Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Polisiýanyň jenaýaty agtaryş bölüminiň gullukçylary şäherdäki söwda nokatlaryna aýlanyp, Gazagystanda öndürilen unlary satýan dükan eýelerini we satyjylary soraga çekýär diýip, paýtagtdaky habarçylarymyz 2-nji aprel güni maglumat berdi.
Agzalýan bu gürrüňler boýunça Azatlyk Radiosy Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Gazagystanda we Russiýa Federasiýasynda öndürilen unlaryň Türkmenistana getirilip, satylmagynyň täzelik däldigini nygtan ýerli synçy, ýurtda geçen ýylyň dowamynda öndürilmegi göz öňünde tutulan bugdaý hasylynyň borçnamada kesgitlenen mukdarda ýygnalyp bilinmezligi, şeýle-de dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň barha ýokarlanmagy netijesinde ýurduň içinde alyjylara satylýan unuň bahasynyň umuman gymmatlandygyny aýtdy.
Gürrüňdeşimiziň habar bermegine görä, şu gün, ýagny 2-nji aprel güni 1 amerikan dollary Aşgabadyň “gara bazarynda” 13 manat 80 teňňeden alnyp, 14 ýa-da 14 manat 10 teňňeden satylýar.
Şeýlelikde, dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýurduň Merkezi bankynyň dollaryň manada bolan gatnaşygy boýunça kesgitlän bahasyndan 4 esse ýokary bolmagynda galýar.
Agzalýan ýagdaýlaryň fonunda, Russiýadan Türkmenistana getirilýän unuň mukdarynyň 2017-nji ýylyň soňky çärýeginden başlap üzül-kesil azalandygyny ýerli synçy gürrüň berdi.
Ýöne muňa garamazdan, paýtagtyň bazarlarynyň tekjelerinde 2017-nji ýylyň aýagynda 2018-nji ýylyň başynda Gazagystandan getirilýän unlaryň giňden peýda bolup başlandygyny gürrüňdeşimiz aýtdy.
“Gazagystandan getirilýän ýokary sortly unlar Aşgabadyň bazarlaryna çykaryldy, özi-de döwlet eýeçiligindäki dükanlarda däl-de, bellemeli ýeri, hususy eýeçilikdäki dükanlarda gazak unlary satylýar. Ýene-de bir bellemeli ýagdaý, 2017-nji ýylyň aýagynda 2018-nji ýylyň başynda, Aşgabat şäherindäki uly bazarlary, meselem “Teke bazary” ýa bolmasa, häzirki wagtda “Gülistan” diýip atlandyrylýan öňki “Ors bazary”, häzir il içinde “Mir bazar” diýip adygan bazarda gök önümler we beýleki azyk harytlary satylýan tekjeleri-de Gazagystandan getirilýän unlar tutdular” diýip, ýerli synçy Bugaýew gürrüň berdi.
Şol wagtlar getirilýän gazak unlarynyň kagyz gaplara 1 kilogramdan ýa-da 2 kilogramdan ýerleşdirilip, olaryň 1 kilogramynyň 5 manatdan satylandygyny söhbetdeşimiz sözüniň üstüne goşdy.
Muňa garamazdan, fewral aýynyň ortalaryna agzalýan unlaryň Aşgabadyň söwda nokatlarynda duýarlykly derejede azalandygyny aýdyp, ýerli synçy gürrüňe dowam etdi.
“Fewral aýynyň ikinji ýarymyndan başlap, hususy eýeçilikdäki dükanlardan hem-de bazarlardan Gazagystandan getirilýän un doly diýen ýaly aýryldy” diýip, Bugaýew belledi.
Ýöne, mart aýynyň soňky on günlüginden başlap, gürrüňi edilýän unlar paýtagtyň söwda nokatlarynda ýene-de görnetin artyp ugraýar. Şeýlelikde, bu ýagdaý bilen baglylykda, soňky döwürde polisiýanyň işgärleri bilen un satyjylarynyň arasynda düşünişmezlik ýygjamlaşyp başlaýar:
“Satyjylar hem-de polisiýanyň jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleriniň arasynda düşünişmezlik gitdigiçe artýar. Her gün, çendan günüň tutuş dowamynda ol ýa-da beýleki bir bazara ýanynda degişli etrabyň söwda edarasynyň wekili bolan polisiýa işgärleri gelip bazarlarda Gazagystandan getirilýän uny satýan satyjylardan we dükan eýelerinden unuň nireden alnandygy hakynda dokument talap edýärler” diýip, aşgabatly synçy belledi.
Gürrüňdeşimiziň sözlerine görä, özlerinden edilen talaba satyjylar agzalýan unlary firmalaryň getirip özlerine hödürleýändigini aýdyp jogap berýärler. Polisiýa işgärleri bolsa şol firmalaryň aragatnaşyk maglumatlaryny soraýar. Şeýle-de, söwda edaralaryň wekilleri hususy dükanlardaky we bazarlardaky un söwdegärlerinden unuň ýaramlylygy barada sertifikat talap edýärler.
Polisiýanyň jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleri söwda edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda satyjylar bilen geçirilen gürrüňdeşlikler boýunça akt ýazyp, derňewi resmileşdirýärler.
Bu ýagdaýlaryň mümkin bolan sebäpleri barada un satyn alýan müşderilere we satyjylara salgylanyp gürrüňe dowam eden ýerli synçy, geçirilýän soňky derňewler boýunça iki ýagdaý barada gürrüň berdi.
“Birinjiden, hamana, şol unlar Gazagystanda öndürilmeýärmiş, oňa derek Türkmenistanyň özüniň un öndürýän ýörite zawodlarynyň unlary “Gazagystanda öndürildi” diýilýän [ýazgyly] kagyz gaplara ýa-da sintetiki haltalara gapgarylyp satylýarmyş” diýip, Bugaýew aýtdy.
Satyjylaryň welin öz satýan unlarynyň hakykatdan-da Gazagystandan getirilendigine güwä geçýändigini ýerli synçy sözüniň üstüne goşdy.
“[Ilat arasyndaky] ikinji gürrüň – Gazagystandan getirilýän unlar gaçgak ýol bilen, bikanun ýollar bilen getirilip satylýarmyş diýen gürrüň, ýöne polisiýa işgärleriniň hem-de söwda guramalarynyň, etrap häkimliginiň degişli işgärleriniň hereketinden hasap ýöretseň, çen tutsaň, onda Gazagystanda öndürildi diýilýän unlaryň gaçgak ýol bilen, ogryn ýol bilen getirilip Türkmenistanda satylýandygy hakyndaky habara ynanasyň gelýär” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew sözüni jemledi.