Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda býujet işgärlerinden welosiped satyn almak üçin pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky döwlet edara-kärhanalarynyň her birinden ortaça 3-6 adam şu ýylyň aprel aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan welosipedli ýörişlere gatnaşmaly edildi diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçysy aýdýarlar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyzyň tassyklmagyna görä, häzirki wagt ýörişe gatnaşjak adamlara welosiped satyn almak üçin döwlet işgärlerinden pul ýygnalýar.

“Edara işgärleri pul jemlenişmeli we çärä gatnaşjak kärdeşlerine welosiped satyn alyp bermeli edildi. Türkmenistanda welosiped zawody ýok. Bir welosipediň bahasy 3000-4000 manada deň” diýip, çeşmämiz ýygnalýan puluň möçberiniň her edaradan gatnaşýan adamyň sanyna görä üýtgeýändigini aýtdy.

Aýdylmagyna görä, raýatlar işini ýitirmejek bolup, edara ýolbaşçylarynyň soran puluny berýärler. “Garaşyp duran başga iş ýok, adamlarda başga alajam ýok. Işgärlere ‘bu halkara çäre, oňa gatnaşmak bagty nesip edeninene begeniň’ diýipdirler” diýip, çeşmämiz aýdýar.

Mundanam başga, ol işgärleriň münmeli welosipedleriniň hökmany ak reňkde bolmalydygy barada ýörite görkezmäniň berlendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen, soňky birnäçe ýylyň dowamynda welosipedli ýörişler geçirilýär. Bu weloýörişleriň gerimi soňky iki ýylyň dowamynda has-da güýçlendirildi.

Hususan-da, geçen ýylyň 29-njy iýulynda, Ýapyk binalarada we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50-gün galmagy mynasybetli, Aşgabat şäherinde ähli transport gatnawlary ýatyrlyp, diňe tigirli herekete hem-de döwlete degişli jemgyýetçilik awtoulaglarynyň we döwlet taksileriniň hereketine rugsat berildi.

Munuň blen bagly geçirilen welosipedli ýörişe ýokary derejeli döwlet resmilerinden, býujet işgärlernden, ýokary okuw jaýlarynyň studentlerinden ybarat 7 müň 700 adam bilen bir hatarda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmen mediasynda bu ýörişleriň ilatyň “saglygyny we ruhy deňagramlylygyny” pugtalandyrmak üçin mümkinçilik döredýändigi aýdylyp, dürli reportžälar görkezilýär. Emma ýaşaýjylaryň ençemesi bu çäreleriň mejburylyk esasda amala aşyrylýandygyny, galyberse-de, ýörişlerde sürülýän weolsipedleriň hem öz hasabyňa alynmalydygyny, ýöne ony şahsy durmuşyňda ulanmaga rugsat berilmeýändigini belleýärler.

Maglumat üçin aýtsak, ýurtda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärlerden bag ekmek, şäheri “abadanlaşdyrmak”, pagta hakyna ýygymçy tutmak, gazet-žurnallara abuna ýazylmak, konsert dabaralaryna ýa-da käbir beýleki çärelere bilet satyn almak üçin her aýda bir gezek diýen ýaly pul ýygnalýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG