Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson Londonda Eýran meselesiniň ‘boşluklaryny’ maslahat eder


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson Ýewropa ýurtlaryna edýän bir hepdä golaý saparynyň dowamynda, ilkibaşdan 22-nji ýanwarda Londonda Britaniýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşar. Ol soňra Pariže, Warşawa barar, şeýle hem Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçiriljek Bütindünýä ykdysady foruma gatnaşar.

Bir resminiň bildirmegine görä, Tillersonyň Amerikanyň ýaranlary bilen geçirjek duşuşyklarynda, esasy tema Eýran bolar.

Tillersonyň sapary Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmegiň deregine halkara sanksiýalaryny ýatyrmak boýunça, Tähran bilen gelnen ylalaşygyň geljegi hakda ýapyk gapylaryň aňyrsynda çekeleşikli gepleşikleriň barýan mahalyna gabat gelýär.

Döwlet departamentiniň bir resmisi 19-njy ýanwarda žurnalistlere şeýle diýdi: “Bilşiňiz ýaly, biz [ylalaşykdaky] boşluklary doldurmak we indiki çärelerde Eýranyň regiondaky zyýanly täsirini çäklendirmek üçin edýän tagallalarymyzda, aýratyn-da, Britaniýa we Fransiýa bilen sazlaşykly işleşmäge, dogrudan, aşa ähmiýet berýäris. Şol sebäpden men gepleşiklerde ýokary orunda durjak şol bolar diýip pikir edýärin”.

"Betbagtçylykly kemçilikler"

Üstümizdäki aýyň başlarynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp özünden öňki prezident Barak Obamanyň ýolbaşçylygynda 2015-nji ýylda gol çekilen ylalaşykdaky “betbagtçylykly kemçilikleri” düzetmek üçin ýewropaly ýaranlar we Kongress bilen işleşmek isleýändigini aýtdy.

Tramp ylalaşyk dört aýyň içinde berkidilmedik halatynda, Waşingtonyň ondan çekiljekdigini aýdyp duýduryş berdi.

Tähran ylalaşyga, haýsy formada hem bolsa, üýtgetmäniň girizilmegini ret edýär. Geleşige gol çekişen beýleki ýurtlar, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Orsýet bolsa ylalaşygy biragyzdan goldaýarlar.

Eýran özüniň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini aýtsa-da, Birleşen Ştatlar bilen beýleki döwletler ony ýadro ýaraglaryny öndürmäge synanyşmakda aýyplaýarlar.

Döwlet departamenti Tillerson Londonda Amerikanyň geçen hepde açylan täze ilçihanasyna baryp görer diýdi.

Aslynda ilçihananyň açylyş dabarasyna Tramp gatnaşar diýip çak edilipdi. Ýöne prezident beýleki deliller bilen birlikde bu diplomatik missiýa sarp edilen bir milliard dollarlyk çykdaja salgylanyp, bu pikiri ret etdi.

Tillerson şeýle hem Eýran, Siriýa, Liwiýa, Demirgazyk Koreýa we Ukraina barada hyzmatdaşlyk boýunça Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý, milli howpsuzlyk geňeşçisi Mark Sedwil we ýurduň daşary işler minisitri Boris Jonson bilen pikir alşar.

"Durnuksyzlaşdyryjy täsir"

Tillerson 23-nji ýanwarda Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Ywes Le Drian bilen gepleşik geçirmek üçin, Londondan Pariže barar.

Le Drian bir interwiýuda Eýranyň ballistik raketa programmasy we 2015-nji ýylda gelnen ýadro ylalaşygy hakda gürleşmek üçin, özüniň 5-nji martda Tährana sapar etjekdigini bildirdi.

Ol “Le Figaro” gazetine beren interwiýusynda Fransiýanyň “Eýranyň Orta Gündogardaky durnuksyzlaşdyryjy harby täsirleri, onuň Liwandaky Hizbulla we Ýemende Huti [pitneçilerine] berýän maliýe goldawyny gozgamak isleýändigini” aýtdy.

ABŞ-yň döwlet sekretary Parižde bolanyndan soňra Tramp bilen birlikde onuň prezidentlik döwründe geçýän ilkinji ýyllyk ykdysady foruma gatnaşar.

Tillerson 26-njy ýanwarda hem Polşa baryp, howpsuzlyk we ykdysady meseleler boýunça, ýurduň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirer.

Amerikan resmileriniň aýtmagyna görä, Tillerson Amerikanyň Polşadaky ýaragly güýçleri hakda gürleşer. Bu güýçler Polşada Orsýet 2014-njj ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny basyp alanyndan soňra ýerleşdirilipdi.

XS
SM
MD
LG