Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki migrantlaryň Türkmenistandaky çagalarynyň problemalary


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýe Türkmenistanyň garaşsyzlyk alandan bäri başdan geçirýän iň agyr ykdysady krizisiniň fonunda eklenç üçin gidilýän esasy ýurtlaryň başyny çekýändigini bilermenler belleýärler. Şol wagtyň özünde Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlarynyň aglaba köpçüligini aýallaryň emele getirýändigi aýdylýar. Bu sebäpden Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlarynyň çagasy Türkmenistanda ejesiz, ýene belli bir bölegi hem ene-atasyz ýaşamaly bolýar.

Türkiýede işläp ýören bir türkmen zähmet migranty Türkmenistandaky adamsynyň çagalaryny yzygiderli urup-ýençýändigini öňe sürýär.

"Men Türkmenistanyň Mary welaýatyndan. Obada kakasyna goýup gaýdan üç çagam bar. Çagalarymdan iň ulusy 10 ýaşynda, ortanjy 7, iň kiçisi bolsa 4 ýaşynda. Çagalarymyň kakasynyň içip, soň hem bolar-bolgusyz bahanalar tapyp, yzygiderli ýagdaýda urup-ýençmegi meniň ýüregimi paralaýar. Eklenç kynçylygy bolmasa, çagalarymdan aýra düşüp, näme üçin ýat ýurtda iliň hyzmatyny edeýin? Meniň bärde maşgalamy gowy ýaşatmak üçin çekýän jebir-jepamyň taňyrýalkasynymy kakasynyň çagalaryny urmagy? Çagalarym gaty kemsinýärler we okuwyny hem gowy okap bilmeýärler. Dogan-garyndaşyň töwellasy hem täsir etmeýär. Kime arzymy aýtjagymy bilmän, iň azyndan radiony diňläp, belki, çagalarymyň kakasy il-güniň öňünde utanar diýen umyt bilen Azatlyk Radiosyna ýüz tutdum. Men özüm ýaly Türkiýedäki migrantlaryň Türkmenistanda galan çagalarynyň ejir çekýändigini köp eşidipdim. Ýöne öz başyma geler öýtmändim. Suw ýalyjak çaga nädip dözüp urýarka? Men yzyma oba gaýtsam çagalarymyň güzeran ýagdaýy çykgynsyz ýagdaýa düşjek" diýip, ol zähmet migranty aýdýar.

Stambulda maşgalasy bilen ýaşap hem işläp ýören türkmen migrantlaryndan Arslan şuňa meňzeş wakalara şaýat bolandygyny, ýöne golaýda bir türkmen migrant zenanyň öz adamsynyň "gabanjaňlyk sebäpli" çagalaryny urup azar berýändigini aýdýar.

"Türkmenistanyň Baýramaly etrabynyň 7-nji sowhozyndan bolan, häzirki wagtda Stambulda işleýän bir zähmet migrant zenanyň adamsy öz çagalaryna "Ejeňiziň türkde näme edip ýöreni belli däl. Indi ol bize telefonda jaň hem edenok. Men sizi öldürip, dynaýmasam boljak däl" diýen ýaly ýakymsyz sözler aýdyp, olary urup-ýenjip gaty azar berýär. Onuň adamsy mundan owal Stambula işlemäge gelipdi we başaryp bilmän yzyna dolanyp, soň deregine Türkiýä aýalyny işlemäge iberipdi. Aýaly hem ýaňy-ýakynda geleni sebäpli, derrew iş tapyp bilmän, biraz kösenmeli boldy. Stambuldaky iş ýagdaýyny özi hem gowy bilýän adamsy, muňa garamazdan, gabanjaňlyk edip, bigünä çagalaryny urup-ýenjip, soň olaryň urlan suratlaryny aýalyna iberip, "Çagalaryňy öldürjek" diýen görnüşde haýbat atýar. Häzir migrant zenanyň Türkmenistandaky hossarlary hökümetden kömek soramaga taýýarlanýarlar we çäre tapylmasa çagalaryny döwlete tabşyrmaga hem razydygyny nygtaýarlar" diýip, Arslan wakany gürrüň berýär.

Sözi jemläp aýtsak, Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki metbugatynda daşary ýurtlardaky türkmen migrantlary we olaryň ýurtda galan çagalarynyň ykballary barasynda söz açylmaýar. Bu ugurda degişli türkmen resmilerden nähilidir kommentariýa almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG