Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda öý ýaryp talaňçylyk edýän, 'adam öldüren okuwçylar' saklandy


Türkmenabat, polisiýa ofiseri. Arhiw suraty
Türkmenabat, polisiýa ofiseri. Arhiw suraty

Azatlyk radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmesi Türkmenabat şäherinde mekdep okuwçylaryndan ybarat garakçylar toparynyň üstüniň açylandygyny, olaryň birnäçe aýyň dowamynda adamlary talap gelendigini habar berýär.

Azatlyk radiosy bu maglumaty tassyklatmak ýa inkär etdirmek üçin telefon edende, şeýle wakanyň bolandygyny häkimiýetler hem inkär etmediler.

Täzelikde üsti açylan topar baradaky maglumat “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň websaýtynda hem çap edildi. Neşir özünde tussag edilen okuwçylaryň atlarynyň hem bardygyny habar berýär.

Azatlygyň çeşmesi ol okuwçylaryň şäheriň 9-njy, 30-njy we 32-nji mekdeplerinde okandygyny we, görnüşinden, gurply maşgalalardan bolandygyny habar berýär.

TAH-yň maglumatyna görä, bu topara Türkmenabadyň üç mekdebinden alty okuwçy – 19-njy we 30-njy mekdepleriň hersinden bir, 32-nji mekdepden bolsa 4 okuwçy goşulypdyr.

“Tussag edilen okuwçylar dekabr aýynda birnäçe adamy talandyklaryny boýun aldylar” diýip, çeşme aýtdy. Olar 27-nji dekabrda maýyp gyzy bilen ýaşaýan gartaşan aýalyň jaýyna kürsäp girip, olary onlarça gezek pyçakladylar we öýdäki pullary we gymmatbaha zatlary alyp gitdiler diýip, TAH ýazýar.

Aýdylmagyna görä, birnäçe mekdebiň ýokary klas okuwçylaryndan düzülen toparyň agzalary mart aýynyň aýagynda tötänden tussag edilmezlerinden öň adamlaryň hususy jaýlaryna zor bilen girip, öý eýelerini pyçak bilen gorkuzyp we pyçaklap, olaryň pullaryny we altyn şaý-seplerini talapdyrlar.

“Olary tötänden tussag etdiler, nobatdaky talaňçylykdan soň, olaryň biri (ýa-da birnäçe agzasy) bilýard kafesinde dynç alandan soň, gije köçede saklandy we polisiýa bölümine getirildi. Polisiýa patrulynyň sürüjisi irden ulagynyň tekerini çalyşmak üçin yzky gapysyny açanda, maşynyň içinden 42 müň manat pul, mata dolanan altyn şaý-sepler tapdy” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Sorag edilende, olar öz günälerini boýun aldylar we iş şärikleriniň atlaryny aýtdylar, häzir bu toparyň esasy kordinatory ýa-da başlygy gözlenilýär diýip, çeşme aýtdy.

Türkmenistanyň IIM-niň welaýat bölümindeki çeşmäniň Azatlygyň habarçysyna gürrüň bermegine görä,derňew häzir bu toparyň agzalarynyň öz goragsyz pidalaryny nähili saýlap-seçendigini, kimde näçe puluň bardygyny nähili bilendigini anyklamaga çalyşýar. Onuň sözlerine görä, jenaýatçy topar öýüne hüjüm ediljek pidanyň näçe pulunyň bardygyny öňünden bilipdir.

Aýdylmagyna görä, pidalaryň pul serişdeleri baradaky maglumatlaryň bank işgärleri ýa-da olaryň pul alan döwlet edaralaryndaky kassirler tarapyndan syzdyrylanbolmagynyň ahmaldygy hem çaklanylýar.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen ýerli resminiň pikirine görä, soňky birnäçe ýylda adamlaryň puly, hususy emlägi, maşgala agzalarynyň sany we girdejileri baradaky maglumatlar barha kän adama elýeterli bolýar. Onuň sözlerine görä, döwlet edaralarynda adaty maliýe amallary üçin hem maşgalanyň düzümi, girdejisi we anyk adresi barada bir topar dokument talap edilýär we häzirki şertlerde ol maglumatlar ýeterlik derejede goralyp saklanýar diýip bolmaz.

Azatlyk radiosy bu iş boýunça has anyk maglumat almak üçin ýerli häkimiýet edaralaryna hem telefon etdi. Türkmenabat şäher polisiýasynyň we Lebap welaýat polisiýasynyň işgärleri Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde mekdep okuwçylaryndan ybarat jenaýatçy toparyň üstüniň açylandygy baradaky fakty inkär etmediler.

Şäher polisiýa bölüminiň nobatçysy Azatlyk radiosynyň habarçysynyň bu iş boýunça beren soragyna “biziň özümiz size telefon ederis, şu telefon eden nomeriňizde garaşyň” diýip jogap berdi. Polisiýanyň Lebap welaýat bölüminiň işgäri bolsa, “beýle maglumaty telefonda bermeýändiklerini” aýtdy.

Gepiň gerdişine aýdylsa, 3-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýylyň birinji çärýeginde edilen işleriň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisi geçirildi, emma ýurtda jenaýatyň derejesi, onuň peselýändigi ýa köpelýändigi barada hiç bir maglumat berilmedi.

Şol bir wagtda Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurt hasaplanylaýar, häkimiýetler bu meseläni her baýramçylykda ýüzlerçe tussagyň günäsini geçmek bilen çözmäge çalyşýarlar.

XS
SM
MD
LG