Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda uçara goýberilmedik onlarça türkmenistanly protest geçirdi


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

Düýn, ýagny 13-nji fewralda Aşgabadyň halkara aeroportynda aglabasy lebaply we daşoguzly zenanlardan ybarat ýolagçylar protest geçirdiler diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri aýdýarlar.

“Hiç hili düşündiriş berilmezden, Aşgabatdan Stambula uçýan uçara ortaça 70 ýolagçy goýberilmedi. Şonda aýallar kiçi göwrümdäki protest çäresini geçirdiler. Olaryň ählisini goýun sürüsini süren ýaly edip, köýen biletlerini tabşyrmaklary üçin, kassa tarap ugratdylar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiz gürrüň berdi.

Bu maglumaty düýn agzalýan uçarda Türkiýäniň Stambul şäherine baran türkmenistanly ýolagçylaryň biri hem tassyklap, ol “Boeing 777-200” kysymly uçara goýberilmedik türkmen raýatlarynyň sanynyň 80-den hem aşýandygyny belledi.

“Bu ýolagçylaryň aglabasy welaýatlardan gelen türkmenistanlylardy. Olar ‘Türkmenhowaýollary’ kompaniýasynyň 19:30-daky reýsine goýberilmediler. Soňra ýolagçylar öz biletleriniň bahasyny yzyna almakçy bolanda, olara ‘Türkmenhowaýollary’ kompaniýasynyň ofisine ýüzlenmegi tabşyrdylar. Üç aýal ähli ýolagçylary guramalaşdyryp, öz nägileliklerini görkezip başlady. Olary dessine tussag edip, ýörite bölüme alyp gitdiler. Galan ýolagçylary-da aeroportdan kowdular. Munuň sebäplerini düşündirmediler. Ýolagçylaryň arasynda dürli ýaşdaky raýatlar bardy” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran türkmenistanly ýolagçy aýtdy.

Mundanam başga, Azatlygyň ýurt içindäki ýene bir çeşmesiniň tassyklamagyna görä, indi 10 güne golaý wagt bäri Aşgabatdaky we welaýatlardaky Migrasiýa gullugynyň işgärleri ýaşy 40-dan geçmedik raýatlara daşary ýurda sapar etmek üçin zerur bolan pasportlary resmileşdirmegi bes etdiler.

Aşgabadyň halkara aeroportunda Stambula uçjak türkmen raýatlarynyň onlarçasynyň uçara goýberilmezligi we protest çäresini geçirmegi barada häzirlikçe türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň halkara aeroporty we bu ýerdäki Migrasiýa gullugy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary hem başa barmady.

Emma bu Türkmenistanda daşary ýurtlara, hususan-da, Türkiýäniň Stambul şäherine sapar etjek türkmen raýatlarynyň “hiç hili düşündiriş berilmezden” syýahat mümkinçilikleriniň çäklendirilmegi, ýagny uçara goýberilmezligi bilen bagly ilkinji tejribe däl.

Geçen ýylyň awgust aýynda “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat-Stambul aralygyna sapar edýän iki gatnaw reýsi boýunça azyndan 20 ýolagçy uçara goýberilmedi. Şonda 6-njy awgustda Stambula gitjek uçara goýberilmedik türkmen raýatlarynyň biri Aşgabadyň halkara aeroportyndaky Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň aglabasy daşoguzly we lebaply ýolagçylary – hiç hili düşündiriş bermezden – öz welaýatlaryna ugradandygyny aýdypdy.

Şeýle-de, geçen ýylyň iýunynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylaryň birnäçesi Aşgabatdan Stambula we Dubaýa uçmak isleýän türkmen raýatlarynyň ençemesiniň uçara münmegine rugsat berilmändigini mälim etdiler.

Şonda bir raýat özüniň we beýleki ýolagçylaryň ähli resminamalarynyň hem-de iş we syýahat wizalarynyň bardygyna garamazdan, näme sebäpden ýurtdan çykarylmaýandygy barada, anyk resmi düşündiriş berilmändigini aýdyp, muňa derek, özlerine 2 ýyl türme tussaglygyna höküm etmek bilen haýbat atylandygyny gürrüň beripdi.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda, Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň hatarynda agzalyp gelýär.

Galyberse-de, hereket azatlygy raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara Konwensiýa tarapyndan kepillendirilýär we Türkmenistan bu konwensiýany baryp 1997-nji ýylda tassyk etdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň öz kanunçylygy hem raýatlaryň ýurtdan erkin çykmak we yzyna dolanyp gelmek hukuklaryny kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG