaryň hiline däl-de, esasan bellenen wagtynda hem-de dabaraly açylyşyna üns berýändigini belleýärler.
Olaryň pikiriçe, Berdimuhamedow 21-nji maýda geçiren iş maslahatyndaAşgabat şäherinde geçirilýän abadanlaşdyryş işleriniň depginlerinden 17-nji maýda hem nägilelik bildirilendigini ýatladyp, hiç bir anyk zat aýtmady, muňa derek ýurduň “baş şäherinde alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny” bellemek,degişli çäreleri görmegi talap etmek bilen çäklendi.
Häzir Wenada ýaşaýan türkmen syýasatçysy Nurmuhammet Hanamow Aşgabadyň sil suwunyň öňündäki ýagdaýyny ozal öňki prezident S.Nyýazowyň agyrlaşdyrandygyny, onuň Hudaýberdiýew köçesiniň üstünden gelýän siliň öňüni bekläp, başga sowalga gurmak teklibine göz ýumandygyny hem sözüne goşdy.
Geçen ýylyň sentýabrynda Ahalyň käbir obalarynagelen silden soň Berdimuhamedowyň hökümeti hem sil sowalgasy teklibini ýada saldy, ýöne onuň yzy bolmady.
Ýogsa, TDH-nyň habar bermegine görä, Aşgabadyň günorta bölegine sil suwlarynyň inmeginiň öňüni almak maksady bilen, Oba we suw hojalygy ministrliginiň “Türkmensuwylmytaslama” instituty hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hünärmenleri topogeodeziýa gözleg işlerini geçirip, degişli hasaplamalary hem-de desganyň şekil taslamasyny taýýarlady.
N.Hanamowyň pikirine görä, Aşgabadyň inžnerçilik-tehniki ýagdaýy Berdimuhamedowyň gurluşyk işlerine gatyşmagy bilen has ýaramazlaşdy, jaýlaryň aşagyndaky ýerasty suwlaryň derejesi ýokary galdy, olary sorýan nasoslar işlemeýär we soňky gelen sil bu ýagdaýyň has-da çylşyrymlaşyp, ilat üçin uly meselä öwrülip biljekdigini görkezdi.