Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 17-nji maýda aýtmagyna görä, häzirki wagtda suwuň üýşen ýerlerini arassalaýarlar: “Esasan Atatürk, öňki Sowetskaýa we Podwoýskowo köçelerinde. Häzir bu köçeleri bölekleýin ýapyp, arassalaýarlar, soň bolsa ýuwýarlar”.
Читайте также на русском
Mundan bir gün öň ýagyşdan soňky bu arassalaýyş işlerine kommunal hyzmatlaryň işgärlerinden başga-da, käbir döwlet edaralaryň işgärleriniň hem çekilendigi habar berlipdi. Aşgabadyň ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu işler 17-nji maýda irden hem dowam etdirilipdir: “Hawa, hemmäni çekdiler we şu gün irden köpüsi suw alan köçeleri arassalaýarlar” diýip”.
Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, birnäçe günläp ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, Türkmenistanyň paýtagtynyň merkezi köçeleri, şol sanda Türkmenbaşy şaýoly we bu ýerde ýerleşýän binalary ýagyş suwy basypdyr.
Aşgabatda dörän ýagdaýy görkezýän wideolar we suratlar dessine sosial mediada peýda boldy.
Azatlygyň habarçylary 17-nji maýda ýagşyň umuman ýagmandygyny, topragyň gurap başlandygyny, emma ýollarda palçygyň köpdügini habar berdiler. Şeýle-de, olar “elitniý” diýilýän jaýlaryň aşaky gatlarynda we awtoduralgalarda suwuň köpdügini, awtoulaglaryň suwda durandygyny habar berdiler.
Aşgabadyň iri söwda merkezi “Berkararyň” aşaky gatlaryny hem suw aldy.
Munuň bilen bir wagtda Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabadyň beýleki böleklerinde merkeze garanda onçakly köp suw ýygnanmandyr.
“Bärde bar zat kadaly we Mir köçesindäki ähli toneller gurak, suwy wagtynda aýyrdylar” diýip, Parahat mikroraýonunyň ýaşaýjysy 17-nji maýda Azatlyk Radiosyna habar berdi.
Aşgabatda ýagyş suwunyň iň köp ýygnan böleginde hökümet binalarynyň, edaralaryň, myhmanhanalaryň we ýokary oňaýlykly kaşaň ýaşaýyş jaýlar ýerleşýär.
“Hut bu protokol köçelerinde we şol ýerde ýerleşýän köpgatly elitkalarda drenaž sistemasy ýok, diňe ýagyş suwuny ýygnaýan kanalizasiýa göz öňünde tutulan, olam doly güýjünde işlemeýär, dessine hapalanýar” diýip, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleriniň biri belledi.
Ýerli synçylaryň pikirine görä, güýçli ýagyndan soň suwuň ýygnanmagynyň sebäpleriniň biri ýollaryň we binalaryň proýektirlenmegindäki we gurluşygyndaky näsazlyklar bilen bagly bolmagy mümkin. Aşgabadyň birnäçe ýerlerini öňem suw basypdy.
Döwrüň ösen tehnologiýalarynyň ulanylmagynda gurlan giň ýollar, betondan we mermerden gurlan kaşaň binaly Aşgabadyň häzirki görki 1990-njy ýyllarda emele gelip başlapdy. Ençeme milliard dollarlyk gurluşyklaryň çäginde bina edilen desgalaryň birnäçesi şondan bäri sökülip, gaýtadan guruldy, muňa döwlet gaznasyndan goşmaça serişdeler sarp edildi. Häzirki wagtda Aşgabatda millionlarça dollarlyk ýene azyndan iki sany kaşaň myhmanhananyň gurulmagyna garaşylýar.
“Bu sildir”
Munuň bilen bir wagtda-da, Azatlygyň habarçylary ýagyndan soň Aşgabadyň köçelerinde palçylygyň emele gelendigini, ony köçelerden ýygnap äkidýändigini habar berýärler.
“Palçyk dagyň eteginden geldi, bu uly bolmadyk bir sildir” diýip, Azatlyga aşgabatly synçy aýtdy. Mundan bir gün ozal Azatlygyň çeşmeleri geçen hepdede Aşgabadyň töweregindäki daglarda siliň emele gelendigini habar beripdi.
Emma sil we birnäçe günläp paýtagtda ýagan ýagyn barada döwletiň gözegçiligindäki media serişdeleri habar bermedi, bu ýagdaýy ýurt resmileri hem agzamady.
Türkmenistanda tebigy ýagdaýlar, şol sanda weýrançylykly hadysalar barada adatça habar berilmeýär.
2017-nji ýylyň awgust aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Ahal we Balkan welaýatlarynyň ençeme etraby silden weýran boldy. Azatlyk Radiosynyň tassykladyp bilen maglumatlaryna görä, 30 çemesi adam wepat boldy. Mallaryň müňlerçesi heläk boldy, elektrik we gaz üpjünçilik sistemasy sandan çykdy.
Türkmenistanyň hökümeti geçen ýylky sil barada maglumatlary resmi derejede tassyklamady, emma garaşsyz media maglumatlaryndan soň, Aşgabadyň daşynda siliň gelmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri kabul etdi. 2017-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda prezident Berdimuhamedow ýörite proýekti tassyklady.
Prezident suw basan şähere dikuçarly aýlandy
15-nji maýda Aşgabady suw alan wagtynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagta dikuçarly aýlandy.
Döwlet mediasy prezidentiň “şäheriň sosial infrastrukturasynyň ösüşi we abadanlaşmagy” bilen tanyşandygyny habar berdi. Resmi maglumatda döwlet baştutanynyň territoriýalaryň ekologik ýagdaýyna esasy üns berendigini belledi, emma suw joşgunyny agzamady.
Şaýatlaryň sözlerine görä, edil şol pursatda şäher ýagyş zerarly tas suwa çümüpdi. “Prezident düýn ýene-de dikuçarly aýlandy. Şonda tutuş şäheri ýagyş suwy alypdy. Awtoulaglar sözüň hakyky manysynda ýüzýärdi. Telewizorda, bolsa, onuň şäheriň nädip abadanlaşýandygyny görendigini habar berdiler” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlyk bilen söhbetdeşliginde belledi.