Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 19-njy noýabrda Rio-de-Janeýroda geçirilen G20 sammitiniň soňky jarnamasynda Russiýanyň Ukrainadaky uruş babatyndaky jogapkärçiliginiň aç-açan aýdylmandygyny ýazgardy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Kiýewde, takmynan 11,000 km uzaklykda eden çykyşynda bu pikirler bilen razylaşdy, ýöne Berlini Kremliň giň gerimli çozuşyna garşy göreşýän ýurduna Russiýanyň has içindäki nyşnalara zarba urmak mükinjiligini berýän ganatly raketalary bilen üpjün etmeýändigi üçin, Berlini tankyt etdi.
Şolz samite ýygnanan ýolbaşçylara ýüzlenip, rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainany 1000 günläp bombalap, diňe kör men-menlik, öz ýurduny güýç bilen giňeltmek niýeti zerarly, adamlaryň ejir çekmegine sebäp bolandygyny” aýtdy.
Ýöne Şolz Germaniýanyň Kiýewiň Ýewropadaky iň uly goldawçysydygyny we şeýle bolmagyna hem galjakdygyny nygtap, özleriniň "ähli edýän zadyny seresaplylyk bilen etmeginiň" möhümdigini bellemek bilen, Ukraina Germaniýanyň uzak aralyga ýetýän “Taurus” ganatly raketalaryny ibermezlik baradaky kararynda durýandygyny gaýtalady.
Zelenski Kiýewdäki metbugat ýygnagynda çykyş edip, Putin Russiýanyň ýadro ýaragyny ulanmak şertlerini ýeňledýän karara gol çekeninden soň, G20 liderlerini herekete geçmezlikde kötekledi.