7-nji maý güni BMG-niň Ženewadaky edarasynda guramanyň Adam hukuklary geňeşiniň Ähliumumy syny boýunça Işçi topary Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi dogrusyndaky milli hasabatyny diňledi. Türkmenistanyň wekilçilik toparyna ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ýolbaşçylyk etdi.
Ministriň orunbasarynyň çykyşyndan çen tutulsa, Türkmenistanda adam hukuklary “mesele däl”.
Ol çykyşynyň dowamynda ýurduň kanunçylygyna girizilen üýtgeşmeleri, soňky kabul edilen Konstitusiýany, täze döredilen Adalatçynyň edarasynyň ýurtda adam hukuklaryny goramakda alyp barýan “irginsiz” işlerini, Internet torunyň halkyň aglaba bölegine elýeterliligini we başga-da ençeme “ösüşleri” mysal hökmünde hödürläp, Türkmenistanda adam hukuklarynyň, hamana, emaý bilen goralýandygyny öňe sürdi.
Hajyýew Türkmenistanda Internet giňişliginiň örisi barada-da çykyş etdi. Ol 2014-nji ýylyň dekabr aýynda “Internet toruny ösdürmek” barada Türkmenistanda täze kanunyň kabul edilendigini aýdyp, Internet giňişliginde raýatlaryň terrorçylygy we radikal düşünjeleri wagyz edýän maglumat çeşmelerinden daşgary saýtlar boýunça hiç hili çäklendirilmeýändigini öňe sürdi.
DIM-iň orunbasarynyň okan hasabatynda Türkmenistanda 4.4 million adamyň mobil aragatnaşykdan peýdalanýandygy, munuň bolsa ilatyň 81 % deňdigi öňe sürülýär. Türkmenistanda 2012-nji ýylda geçirilen soňky ilat sanawy jemgyýetçilige äşgär edilmedi.
Şeýle-de, türkmenistanly resmi okan hasabatynda ýurtdaky internet ulanyjylarynyň sanyny 2016-njy ýyl bilen deňeşdirip, geçen döwre görä bu sanyň 21 % artandygyny aýdýar.
Gyzykly ýeri, Hajyýew Türkmenistanda sosial mediadan peýdalanýanlaryň sanynyň 180 % artandygyny aýdyp, ýurtda 25 müň adamyň Facebook sosial toruny işjeň ulanýandygyny, bularyň 24 %-niň her gün feýsbuga girýändigini öňe sürdi.
Hajyýewiň öňe sürýän feýsbuk ulanyjylarynyň umumy sanynyň 42 %-i aýal-gyzlardan 58 %-i bolsa erkeklerden ybarat.
Türkmenistanda ilatyň Internet giňişliginden päsgelçiliksiz peýdalanmagy boýunça döredilendigi öňe sürülýän “giň” mümkinçilikler bilen bir hatarda, Hajyýew ýurtda adam hukuklaryny gowulandyrmakda bitirilen başga-da “ençeme işler” barada agzap geçdi.
Türkmenistana halkara ýygnaklarda wekilçilik edýän toparlaryň çykyşylaryna mahsus bolşy ýaly, Hajyýew hem bu saparky hasabatda ýurtda kanunçylyk ulgamynda kabul edilýän kanunlardyr kararlary mysal görkezip, Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gowulanýandygyny delillendirmäge synanyşdy.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda kabul edilen täze Konstitusiýanyň 41 maddasy adam hukuklaryny kepillendirýän şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu san ýurduň düzedişlerden öňki Baş kanunynda 30 ekeni.
“Hökümet häzir şu kanunlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň üstünde işleýär” diýip, Hajyýew hasabata dowam etdi.
Ol ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň “dabaralanmagyna” ýene-de bir mysal berip, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda “Adalatçy barada” kabul edilen täze kanuna ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, täze saýlanan Ombudsmen, ýagny Adalatçy ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmakda “işjeň zähmet çekýär”.
Hajyýew Adalatçynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilige açykdygyny, onuň ýöredýän işleri barada media serişdelerinde maglumat berilýändigini öňe sürdi.
Şeýle-de, ol 2018-nji ýylyň aprel aýynda Adalatçynyň adam hukuklary boýunça öz alyp barýan işleri barada prezidente hasabat berendigini belledi.
Hajyýew çykyşynyň dowamynda Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşden, adam gaçakçylygyna, diskriminasiýadan, Internetdäki maglumat elýeterliligine çenli başga-da birnäçe ugurlar barada agzap geçdi. Ol zorlukly ýitirim edilmelere we adam gynamalara garşy görülýär diýilýän çäreleri, Türkmenistanda adamlaryň hereket azatlygynyň “asla çäklendirilmeýändigini” hem sanawyna goşupdyr.
Halkara hukuk goraýjy guramalar Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gözgynydygyny aýdýar. Azatlygyň websaýty Türkmenistanda petikli bolmagynda galýar. Türkmenistanlylar Facebook, YouTube, Vkontakte we ş.m beýleki sosial torlaryň, şol sanda WhatsApp, Viber ýaly habarlaşmak üçin ulanylýan tilsimleriň petiklenmeginden, şeýle-de özleriniň Internet giňişligindäki gymyldy-hereketleriniň “göz gabawynda” saklanmagyndan şikaýat edýärler. Serhetsiz reportýorlaryň soňky hasabatynda Türkmenistan metbugat azatlygynda dünýäde yzdan üçünji orunda ýerleşdirildi.
Makala Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň Ženewada eden çykyşynyň başdaky bölümi esasynda taýýarlandy.
Şeýle-de, makala düzedişler girizilip, Hajyýewiň Türkmenistanda “4.4 million mobil internet ulanyjysy” däl-de, “4.4 million mobil aragatnaşyk ulanyjysy bar” diýendigi aýdyňlaşdyryldy. Bu ýalňyşlyk BMG-de Hajyýewiň çykyşyny iňlis diline terjime eden terjimeçiniň säwligi sebäpli goýberildi. Makala ilkibaşda Hajyýewiň çykyşynyň iňlis dilindäki terjimesi esasynda taýýarlanypdy.