Media maglumatlarynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň dünýäniň güýçli döwletleri bilen Eýranyň arasynda 2015-nji ýylda gol çekilen ýadro ylalaşygynyň çäklerinde, Eýrana bagyş edilen sanksiýa ýeňilliklerini dowam etdirmegi kararlaşdyrandygy, onuň häzirlikçe ylalaşyga el degirmeýändigi habar berilýär.
11-nji ýanwarda Trampyň alan kararyndan habarly çeşmelere salgylanyp Reuters, The New York Times we Bloomberg Ak tamyň agzalýan karary 12-nji ýanwarda mälim etmegine garaşylýandygyny habar berdiler.
Media maglumatlarynda aýdylmagyna görä, Tramp ýadro ylalaşygynyň talaplaryna laýyklykda, Eýranyň öz ýadro hereketlerini togtatmagyna jogap hökmünde ABŞ-nyň öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý edip, Eýranyň merkezi bankyna we nebit pudagyna girizilen sanksiýa ýeňilliklerini saklap galmak boýunça karara gelipdir, ýöne şonuň bilen bir hatarda ol Eýrana garşy täze, belli bir maksada gönükdirilen sanksiýalary girizmegi kararlaşdyrypdyr.
The New York Times Trampyň ABŞ-nyň Kongresine we ýewropaly ýaranlara ýa ylalaşygy öz islegine laýyklykda kämilleşdirmekleri üçin wagt bermeginiň mümkindigini, ýogsa-da ABŞ-y ylalaşykdan çekmeginiň ahmaldygyny habar berdi.
Administrasiýanyň resmileri Trampyň ABŞ-y ylalaşyga ygrarly saklap galmakda göwünsizdigini aýdýarlar. Tramp ylalaşyga ýiti garşy çykyp, ony tankytlap gelýär. Ýöne prezidentiň köp sanly ýokary derejeli geňeşçileri, şeýle-de ýewropaly ýaranlar ony ylalaşykdan çekilmezlige çagyrýarlar.
11-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini ähli taraplary ylalaşyga ygrarlylylygy saklamaga çagyrdy.
Brýusselde Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen Fransiýanyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň yzýany çykyş eden Mogerini ýadro ylalaşygyň Eýranyň ýadro ýaraglaryny ösdürmeginiň öňüni alyp, “ylalaşygyň esasy maksadyna eýerýändigini” aýtdy.
“Ýewropa Bileleşigi ylalaşygyň doly we täsirli berjaý edilmegini goldamaga ygrarly galýar. Şeýle-de, ÝB ýadro bilen bagly girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň Eýran bilen söwda we ykdysadyýet ugurlary boýunça gatnaşyklara pozitiw goşant goşmagyny we Eýran halkynyň mundan peýda görmegini gazanmak isleýär” diýip, Mogerini belledi.
Brýusselde geçirilen duşuşykdan soň çykyş eden Fransiýanyň daşary işler ministri Iw Le Drian (Yves Le Drian) “ähli taraplaryň ylalaşyga uýmagy zerur bolup durýar” diýdi. Ol Birleşen Ştatlary ylalaşyga eýermäge çagyrdy we “ondan çekilmek üçin üýtgeşik sebäp ýok” diýdi.
Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Jonson “şu wagta çenli hiç kim Eýranyň harby ýadro ukyply ýarag edinmeginiň öňüni almak üçin, has amatly alternatiwa hödürlemedi” diýdi.
Belli bir maksada gönükdirilen sanksiýalar
Tramp 11-nji ýanwarda howpsuzlyk boýunça geňeşçileri bilen Ak tamda geçiren ýygnagyndan soňra, häzirlikçe ol ýadro ylalaşygyndan çekilmezlik boýunça karar kabul etdi.
The New York Timesyň habar bermegine görä Tramp Eýranda şu aý hökümete garşy protestçileriň tutda-baslygyna gatnaşan hökümet resmilerine we ýurtda adam hukuklaryny kemsidýänlere gönükdirilen täze sanksiýalary girizer.
Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel Waşingtonyň Eýranyň Ýakyn Gündogardaky strategiýasy barada aladalanmalaryny beýan etmäge hakynyň bardygyny aýtdy.
Gabriel Tramp administrasiýanyň ýadro ylalaşygyna Eýranyň ballistik raketa programmalaryndan we onuň Siriýadaky rolundan aýrybaşga mesele hökmünde garamalydygyna ünsi çekdi we Eýranyň Ýakyn Gündogarda “kyn” rolunyň bardygyny aýtdy.
11-nji ýanwarda Brýusselde geçirilen duşuşykda ýewropaly döwletler Eýranyň daşary işler ministrine özleriniň ylalaşyga ygrarly galýandyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson, goranmak sekretary Jeýms Mattis we milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi MakMaster Trampy Tährana garşy sanksiýalary gowşadýan karara ygrarlylyk resminamasyna gol çekmäge çagyrypdyrlar.
Galyberse-de, Eýran eger-de ABŞ ylalaşykdan çekilse, özleriniň-de ondan çekiljekdigini duýdurdy.