Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugaýew: Türkmenistanda ýangyn howpsuzlygy kadaly berjaý edilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Bütindünýä saglyk guramasy, Bütindünýä banky we beýleki käbir halkara guramalaryň maglumatlaryna salgylanyp dünýä ilatynyň ýurtlara görä ömrüniň dowamlylygy boýunça statistiki hasabatlary çap edýän “World Life Expectancy” saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan ýurtda ýangyn hadysasynda wepat bolýanlaryň sany boýunça 172 ýurduň hatarynda Madagaskar, Merkezi Afrika we Benin ýaly döwletleriň edil yzynda 36-njy ýerde ýerleşdirilýär.

Ýeri gelende CNN travel we HuffingtonPost ýaly belli-meşhur metbugat serişdelerinde-de maglumatlaryndan peýdalanylan “World Life Expectancy” saýtynyň “Bütindünýä saglyk guramasynyň 2014-nji ýylda çap edilen statistiki maglumatlaryna esaslanyldy” diýip ýaýradan hasabatynda Türkmenistanda her 100 müň adamdan 9 töweregi adamyň ýangyndan jan berýändigi habar berilýär.

Hasabatda bu sanyň ýyla ýa-da aýa görä däl-de umumylykda berilýändigi we onuň statistikadaky “ýaşy standartlaşdyrmak” metody boýunça tegelenendigi mälim edilýär. Bu görkeziji beýleki ýurtlar bilen, hususan-da sanawda 172-nji orunda ýerleşdirilen Lýuksemburg, ýa-da 171-nji orunda goýlan Malta ýaly döwletler bilen deňeşdireniňde örän ýokarydydyr.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde, iş edaralarynda, keselhanalarda, mekdeplerde, söwda merkezlerinde we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişi hakdaky soraglar bilen gyzyklanyp Aşgabadyň ýaşaýjysy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Synçy agzalýan ýagdaýyň paýtagtda täzelikde salnan ýaşaýyş jaýlarynda ýeterlik berjaý edilýändigini, meselem, amatlykly täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gabadynda ýangyn dörän ýagdaýynda söndürijileriň peýdalanmagy üçin ýörite ýerasty suw howdanlarynyň salynýandygyny, ýöne Aşgabadyň ilatynyň takmynan 70-75 göteriminiň ýaşaýan esasy böleginde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň kanagatly berjaý edilmeýändigini gürrüň berdi.

“Türkmenistanda dilde ýangyna garşy göreşmek hakynda döwlet baştutany derejesinde we ýurduň içeri işler ministrligi derejesinde gürrüň edilýär, ýöne durmuşda welin şol edilýän talaplaryň berjaý edilişi ýa juda ýabygorly ýa-da asla berjaý edilenok” diýip, Bugaýew bu ýagdaýlara mysal getirdi.

Häkimiýetleriň soňky 4-5 ýyllykda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky öýlerde oturdylýan sowadyjy enjamlary mejbury aýyrtmagy bilen, tomus aýlarynda yssy howadan goranmak üçin ýerli ýaşaýjylaryň sowadyjylary täzeden jaýlaryň girelgelerine dakmagyny aşgabatly synçy ýangyn howpsuzlygyna gabat gelmeýär diýip gürrüň berdi.

Şeýle-de, aşgabatly synçy ýurtda döreýän ýangyn hadysalary baradaky maglumatlaryň halk köpçüligine elýeterli edilmeýändigini aýtdy.

“Ýene-de bir ýagdaý barada bellemek gerek, ýagny Türkmenistanda ýangynyň “ol ýerde bu ýerde” bolýandygy hakynda çendan ýarym gürrüň çykýar, ýöne ýapyk ýurt bolansoň, bolup geçýän zatlar hakynda ilat köpçüligi habardar edilmeýär. Ol hakynda metbugatam dymýar, ol hakynda habar beriş serişdelerem dymýar. Hatda adamlar şeýle zat bolupmy diýip gyzyklanaýsalaram, şol adamlar ýurtda dowul döretjek bolýan, ýurtda agzalalyk döretjek bolýan adam hökmünde ýekirýärler” diýip, Bugaýew belledi.

Häkimiýetleriň ilat arasynda ýangyndan goranmak boýunça köpçülikleýin düşündiriş işlerini geçip geçmeýändikleri baradaky soraga ýerli synçy Bugaýew şeýle jogap berdi:

“Şeýle düşündiriş işleri geçirilenok, ýöne käwagt mekdeplerde zatlarda polisiýa işgärleri gelende mekdep okuwçylaryna “ýangyndan ägä boluň!” zat diýip bir agyz söz diýýärler, ýöne olar dünýede iň uly howp hökmünde köçe-ýol hereketindäki heläkçiligi düşündirjek bolýarlar. Ýangyn bolan wagty nähili hereket etmeli, meselem çagalar, mekdepleriň haýsy gapylaryndan çykmaly, ýa-da keselhanalaryň haýsy ýerlerinden çykmaly...şu zatlar ýörite çyzgylar bilen görkezilmeli. Ol zatlar ýok, iki ýeke [bolaýmasa] hemmesinde ýok” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

​Ozallar mekdepleriň ýa-da keselhanalaryň öňlerindäki stendlerde kiçi-girim ýangyn dörän halatynda oňa garşy göreşmek üçin ýörite pil, çäge, lom, çelek we ýangyn söndüriji enjamlaryň goýlandygy barada gürrüňe dowam eden gürrüňdeşimiz indi olaryň käbir ýerlerde aýyrylandygyny aýtdy:

“Şolaram aýyrypdyrlar-da indi, hamana nämemişin, mekdebiň estetik bezegine zeper ýetirýärmiş. Ýangyn bolsa nämä zeper ýetjegi belli welin!” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew sözüni jemledi.

Sözümiziň başyndaky ýangyn howpsuzlygy baradaky hasabata dolanyp gelsek, onda 172 ýurduň arasynda Türkmenistan 36-njy ýerde ýerleşdirilen bolsa, ozalky post-sowet ýurtlaryndan Orsýet 45-nji, Gazagystan 68-nji, Täjigistan 74-nji, Özbegistan 84-nji we Gyrgyzystan 104-nji ýerde ýerleşdirilipdir. Hasabatda iň yzky hatarlarda ýerleşdirilen ýurtlarda ýangyn hadysalaryndan has az adam ejir çekýär.

XS
SM
MD
LG