Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Wolgograd oblastyndaky türkmen migrantlarynyň sany bir ýylda 81 % artdy


Orsýetiň Wolgograd oblasty. Illýustrasiýa suraty
Orsýetiň Wolgograd oblasty. Illýustrasiýa suraty

Orsýetiň Wolgograd oblastyna göçüp barýan türkmen migrantlarynyň sany birden artdy diýip, “Wolgogradskaýa prawda” neşiri regionyň degişli resmilerine salgylanyp habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä Orsýetiň Wolgograd oblastyna Türkmenistandan göçüp baran migrantlaryň sany 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende 2017-nji ýylda 81 % ýokary galdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa boýunça baş dolandyryş müdirligi 2017-nji ýylda Orsýetde 74 müň türkmenistanlynyň hasaba durandygyny habar berdi.

Türkmenistanda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen raýatlarynyň iş gözläp, dürli gazanç ýollaryny agtaryp, ýa-da başga sebäplerden özge ýurtlara çykmaga ýykgyn edýärler. Mysal üçin, golaýda dürli neşirlerde, şol sanda hakkin.az websaýtynda türkmen raýatlarynyň indi Azerbaýjana ýykgyn edip başlandygy barada maglumatlar peýda boldy.

Azerbaýjanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň binýadyndaky Döwlet geňeşiniň başlygy Azer Allahweranow gürrüňi gidýän täze tendensiýany tassyklap, ozalkylara garanyňda Türkmenistandan Azerbaýjana gelýän myhmanlaryň sanynyň artýandygyny mälim etdi.

“Sanlyja ýyl mundan ozal Azerbaýjana gelýän türkmenleriň sany minimal derejede galan bolsa, soňky ýyllaryň dowamynda bu san birnäçe esse köpeldi. Munuň esasy sebäbi Türkmenistandaky ykdysady krizisdir. Türkmen raýatlary bu ýerde gyzyllaryny satyp, onuň deregine haryt ýa-da daşary ýurt walýutalaryny satyn alýarlar. Galyberse-de, biziň ýurdumyz türkmenler üçin [özleriniňkä garanyňda] diňe bir has erkin ýurt bolman, eýsem olar üçin biziň ýurdumyz Ýewropa açylýan penjiredir. Gürrüňsiz, bu proses ýurdumyza gelýän salykatly adamlar bilen bir hatarda, dürli awantýuristleriň – gaçakçylaryň, bikanun söwdegärleriň we özüni “ýeňil alyp barýan” zenanlaryň sanyny artdyrar” diýip, Allahweranow aýdypdyr.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkiýe türkmen işçi migrantlarynyň iň köp agdyklyk edýän ýurtlarynyň biri hasaplanylýar. Ol ýerde kanuny ýa-da bikanun ýaşaýan türkmen migrantlarynyň sanynyň ýüz müňlerçedigi aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleriniň soňky wagtlarda ýurduň daşyna çykýan türkmen raýatlaryna käbir emeli kynçylyklary döredip başlandygyny ýerli çeşmeler aýdýarlar. Mysal üçin, golaýda, türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň daşary ýurda çykmagyna we ol ýerde galmagyna mümkinçilik berýän biometriki maglumatly, ilat arasynda ‘zagran’ diýlip atlandyrylýan pasportlarynyň möhletini çäklendirmegi, has takygy onuň möhletini 1 ýyla düşürmegi göz öňünde tutýandygy barada habarlar peýda boldy. Türkiýede ýaşaýan käbir türkmen migrantlary bu täzeligiň Türkiýede onsuzam kynçylykly durmuş şertlerinde ýaşaýan türkmen migrantlary üçin “goşmaça urgy” boljakdygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, golaýda Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet kompaniýasynyň daşary ýurda gatnaýan reýsleriň biletleriniň bahalaryny, hususan-da Aşgabat – Moskwa aralygyna gatnaýan reýsiniň bahasyny 2 esse, ýagny 1500 manatdan 3000 manada, Aşgabat – Stambul aralygyna gatnaýan reýsiň bahasyny bolsa 2 müň 300 manatdan 3 müň manada çykarýandygy barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we habar serişdelerinde täze ýüze çykandygy aýdylýan bu meýiller barada, ýagny soňky döwürde türkmenistanlylaryň daşary ýurda çykmaga ýykgyn edýändigi barada peýda bolýan habarlar boýunça hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG