Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy 21,5 manada ýetdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy rekord derejä ýetip, 18-nji maýda 1 amerikan dollary 21,5 manada barabar boldy. Munuň bilen bir wagtda, welaýatda azyk we gurluşyk harytlarynyň bahasy hem barha gymmatlaýar.

“Şu gün 1 amerikan dollarynyň bahasy 21,5 manada ýetdi. Geçen hepde dollaryň gara bazardaky nyrhy 18 manatdan 19 manada ýokarlanypdy” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, welaýatda dollaryň nyrhy rekord derejelere ýetýän mahaly, azyk we gurluşyk harytlarynyň bahasy “her sagatda gymmatlaýar, şol sebäpli adamlar öz öýlerini gurup ýa-da başlan gurluşygyny tamamlap bilmeýärler”.

“1 kilogram şekeriň bahasy 18-20 manat aralygynda, 5 litr günebakar ýagy 140 manat, 1 kilogram gazak uny 10-12 manat. Hojalyk harytlaryndan başga gurluşyk harytlarynyň hem golaýyna barar ýaly däl. Uzynlygy 6 metr, ini 15 santimetr bolan doskanyň bahasy öň 20 manatdy, indi 200 manat. 4 metr we 80 santimetr ölçegindäki çerepisa öň 60 manatdan satylýardy, häzir 300 manada durýar. 4 litr kraska, boýag öň 30 manatdy, indi 180 manatdan satylýar. Plastik penjireler hem 300 manatdan 1200 manada çenli gymmatlady” diýip, ýurduň demirgazyk welaýatyndaky çeşmämiz gürrüň berdi.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçylarymyz paýtagtda häzir 1 amerikan dollarynyň 18,5 manada barabardygyny, ýöne şu hepde iki günüň dowamynda dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň 19-21 manat aralygynda bolandygyny aýtdylar.

Ýatladyp geçsek, 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda dollaryň söwdasy ýatyryldy we şondan bäri onuň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanyp galýar. Bu bolsa, soňky 2,5 ýylyň dowamynda dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň kem-kemden ýokarlanmagyna getirdi.

Geçen hepdäniň ahyrynda onuň türkmen manadyna görä hümmeti rekord derejä ýetip, Daşoguzda 1 amerikan dollary 19 manada barabar boldy. Bu waka, welaýatda käbir azyk harytlarynyň, hususanda, dermanlaryň ençeme görnüşiniň 300% gymmatlan mahalyna gabat geldi.

Galyberse-de, 2016-njy ýylyň ýanwaryndan bäri Türkmenistanda bankdan konwertasiýa edip bolýan ýa-da öz hasabyňdan alyp bolýan daşary ýurt walýutasyna, şeýle-de “Western Union” we “MoneyGram” arkaly daşary ýurda ugradyp bolýan puluň möçberine, import bilen meşgullanýan telekeçileriň Merkezi bank arkaly manady dollara öwürmek düzgünlerine ençeme tapgyr çäklendirme girizildi.

Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri bilen söhbetdeş bolýan telekeçileriň ençemesi konwertasiýanyň çäklendirilmegi netijesinde özleriniň “gara bazarda” dollary resmi kursyň bahasyndan alty esse gymmada satyn alýandyklaryny ýatladyp, bu ýagdaý dowam etse, onda özleriniň daşary ýurtlardan getirjek indiki harytlarynyň bahasynyň öňküsinden hem gymmat bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan halkara we ýerli synçylaryň ençemesi ýurduň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýar.

Şu ýylyň mart aýynyň başynda Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn ynamdar çeşmesi Türkmenistanyň Halkara walýuta fondundan kredit soraýandygyny, ýöne halkara maliýe edarasynyň beýleki çäreler bilen bir hatarda, resmi Aşgabada dollaryň manada bolan gatnaşygyny resmi derejede täzeden kesgitlemegi we manadyň hümmetsizlendirilmegini şert goşýandygyny habar beripdi.

XS
SM
MD
LG