Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Işlejek bolsaň, ‘daşary ýurda gitmejegiňe dil haty bermeli’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli saglyk öýlerinde, şypahanalarda we hassahanalarda işleýän tehniki işgärlerden, olaryň daşary ýurda gitmejekdikleri barada, dil haty alynýandygy aýdylýar.

Читайте также на русском

Derman senagaty ministrligniň bir işgäriniň sözüne görä, ministrlik derejesinde tehniki işgärleriň daşary ýurda gitmezlikleri üçin çäreler görlüp, olara VISA kartlaryny acmaga rugsat berilmeýär. Şeýle kartlary açmak isleýän işgärlere işden kowulmak haýbaty atylýar.

“Işden kowulsaň daşary ýurda gitmek üçin gerek puly nireden almaly? Aýlygymyzyň bir bölegini VISA karta geçirip, daşary ýurda baranmyzda, kösenmezimiz ýaly serişde edinjek bolsak, bize bu karty açmaga rugsat bermeýärler. ‘Daşary ýurtda näme işiňiz bar? Ýurdy masgara etmäge gitjek bolýaňyzmy? Öz ýurduňda dynç almaga ýer ýokmy?’ diýen ýaly haýbatlar bilen bizi kemsidip hem gorkuzyp, islegimize görä hereket etmäge ýol berenoklar” diýip, saglyk öýleriniň biriniň tehniki işgäri aýdýar.

“Aýlygmyz juda ujypsyz. 700 manat aýlyk bilen güzeran aýlap bolmaýar. Tehniki işgärleriň aýlyklaryny galdyrmak barada, asla alada edilmeýär. 700 manat aýlygyň hem bir ýanyndan mejbury tutumlar bolup, gazet-žurnallara ýazylmak, çärelere gül goýmak üçin pul toplamak, edaranyň bir ýerini düzetmeli bolsa, oňa işgärlerden pul ýygnamak ýaly zatlara hem tutýarlar. Alýan aýlygmyz çagamyzyň çöregine hem ýetenok, Men dogrusy daşary ýurda işlemäge gitmekçidim. Onuň üçin men VISA kartyny açyp, aýlygmyň bir bölegini oňa goýup, daşary ýurda baranymda kösenmezim ýaly, öňünden alada edipdim. Emma meniň daşary ýurda gezmäge däl-de, işlemäge gitjegimi ýüzümden okan ýaly, meni ýolbaşçynyň kabinetine çagyryp, haýbat baryny ýagdyrdylar. Ol ýerde diňe kemsidiji sözler bilen haýbat atdylar. Emma seniň aýlygyň ujypsyzlygy, maşgala sanyň ýa bolmasa seniň güzeran ýagdaýyň kynmy, oňňut edip bilýärmiň, näme kömek gerek – ol zatlar barada asyl agzalmady. Ýolbaşçylaryň özleri müňläp aýlyk alýarlar. Her kim wezipe eýeleýşine görä gyrp-çyrp edip, gapdaldan gazanç tapýar. Ýöne ujypzys aýlyk bilen gul ýaly işleýän tehniki işgärler barada alada edýän ýolbaşçy ýok diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran tehniki işgär aýdýar.

Ujypsyz aýlyga daňlyp oturan tehniki işgärleriň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli hassahanalarda, saglyk öýlerinde, şypahanalarynda müňlerçedigi aýdylýar. Şol müňlerçe işgäriň her biriniň alajyny tapsa, ýurtdan daşary gidip işlemäge ymtylýandyklaryny hem ol işgär sözüne goşýar. Ýurtda durar ýaly ýagdaý galmady. Çörek pulumyz alada. Bahalar ýokarlanyp gitdi. Emma döwlet tarapyndan aýlyklaryň 10 göterim galdyrlandygy magtalýar.

“Ol 10 göterim galdyrlan aýlygyň iýmek-içmäge ýetýärmi ýa ýetenokmy, çagalaryň nähile gün görýärler. Olary geýindirip, okuw esbaplaryny tapyp bolýarmy ýa ýok, bu barada hiç kim kelle agyrtmaýar” diýip, ol janygýar.

Türkmenistanda bar bolan şypahanalaryň hojalyk hasaplaşygynda bolmagy bilen, güýz hem gyş möwsümlerinde, näsaglaryň şypahana gelmekleriniň azalýandygyny bahana edip, tehniki işgärlerniň aýlyklaryny ýarpy möçbere çenli kemeldilýändikleri barada hem maglumatlar bar.

Kärende ýerlerinden hem boş çykýan daýhanlaryň kä biriniň kärende ýerlerini taşlap, daşary ýurda gitmek üçin ýola çykýandyklaryny oba ýaşaýjylary aýdýarlar. Emma olaryň aeroportlarda uçarlara göýberilmän, migrassiýa gulluklary tarapyndan yzyna gaýtarylýandygy aýdylýar.

“Döwletiň öz halkyny ekläp bilmeýäni bir ýandan, indi ýurtdan gitmäge-de arkaýyn ýol ýok. Döwlet ýolbaşçylarynyň ilatda näme kastlary barkan” diýip, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG