Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazarýaka ýurtlary Hazar deňziniň aladasyny edýär


Türkmenistan. Çekilýän deňziň kenary
Türkmenistan. Çekilýän deňziň kenary

BMG-niň Klimat özgermesi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP29) 29-njy sessiýasynyň çäginde, hazarýaka ýurtlarynyň resmileri Bakuwda ýynanyp, “Howanyň üýtgemeginiň fonunda Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi” meselesine seretdiler.

“Orient” neşiriniň Suinfo.aza salgylanyp ýazmagyna görä, Azerbaýjan, Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa, Eýran ýaly hazarka döwletleriniň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan ýygnakda degişli ýurtlaryň hünärmenleriniň suw derejesiniň üýtgemegini hemmetaraplaýyn öwrenmek we uýgunlaşdyryş çärelerini işläp düzmek üçin bilelikde işlemeginiň möhümdigi aýdyldy.

Azerbaýjanyň ekologiýa we tebigy baýlyklar ministriniň orunbasary Umaira Tagiýewa ýygnakda çykyş edip, Hazar deňziniň derejesiniň taryhda hasaba alnan iň pes derejä ýakyn gelendigine ünsi çekdi.

Soňky 30 ýylda deňiz derejesi takmynan 2,5 metre çenli peseldi we soňky ýyllarda ýyllyk peseliş 20-30 santimetre ýetdi.

Azerbaýjan resmisi deňziň bu hili çalt ýalpaklaşmagynyň çynlakaý daşky gurşaw we ykdysady töwekgelçilik meselelerini döredýändigini, bu ýagdaýyň haýal etmän çäre görülmegini talap edýändigini aýtdy.

UNEP-iň ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bu çäräniň dowamynda “Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemegi we howanyň üýtgemegi” diýen temada taýýarlan hasabatyny hödürledi.

XS
SM
MD
LG