Saud Arabystany türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçiriji proýektine sermaýa ýatyrýar.
Bu barada geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Maksat Babaýew mälim etdi.
Babaýewiň sözüne görä, bu baradaky ylalaşyk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň maý aýynda Saud Arabystany patyşalygyna eden resmi saparynda gazanyldy.
“Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasy tarapyndan berlen maýa goýumlary daşary ýurtly maýadarlaryň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär” diýip, TDH-nyň habarynda nygtalýar. Emma muňa garamazdan, Saud Arabystanynyň TOPH geçirijisiniň gurluşygy üçin ýatyrýan maýasynyň möçberi, şeýle-de bu ylalaşygyň nähili şertlerde gazanylandygy barada maglumat berilmeýär.
Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda TOPH üçin Saud ösüş gaznasynyň maýa goýum serişdelerini ibermegine çuňňur minnetdarlyk hatyny iberdi diýip, TDH ýazýar.
Ekspertleriň pikirine görä, Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana gaz eltmek planlarynyň öňünde iki çynlakaý mesele dur – olaryň biri proýekt bilen bagly çykdajylaryň 85%-ni öz üstüne alan Aşgabadyň häzirki maliýe kynçylyklary wagtynda 10 milliard dollar töwereginde bahalanýan proýekte serişde tapmak kynçylygy, ikinjisi Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary.
Energiýa meseleleri boýunça bilermen Jon Roberts uzynlygy 1 müň 814 kilometerlik gazgeçrijiniň Türkmenistandan geçýän 200 kilometr böleginiň tas gutarandygyny, emma onuň geçmeli beýleki döwletlerinde turba çekmek işlerine asla girişilmändigine hem ünsi çekýär.
“[Gazgeçirijini çekmek işleri] ne Owganystanda, ne Pakistanda, ne-de Hindistanda başlandy. Elbetde, bu ýagdaýlary gözden düşürmeli däl. Emma bärde bellemeli ýene bir ýagdaý bar: Saud Arabystany onsuz hem Owganystana pul ýatyrýar. Owganystan geçiriji bilen baglylykda tehniki işlerini geçirmek, onuň ugry boýunça desgalary gurmak barada planlarynyň bardygyny aýtdylar. Owganlar muňa çynlakaý çemeleşýän ýaly bolup görünýär. Emma hiç kim Owganystndaky howpsuzlyk ýagdaýlaryndan söz açmaýar” diýip, Roberts belledi.
Bilermen Saud Arabystany bilen TOPH boýunça gelnen ylalaşykda howpsuzlyk ýagdaýlaryň hem göz öňünde tutulan bolmagynyň mümkindigini çaklaýar: “Mende bu barada maglumatym ýok. Ýöne, belki-de, Saud Arabystany bilen [TOPH boýunça] gelnen ylalaşykda beýleki ähli taraplar hem göz öňünde tutulandyr. Bu diňe bir çaklama. Emma meniň pikirimçe, bu gazgeçirijä ‘Talybanyň’ zyýan ýetirip bilmezligi üçin ýeke-täk çykalgadyr”.
Belläp geçsek, türkmen häkimiýetleri ilki başda gazyň TOPH gazgeçirijisinden 2019-njy ýylyň aýagynda akdyrylyp başlajakdygyny yglan etseler-de, bu möhlet soňy bilen 2020-nji ýyla çenli yza süýşürildi.
Şol bir wagtda, Jon Roberts bu proýektiň kesgitlenen möhletde amala aşjakdygyna şübheli garaýandygyny, has dogrusy, soragyň “TOPH”-uň düýbünden amala aşyp-aşmazlygy dogrusynda goýulmalydygyny hem sözüne goşdy.
Dünýäde tebigy gaz baýlygy boýunça ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan häzirki wagtda öz tebigy gazyny diňe Hytaýa satýar.